Türkmenistan ösen tehnologiýalar bilen bagly maglumat merkezlerini döretmek boýunça daşary ýurt kompaniýalary bilen gepleşik geçirýärkä, ýurduň energiýa pudagyndaky ýagdaýdan gönüden-göni habarly bilermenler ýurtdaky şertler esasynda mümkinçiliklere baha berýärler. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan energetika boýunça bilermen energiýa resurslaryna baý we önümçilik kuwwatyny barha artdyrýan Türkmenistanyň energiýany köp sarp ediji ýokary tehnologiýalaryň geljegi üçin uly potensially ýurt bolup görünýändigini, emma ençeme obýektiw çäklendirmeleriň bardygyny aýdýar.
Türkmenistan ýokary öndürijilikli hasaplamalar üçin maglumat merkezlerini (data merkezlerini) döretmek boýunça halkara kompaniýalar bilen deslapky gepleşikleri geçirýär we munuň üçin öz giňişliginde mümkinçilikleriň bardygyny öňe sürýär. "Türkmennebit" döwlet konserniniň habaryna görä, ýurduň energetika ministriniň orunbasary Serdar Saparow bu barada ýaňy-ýakynda habar beripdir.
Türkmen resmisiniň 3-5-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen "CIET-2026" halkara maslahatynda aýtmagyna görä, şeýle taslamalaryň durmuşa geçirilmegi artykmaç öndürilen elektrik energiýasyny netijeli ulanmaga, maýa goýumlary çekmäge we ýurduň ýokary tehnologiýaly infrastrukturasyny ösdürmäge mümkinçilik berer. Resmi habara görä, Türkmenistanda 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri ýurtda "Wirtual serişdeler hakynda" kanun hem hereket edýär.
Degişli maglumat
Türkmenistan maglumat merkezleri boýunça daşary ýurt kompaniýalary bilen gepleşik geçirýärBilermenler ýokary öndürijilikli hasaplamalar üçin maglumat merkezleriniň döredilmegi üçin başlangyç çykdajylaryň ýokary bolmagy, ýokary öndürijilikli serwerler üçin ýöriteleşdirilen sowadyjy ulgamlarynyň zerurlygy, ätiýaçlyk energiýanyň we daşary ýurt enjamlarynyň talap edilmegi we olary import etmegiň, hem saklamagyň gymmatlygy ýaly meselelere ünsi çekýärler.
Türkmen hökümetiniň mälim eden soňky planlary ýurt içindäki pudak bilermenleriniň arasynda hem seresaply garaýyşlary döretdi.
"Häzirki zaman ýokary tehnologiýaly senagatlaryň tutuş toplumlaýyn ösüşine täsir edýän birnäçe obýektiw çäklendiriji faktorlar bar" diýip Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanly bilermenleriň biri anonimlik şertinde aýtdy.
Ýurduň energiýa pudagynyň ýagdaýyndan gönüden-göni habarly bilermeniň sözlerine görä, Türkmenistanda IT pudagynyň ösdürilmegine, esasanam onuň häzirki wagtda dünýä derejesindäki görnüşine we ösüş basgançagyna laýyk bolmagyna päsgelçilik berýän şertler ýurduň tebigaty, energiýa we sanly ulgamy infrastrukturasynyň häzirki ýagdaýy we ony dolandyrýan kadrlar ýetmezçiligi bilen bagly.
"Has takygy, Türkmenistanda şeýle pudagy döretmek bilen baglanyşykly töwekgelçilikler barada aýtmaly. Birinji töwekgelçilik – ýylyň köp böleginde dowam edýän ýokary howa temperaturasy. Bu ýagdaý sowadyş ulgamlarynyň zerurlygy sebäpli IT infrastrukturasynyň, hususan-da maglumat merkezlerini (data-merkezlerini) işletmek üçin çykdajylary ep-esli artdyrar. Sowatmak üçin köp mukdarda suw talap etmeýän tehnologiýalar bar bolsa-da, olar maglumat merkezlerini dolandyrmagyň umumy çykdajylaryny şeýle bir köpeldýär welin, netijede bu taslamalar ykdysady taýdan bähbitsiz bolýar. Ikinji faktor – elektrik torlarynyň könelip, zaýalanan ýagdaýda bolmagydyr, IT infrastrukturasyny ösdürmek ägirt uly maýa goýumlary talap eder".
Tok önümçiliginiň kuwwaty, suw we seýsmiki şertler
Adaty maglumat merkezleri serwerlerini sowatmak üçin köp mukdarda suw talap edýär. Türkmenistanyň gurak howasynda we yssy ýaz paslynda suwy köp ulanýan sowadyş ulgamynyň işledilmegi ýurtda suw ýetmezçiligini güýçlendirmek howpuny döredýär. Şeýlelikde, bu suwa bagly bolmadyk, şol sanda howa arkaly sowadýan ulgamlara maýa goýulmagyna zerurlyk döredýär.
Energetika ministriniň orunbasary Serdar Saparow Türkmenistanda maglumat merkezlerini döretmek boýunça halkara kompaniýalar bilen deslapky gepleşikleriň geçirilýändigini mälim edende: "Ministrligiň garamagynda umumy gurnalan kuwwaty 6500 megawatdan gowrak bolan 11 elektrik stansiýasy bar" diýdi we munuň ýurduň içerki zerurlyklaryny doly üpjün etmäge we eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge şert döredýändigini aýtdy. Ol täze taslamalaryň ýurtda öndürilýän elektrik energiýasynyň artykmaç bölegini netijeli peýdalanmaga we maýa goýumlaryny çekmäge mümkinçilik berjegini hem belledi.
Türkmenistan sebit ýurtlarynyň aglabasyna elektrik energiýasyny satýar we elektrik energiýasyny öndürýän desgalarynyň kuwwatyny ýene-de artdyrmak planlaryny yglan edýär, emma ýurduň içerki üpjünçiliginde uzaga çeken bökdençlikler saklanyp galýar. Ilatly ýerleriň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi ýyllarboýy yzly-yzyna kesilip durýar.
Şeýle-de Saparow, gaýtadan dikeldilýän energetika pudagynda Aziýa ösüş bankynyň goldawy bilen Türkmenistanyň ýel energiýasy serişdelerini toplumlaýyn öwrenmek boýunça barlaglaryň dowam etdirilýändigini, olaryň netijeleriniň ýel elektrik stansiýalaryny gurmak üçin geljegi uly meýdançalary kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigini belledi.
Türkmenistanyň energiýa pudagyndaky ýagdaýdan gönüden-göni habarly bilermeniň Azatlyga aýtmagyna görä, ýurtda maglumat merkezlerini döretmek boýunça päsgelçilikleriň ýene biri Türkmenistanyň seýsmiki şertleri bilen bagly:
"Başga bir faktor bolsa seýsmiki töwekgelçilikdir. Türkmenistanda maglumat merkezlerini ýerleşdirmek üçin amatly şertleri bolan ýagdaýynda-da, ýagny aýdaly suw we elektrik energiýasy elýeterli bolsa, şeýle-de hünärli işgärleri ýerleşdirmäge mümkinçiligi bolsa, ýurduň ähli sebitleri seýsmiki taýdan işjeň zolaklarda ýerleşýär. Bu bolsa tutuş infrastruktura toplumy üçin töwekgelçilikleri ep-esli ýokarlandyrýar".
Internet trafigi we onuň elýeterliligi
Türkmenistanda internetiň güýjüne we tizligine degişli mesele, onuň petiklenmegi bilermeniň päsgelçilik hökmünde agzan problemalarynyň ýene biridir.
"Türkmenistanyň internet trafigini dünýäniň esasy internet merkezleri bilen birikdirmegiň zerurdygyny bellemek gerek, bu bolsa ýokary tizlikleri we giň geçirijilik ukybyny talap edýär. Häzirki wagtda bar bolan tehniki mümkinçilikler doly ulanylmaýar, emma olaryň kuwwaty Türkmenistanyň internet infrastrukturasynyň örän köne ýagdaýda bolmagy sebäpli çäklendirilýär, häzirki wagtda bar bolan kabeller öz kuwwatynyň diňe 20–30 göterimi möçberinde ulanylýar. Eger agzalan ösüşler durmuşa geçiriljek bolsa, häzirki mümkinçilikler ýeterlik bolmaz".
Degişli maglumat
Türkmenistanda emeli aň meşhurlygynyň arasynda ChatGPT ulanýan ýaşlara gözegçilik edilýärInternet elýeterliligi halkara maglumat merkezleri üçin esasy zerurlyklaryň arasynda agzalýar, olar dünýäniň galan bölegi bilen örän çalt, süýümli-optik baglanyşyklara mätäçdir.
Şeýlelikde, bilermenleriň bellemegine görä, Türkmenistandaky internet aragatnaşygynyň çäkli geçirijilik ukyby we berk gözegçilikde saklanmagy iri global tehnologiýa kompaniýalarynyň ol ýerde wagta duýgur hyzmatlary ýerleşdirmegine päsgel berip biler.
IT pudagy üçin hünärmen kemçiligi
Türkmenistanly bilermeniň uly mesele hökmünde bellän ýene bir problemasy sanly ulgamy üçin taýýarlykly we bilimli işgärleriň ýetmezçiligi.
"Bu ýetmezçilik ähli derejelerde — ýokary taýýarlykly hünärmenlerden başlap, ökde işçilere we programmistlere çenli duýulýar" diýip, bilermen iň zehinli programmistleriň interneti gözegçilikde saklamak we häkimiýetleriň "şübheli"diýip hasaplan adamlaryň "elektron poçtasyny döwmek" ýaly işler üçin aňtaw gulluklarynda işledilýändigini belledi.
"Şahsyýet kultuna esaslanýan döwlet ideologiýasy we onuň netijeleri bilim ulgamynyň, şol sanda IT pudagynyň ösüşine päsgel berýär. Milli, döwlet we jemgyýetçilik derejesindäki hünär seljermesi ulgamy ýok edildi. Islendik diskussiýa, hatda degişli ministrligiň içinde, gapylaryň aňyrsynda geçirilende-de, diňe iň ýokary derejede eýýäm kabul edilen kararlaryň çäginde amala aşyrylýar. Mundan başga-da, döwlet derejesindäki kararlaryň köpüsi ideologiýa esaslanýar, bu bolsa, meýilleşdirilýän islendik taslama ýa-da täze desga boýunça amala aşyryş mümkinçiliklerini seljermäge, taslamany dürli synaglardan geçirmäge ýa-da onuň uzak möhletleýin işlediş çykdajylaryny çaklamaga mümkinçilik bermeýär" diýip, belermen aýtdy.
Bilermen Türkmenistanyň öz giňişliginde ýokary öndürijilikli hasaplamalar üçin maglumat merkezlerini döretmek ideýasynyň gelip çykyşy barada pikir paýlaşyp, türkmen häkimiýetleriniň takyk planalarynyň entek mälim edilmändigini we onuň gepleşikleri haýsy anyk kompaniýalar bilen geçirmeginiň belli däldigini belledi. Ol bu ýagdaýda meseläniň ýokary derejede agzalmagy öz-özüni mahabatlandyrmakdan başga zat däl diýdi.
Degişli maglumat
Türkmenistan sanly ulgamlary ösdürmekde "BlackSparc" IT kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk eder"Hawa, bularyň hemmesi diňe bir PR kampaniýasy, başga hiç zat däl. Saparowyň we beýlekileriň bu beýanatlarynyň esasy maksady — Türkmenistanyň ýokary tehnologiýalar bäsleşigine goşulmak üçin mümkinçiligiň we isleginiň bardygyny görkezmekdir" diýip, Türkmenistanyň energiýa pudagyndaky ýagdaýdan gönüden-göni habarly bilermen Azatlyga aýtdy.
Geçen aýda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy emeli aň we sanly infrastruktura boýunça hyzmatdaşlygy ABŞ bilen ara alyp maslahatlaşdylar. Bu mesele sebit ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio bilen 19-njy oktýabrda Samarkantda geçiren "C5+1" duşuşygynda gozgaldy.
Mundan öň Türkmenistanyň energetika ministri Annageldi Saparow daşary ýurt kompaniýalary bilen maglumat merkezleri barada gepleşik geçirilýändigini maý aýynda aýdypdy we şeýle merkezleriň ýokary öndürijilikli hasaplamalar we kriptowalýuta taslamalary üçin ulanylyp bilinjekdigini belläpdi.
Mart aýynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi Ýaponiýanyň "Muroosystems Corporation" kompaniýasy bilen maglumat merkezlerini gurmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça özara düşünişmek hakyndaky memoranduma gol çekilendigini habar berdi. Emma Serdar Saparowyň şu aýyň başynda eden çykyşy bilen bagly resmi habarlarda ýapon kompaniýanyň ady agzalmady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.