Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Daşoguzda çilim nobatlarynda duran adamlar ýerli polisiýa wekilleri tarapyndan soraga çekilip başlandylar.
Türkmen häkimiýetleri 13-nji ýanwarda türmede ýogalan general Tirkiş Tyrmyýewiň maşgalasyna onuň ölümi hakynda maglumaty ýaýratmakda aýyplap, basyş görkezýärler.
ABŞ-nyň wise prezidenti wezipesinde eden soňky möhüm çykyşynda Joe Biden Russiýanyň “halkara liberal ýagdaýyna” uly howp abandyrýandygyny, şeýle-de Moskwanyň Günbatar ýurtlaryndaky boljak saýlawlara hem goşulmagyna garaşybermelidigini aýtdy.
Ýakyn wagtda Täjigistanda köpsanly ruhany nika dabarasyny alyp barmakdan mahrum ediler, bu ygtyýar diňe metjitleriň resmi ymamlaryna berler.
Daşogzuň býujet işgärleri adaty telefon liniýa arkaly ýaýradylýan IPtv hyzmatyny öýlerine çekmäge mejbur edilýärler.
Geçen hepdäniň aýagynda Türkmenistanyň prezidenti birnäçe ministri wezipesinden boşatdy. Sebäp hökmünde olaryň döwrüň talaplaryna laýyk gelmeýändigi aýdyldy.
Merkezi Aziýa boýunça synçy Arkadiý Dubnow “10 ýyl Türkmenbaşysyz. Türkmenistanda diktatorsyz ýyllarda näme özgerdi” sözbaşyly uly göwrümli makalasynda, Türkmenistanyň soňky on ýylyň dowamyndaky ýagdaýyna syn berýär.
Türkmenistanyň 2016-njy ýyl boýunça iň gowy etraby hökmünde Lebap welaýatynyň Farap etraby saýlandy.
Reinada 39 adamy atyp öldürendigi çaklanýanyň bolýan ýerini anyklan türk howpsuzlyk güýçleri, 3 günläp operasiýa taýýarlyk görýär.
Türkmenistanyň dürli sebitlerinde towuklaryň çommaltma, gara mallaryň hem sibir başy wirusyndan köpçülikleýin ýagdaýda harap bolýandygy baradaky barha köpelýän maglumatlaryň fonunda, ýurduň merkezi şäherlerinde arzan elin towuk eti köpelip başlandy.
Kansler Angela Merkeliň burkany gadagan etmek hakda çagyryş bermeginden iki hepde geçensoň, hijaply bir okuwçy Germaniýanyň prezidenti bilen elleşmekden saklanypdyr.
Türkmenistanyň türmelerinde dereksiz ýitenleriň ykbalyny anyklamak boýunça “Olary diri görkeziň!” atly halkara kampaniýasy Türkmenistanyň serhet goşunlarynyň öňki baştutany Tirkiş Tyrmyýewiň 13-nji ýanwarda aradan çykmagy bilen baglylykda beýannama bilen çykyş etdi.
Amerikaly film ýyldyzlary Angelina Jolie we Brad Pitt aýrylyşmak bilen baglanyşykly işleri gizlinlikde amala aşyrmak barasynda bir karara geldiler.
Türkmenistanyň dürli sebitlerinde häzir mallaryň arasynda sibir başy wirusynyň tutuşandygyny we soňky birnäçe hepdäniň dowamynda infeksiýa ýolugan onlarça hojalyk mallarynyň ölendigi dogrusynda maglumatlar gelip gowuşýar.
Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkegiň aeroportynyň golaýynda Türkiýäniň ýük uçarynyň heläkçilige uçramagy netijesinde azyndan 37 adam öldi.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Ministrler kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirip, hökümetiň 2016-njy ýyldaky işine oňyn baha berdi we ýene bir gezek kadrlaryň ýerini çalyşdy.
Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň ozalky serkerdesi Tirkiş Tyrmyýew türkmen türmesinde aradan çykdy.
Il içindäki maglumatlara görä, Mary-Türkmenabat awtomobil ýolunda agyr ýol pajygalary köpelýär. Soňky gezek şeýle ýol pajygasy ýanwar aýynyň 9-nda, çal reňkdäki «Awalon» kysymly maşyn ýoldan çykanda boldy. Onuň içindäkileriň aglabasynyň agyr ýaralanandygy aýdylýar.
Ýene-de ýükle