Soňky habar

Türkmenistan

Okuwçy gyzlar. Türkmenistan (arhiw suraty)
Okuwçy gyzlar. Türkmenistan (arhiw suraty)

Türkmenistanda mekdep okuwçylaryna jynsy gatnaşykdan saklanmak barada wagyz-nesihat bermek boýunça çäreler ýene-de geçirilýär. Azatlygyň çeşmeleri şeýle sapaklaryň şu günler Tejeniň orta mekdeplerinde geçirilişi barada habar berdiler.

Sebitiň orta mekdeplerinde gurnalan "ahlak" ýygnaklarynyň biri 11-nji orta mekdepde geçirilipdir. Oňa okuwçy gyzlar çagyrylypdyr. Alyp baryjylar - güýç edaralaryň işgärleri, häkimiýet wekili we ýaşululary öz içine alýan jemgyýetçilik agzalarynyň topary.

"Mekdebiň ýokary synp okuwçy gyzlaryny dabara geçirilýän uly zalynda ýygnadylar. Iki sany il ýaşulusy, iki aýal maşgala we bir raýat geýimli erkek adam, bir harby geýimli ofiser bolup, gyzlara ilki bilen 'söýüşmek we hojalygyňyzy terk edip gaçyp gitmek aýyp' diýip wagyz etdiler we bu "türkmençilige sygmajak zat" diýip yglan etdiler" diýip, bu ýagdaýdan gönüden-göni habarly çeşme aýtdy.

Çeşme okuwçy gyzlar üçin geçirilen bu ýygnakda ýerli gyzlaryň golaýdaky harby bölümlerde gulluk edýän esgerler bilen jynsy gatnaşyga girmegi, gaçyp gitmegi, hatda janyna kast etmegi ýaly ýagdaýlar barada gürrüň berlendigini aýtdy.

"Ynha 1-nji orta mekdebiň gyzlary harby bölümlerde gulluk edýän esgerler bilen söýşüp, soň olar harby gullugy tamamlap öýüne gidenlerinde 'gyzlar gaçaly, aramyzda çyn söýgi bar' diýen sözlerine ynanyp, ata-enesiniň ýüzini garalap, gaçyp gitdiler' diýip gürrüň berildi" diýip, çeşme ýygnakda aýdylanlary beýan etdi.

Onuň sözlerine görä, ýygnakda çykyş edenler gyzlary seresap bolmaga ündäp, käbir pajygaly ýagdaýlaryň hem bolandygyny aýdypdyr.

"Käte harby gullugy tamamlap, öýüne gidýän esgerler, sizden habar hem almaýarlar. Olaryň şeýdip gidendigi üçin gyzlaryň arasynda öz janyna kast etmekçi bolýanlar hem bar, ana hassahanalara barsaňyz bilersiňiz" diýip, çeşme çykyş edenleriň birini sitirläp, gürrüň berdi.

Azatly Radiosy agzalan ýagdaýlar barada 1-nji we 11-nji mekdepleriň wekillerinden resmi görnüşde teswir alyp bilmedi. Ahal welaýatynda ýerleşýän Tejen etrabynyň bilim resmileri we etrap häkimligi bilen habarlaşmak üçin eden synanyşygymyz hem oňyn netije bermedi.

Sebitiň bilim edaralarynda işleýän çeşmeleriň Azatlyga anonimlik şertinde aýtmagyna görä, okuwçy gyzlaryň göwreli bolmagy bilen bagly ýagdaýlar hem köp duş gelýär we şeýle hadysalar hem ýygnak geçirilmegine sebäp bolýar. "Okuwçy gyzlaryň arasynda öz synpdaşlary bilen jynsy gatnaşyk saklaýanlaryň bardygyny bilýäris" diýip, çeşmeleriň biri belledi.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli atlarynyň agzalmagyny islemedik çeşmeleriň sebitde bolan ýagdaýlar barada beren gürrüňlerine görä, öýünden gaçyp giden gyzlaryň arasynda baran maşgalasynda kabul edilmän, öýlerine hem dolanyp bilmän agyr ýagdaýa düşýänler bar. Okuwyny tamamlamadyk we kämillik ýaşyna ýetmedik şeýle ýaşlar öýsüz we goragsyz galýarlar, olaryň arasynda ten söwdasyna baş goşýanlar hem bolýar.

Mekdeplerde okuwçylar üçin geçirilýän şeýle ýygnaklary ýaşlaryň özleri "peýdasyz" we "hökümetiň propagandasy" diýip, atlandyrýarlar.

"Ýygnaklara gatnaşýan il ýaşululary mundan öň hem mekdebe gelipdi, emma öňki gezek olar bag-agaç ekmek barada wagyz edip, maddy goşant goşmaga çagyrypdy" diýip, ahally okuwçy aýtdy.

Mekdep okuwçylarynyň ahlak terbiýesine degişli ýygnaklar ýurtda ýygy-ýygydan geçirilýär, emma olarda esasan ýaşlaryň jynsy gatnaşykdan saklanmagy talap edilýär, emma jynsy gatnaşyga degişli bilim we maglumat bermek ýaly zerur çäreler göz öňünde tutulmaýar.

Ahlak terbiýesi diýlip atlandyrylýan şeýle çärelerde esasy üns gyzlara gönükdirilýär. Okuwçy gyzlar ginekologiýa barlagyndan geçmek mejburlygyna hem sezewar edilýär.

Şeýle çäreler häkimiýetleriň ýaşlaryň durmuşyndaky problemalardan habarlydygyny gytaklaýyn görkezýär, emma bu agzalan problemalar media maglumatlarynda we resmileriň çykyşlarynda açyk gozgalmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Türkmenistanyň jemgyýetçilik awtobusynda mobil telefonuna seredip barýan ýolagçy (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)
Türkmenistanyň jemgyýetçilik awtobusynda mobil telefonuna seredip barýan ýolagçy (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Mary welaýatynda zorlugyň derňelmegini talap eden Jeren Altyýewanyň ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigi baradaky maglumat, şu günler köp türkmenistanlynyň arasynda ara alnyp maslahatlaşylýan esasy temalaryň birine öwrüldi.

Ýaşaýjylaryň, ýerli synçylaryň, intelligensiýa wekilleriniň ençemesi “häkimiýetleriň alyp barýan repressiw hereketlerine ilat arasynda aç-açan nägilelikleriň we göz ýummazlyk pikir alyşmalarynyň artandygyny, bularyň indi ymykly syýasy nägilelige öwrülmegiň bosagasyna ýetip barýandygyny” aýdýar.

“Halk sosial ulgamlarda şikaýat etse ýa-da arzyny ýetirmek islese, adaty medeniýet bilen sorasa, prezident we maşgala agzalaryna paýyş söz bilen ýüzlenmese, döwlet ýolbaşçylary diňläýmeli. Halkyň ynanyp, arzlaryny öz prezidentine aýtmagy gowy zat. Adamlaryň arzlaryny, şikaýatlaryny, kynçylyklaryny, ýerlerde çözülmeýän meselelerini ýurt ýolbaşçylary, prezident diňlemejek bolsa, onda kim diňlemeli, kime eşitdirmeli?!” diýip, türkmenistanlylaryň biri anonimlik şertinde aýdýar.

Bellesek, Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň ýaşaýjysy Jeren Altyýewa kezzapçylyk aýyplamasy boýunça ýedi ýyl azatlykdan mahrum edildi diýip, garaşsyz turkmen.news neşiri 13-nji noýabrda habar berdi. Altyýewa öňki adamsyny özüne we kämillik ýaşyna ýetmedik gyzyna garşy jynsy zorluk etmekde aýyplapdy. Ol häkimiýetlere eden ýüz tutmalarynyň netije bermändigini aýdyp, bu barada sosial mediada birnäçe gezek çykyş edipdi. Hukuk goraýjylar Altyýewanyň şol çykyşlary sebäpli yzarlanan bolmagyndan alada bildirýärler.

Söhbetdeşlerimiz ýurtda TikTok, Instagram, IMO, Telegram ýaly sosial ulgamlarda ýa-da Azatlyk Radiosynda prezidente arzyňy, ýüzlenmäňi medeniýetli ýetirmek mümkinçiliginiň ýokdugyny, bu platformalarda çykyş edenleriň “watan dönügi” hasaplanýandygyna ünsi çekýärler.

“Syýasy nägilelige öwrülmegiň bosagasyna ýetip barýar”

Şeýle-de, olar adamlaryň ýerli häkimiýetlerde adalat tapyp bilmän, sosial ulgamlarda çykyş edýändigini belläp, “enäniň talabyna berk syýasy repressiýa bilen jogap berilmegi hem ýurtda kanunçylygyň işlemeýändiginiň nobatdaky subutnamasy” diýýärler.

“Onuň [Altyýewanyň] ykbaly ýurtda häkimiýetlere ynanyp bolmajakdygynyň, kanunçylygyň işlemeýändiginiň ýene bir alamaty. Ýöne adamlar özarasynda ‘indi her kimiň sabyr käsesi dolup barýar, bu ýagdaý ymykly syýasy potologa urup, syýasy nägilelige öwrülmegiň bosagasyna ýetip barýar diýýärler” diýip, balkanly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Soňky ýyllarda, hususan-da, soňky aýlarda Türkmenistanda sosial ulgamlarda raýatlaryň öz duçar bolýan kynçylyklary, şol sanda döwlet tarapyndan berk gadagan edilen diýilýän meseleler boýunça öz arz-şikaýatlaryny we nägileliklerini aç-açan aýtmagy bilen bagly wakalar göz-görtele köpeldi. Muňa sosial ulgamlarda ýaýraýan wideolar şaýatlyk edýär.

Ýaşaýjylaryň, ýerli synçylaryň, intelligensiýa wekilleriniň ençemesi raýat işjeňliginiň diňe sosial ulgamlarda däl, eýsem ilat arasyndaky janly gürrüňlerde hem göz-görtele artandygyny aýdýar.

“Bu meseleleriň arasynda ‘mejbury pagta ýygymy’, ‘mejbury abuna, pul ýygnamak’, ‘mejbury döwlet çäreleri’, ‘ýurtda bar bolan ykdysady we sosial kynçylyklar hakynda dymmak’, ‘internet we maglumat ýapyklygy’, ‘wiza we hereket azatlygy’ ýaly mowzuklar bar. Soňky aýlarda bu meseleleriň ählisi diýen ýaly ilatyň agzyndan düşmeýär, adamlar aç-açan indi Serdar Berdimuhamedowy kakasynyň täsirinden çykyp, durmuş reallyklaryny boýun almaga çagyrýarlar” diýip, ýagdaýlara syn edýän ýerli synçy anonimlik şertinde aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu çykyşlarda raýatlaryň arasynda raýdaşlyk we birek-biregiň kynçylyklaryna aç-açan duýgudaşlyk bildirmegi, adamlaryň öz kynçylyklaryny dile getirmäge bolan hukugynyň elinden alynmagyny we häkimiýetleriň olary sem etdirmek syýasatyny ýazgarmagy hem göz-görtele artyp başlady.

“Olar munuň ahyrsoňy syýasy reňke geçmeginden aladalanýar”

“Häkimiýetler raýat işjeňliginiň, adamlaryň hak-hukuk talaplarynyň, bu baradaky diskussiýalaryň artmagyny syýasy howp görýär. Olar munuň ahyrsoňy syýasy reňke geçmeginden alada edýärler. Mundan häkimiýetleriň gaty gorkýandygyny diňe we diňe jynsy zorlugyň derňelmegini talap eden zenanyň, enäniň, Jeren Altyýewanyň türmä basylmagynda hem görmek bolýar” diýip, synçy pikirini paýlaşdy.

Türkmenistany dünýäniň iň ýapyk we iň awtoritar režimleriniň biri dolandyrýar. Türkmen hökümeti adam hukuklaryny depelemekde, söz-metbugat azatlygyny bogmakda we beýleki esasy azatlyklary berk çäklendirmekde tankyt edilýär.

Bu aralykda, Türkmenistanyň raýatlary indi ençeme ýyl bäri barha ýitileşen agyr durmuş-ykdysady problemalardan, şol sanda giň ýaýran işsizlikde, azyk gymmatçylygyndan, işleýän adamlaryň azlyk gazançlarynyň pes bolmagyndan ejir çekýär.

Munuň bilen bir wagtda, ýurtda häkimiýetlere arz-şikaýatlar bilen ýüzlenýän, ýerli häkimlikleriň öňüne üýşýän ýa-da welaýatlardan paýtagta, prezident köşgüne gelýänler köpelýär.

Bu aralykda, häkimiýetler ilatyň arz-şikaýatlaryny diňlemegiň deregine, olary bu mümkinçilikden hem mahrum edip, “sem etmäge” çalyşýan ýaly bolup görünýär.

Geçen aýyň ahyrynda Aşgabatda prezidentiň we döwlet edaralarynyň adyna elde ýazylan hatlary we arzalary kompýuterde çap edip bermek hyzmatyny hödürleýän merkezler ilatyň ýüzlenmeleri çap edip bermegi bes etdiler. Merkezleriň resmileri munuň sebäbini özlerine ilatyň ýazýan arzalaryny we hatlaryny çapdan çykaryp bermezlik barada Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) işgärleri tarapyndan ýörite görkezmäniň berlendigi bilen düşündirdiler.

Türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri bu ýagdaýlar barada aç-açan gürrüň gozgap, maglumat bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene-de ýükle

​
XS
SM
MD
LG