Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Albert Eýnşteýniň söz azatlygy we adam hukuklary barasynda aýdanlary.
Eýran Siriýada öz esgerleriniň söweşýändigi baradaky maglumatlary ret edýär. Şol bir wagtda, Tähran Siriýa öz harby maslahatçylaryny ugratjakdygyny hem mäilm etdi.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Moskwa Siriýada we başga ýerlerde ekstremizme, terrorizme garşy göreşmek üçin giň gerimli ýaranlygy döretmekde öňegidişlik gazandy diýýär.
Yragyň hökümet güýçleri Bagdadyň demirgazygyndaky Baiji nebit zawodyndan “Yslam döwleti” toparynyň jeňçilerini çykardylar. Giň göwrümli harby operasiýa şaýy ýaraglylary hem gatnaşdylar.
Germaniýa özüniň Özbegistandaky howa bazasyny ýapjakdygyny aýtdy. Şeýlelikde Günbataryň ozalky sowet Orta Aziýasyndaky iň soňky barby desgasy ýapylýar.
"Geliň, ýagşy dünýä üçin maslahat edeliň. Zähmet çekeliň. Ýaşlara ýagty geljek bereliň. Ýaşululara hem saglyk-amanlyk bilen arkaýynçylyk bereliň..."
Habar berlişine görä, Siriýa goşunynyň gozgalaňçylaryň elindäki Homs şäheriniň demirgazygynda ýerleşýen şäherlere gönükdirilen hüjümine Orsýetiň söweş uçarlary-da gatnaşýar.
Hytaýdan Wenesuela çenli, harby düşelgelerden ekin meýdanlaryna çenli ýaşajyk Kolýa öz kakasynyň ýanyndan galmaýar. Ol 29-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynda Belarus toparynyň agzalarynyň biri boldy.
"Agata Kristiniň (Agatha Christie) agtygy Matew Riçard hem Stambulda geçiriljek şol halkara festiwala gatnaşar".
Regionyň durnuklylygyna howp salýan syýasy krizisde Yrak Kürdüstanynyň premýer-ministri 12-nji oktýabrda kabinetiň dört ministrini wezipeden boşadyp, parlamentiň başlygyna paýtagta gelmegi gadagan etdi.
Gollandiýanyň howa heläkçiliklerini derňeýän sülçüleri Malaýziýanyň “MH17” nomerli uçarynyň Russiýada öndürilen we gündogar Ukrainanyň territoriýasyndan atylan ”Buk” raketasy bilen urlup ýykylandygyny aýdýarlar.
Hyjabyň aýal adamynyň bedenini doly ýapýan "burka" we geýeniňde diňe gözleriň görünýän "nikap" ýaly görnüşleri Ýewropada uly jedellere sebäp bolýar. Jedeller dürli temalar bilen baglanşykly.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti Barak Obamanyň aýtmagyna görä, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň Damasky goldamagy onuň ýolbaşçylygynyň ýaramzdygyny görkezýär.
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramyna görülýän resmi taýýarlyklaryň çäginde Aşgabatdaky ‘marşirowka’ ýörişlerine gatnaşdyrylýan adamlar diňe paýtagtlylar bolman, eýsem bu çärelere ýurduň ähli welaýatlaryndan hem adam getirilýär.
Ilkinji netijelere görä Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka saýlawlarda seleriň 83.49 prosentini toplap, indiki bäş ýyllyk prezidentlik möhletine eýe boldy.
Türkiýe 11-nji oktýabrda, bir gün öň paýtagt Ankaradaky parahat ýörişde azyndan 95 adamy öldüren goşa partlamadan soň, üç günlük ýasa başlaýar. Hökümet bu hadysany “terror akty» diýip atlandyrdy.
ABŞ bilen onuň regional ýaranlary Orsýetiň harby uçarlarynyň Siriýada dürli nyşanalara urýan zarbalaryna bilelikde jogap bermäge synanyşýarka, NATO-nyň goranmak ministrleri duşuşyk geçirýärler.
Tunisiň Milli dialog kwarteti, Demirrgazyk Afrika ýurdunuň 2011-nji ýyldaky Ýasmin rewolýusiýasyndan soň, "plýuralistik demokratiýany gurmaga goşan aýgytly goşandy üçin", Nobel baýragyna mynasyp boldy.
Täjigistanyň Şahritus etrabynyň ýaşaýjysy bolan bir ýaş zenan, Siriýadan öz adamsyna ýüzlenme iberip, eger ýurduna dolanyp bilmese, jeňçileriň özüni "janyndan geçen hüjümçä" öwürjekdigini habar berýär.
Geljekde ýurduň howa giňişliginiň bozulmagynyň öňüni almak maksady bilen Türkiýe Orsýetiň harby resmileri bilen duşuşygy teklip etdi. Bu barada Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Tanju Bilgiç habar berýär.
Ýene-de ýükle