Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Prezident Putin Orsýet Günbataryň Sowuk uruş stilindäki bökdeme tagallalary bilen ýüzbe-ýüz bolýar diýdi we onuň ABŞ-nyň "dünýä agalygyny saklamak tagallasyna" garşy durjagyny aýtdy.
German we fransuz liderleriniň Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen geçiren bäş sagatdan gowrak gepleşigi Ukrainadaky krizisi çözmek ylalaşygy babatda bir sözem aýdylman soňlandy.
"Soňky birnäçe ýylda Türkiýäniň nämä öwrülendigini görmeklik adamda lapykeçlik döredýär. Häzirki wagta çenli musulman ýurtlar ondan görelde almaga ymtylýardylar: Ol... demokratiýa ýolundan öňe barýardy."
Ukrain hökümet resmileri we orsýetçi separatistler, aýdylmagyna görä, gündogardaky Debaltsewe şäheriniň töwereginde gysga wagtlyk ynsanperwer ýaraşyga razy boldular.
Iordan hökümetiniň sözçüsi YD jeňçi topary ýesir alnan iordan pilotynyň otlanyp öldürilişini görkzýän wideony ýaýradanyndan soň, yrakly jeňçi aýal Sajida al-Rişawiniň jezalandyrylyp öldürilendigini aýtdy.
Britaniýada, 1-nji fewraldan başlap, onlarça metjitler musulman dälleriň öňünde-de öz gapylaryny açýar.
BMG-niň ýokary derejeli resmisi gündogar Ukrainadaky konfliktde azyndan 5.358 adamyň ölendigini aýdyp, hökümet güýçleri bilen Russiýa tarapyndan goldanylýan orsýetparaz separatistleriň arasyndaky söweşiň “heläkçilikli” görnüşde ösmeginiň öňüni almaga çagyrdy.
Gündogar Ukrainadaky orsýetparaz separatistleriň lideri – parahatçylyk gepleşikleriniň puja çykany üçin – hökümet güýçleri bilen söweşjek 100 müň adamy uruş hereketlerine çekjekdigini aýdýar.
Ýaponiýa YD ekstremist topary tarapyndan žurnalist Kenji Gotonyň kellesiniň kesilişini görkezýän wideoýazga garşylykly reaksiýa bildirdi. Premýer-ministr Şinzo Abe Tokio "terrorizme ýan bermez" diýdi.
Rusparaz separatistleriň lideri Donetsk regionynda ukrain esgerlerini gabawa alandyklaryny we, eger-de boýun bolmasalar, onda gabawdakylaryň hemmesini gyrjakdyklaryny habar berdiler.
Nasistleriň Auschwitz ölüm lagerinde aman galan tussaglaryň gyzyl goşun tarapyndan azat edilmeginiň şu gün 70 ýyllygy bellenilýär. 27-nji ýanwar – Holokostyň Halkara ýatlama güni hökmünde bellenilýär.
Gresiýanyň çepçi “Syriza” partiýasy saýlawlarda ýeňiş gazanyp, ýurduň beýleki sagçy populist partiýasy bilen bilelikdäki hökümeti düzmek barada ylalaşdy.
Ukraina 25-nji ýanwarda, günorta-gündogar şäher Mariupola urlan raketa zarbalary 30 adamy öldürip, 90-dan gowrak adamy ýaralanyndan soň, ýas tutýar.
Biynjalyk bolmaň, bu aýdylşy ýaly hakykata gabat gelmeýär. Ýöne edil olar ýaly utopiýa hem däl. Adamlaryň dünýäni dargadyp biljek howpunyň derejesini ölçän "Kyýamat sagady" wagty 11:57 görnüşinde görkezýär
Almatyda geçen aý ýapylan gazak žurnalyna goldaw bildirmek üçin demonstrasiýa geçirmegi planlaşdyran žurnalistler we aktiwistler 24-nji ýanwarda öýlerinden çykan batlaryna tussag edildiler.
Gündogar Ukrainanyň Donetsk regionyndaky orsýetçi separatistleriň lideri pitneçi güýçleriň tutuş welaýaty ele geçirmäge çalyşmakçydygyny we hökümet güýçleri bilen parahatçylyk gepleşiklerine başlamajagyny aýtdy.
Rim papasy Francis Maniladaky uniwersitetleriň birinde 12 ýaşly bir gyz özüne şeýle sowal berende, diýseň ynjalykdan gaçypdyr.
Ukrain harbylarynyň sözçüsi hökümet güýçleriniň Donetsk aeroportunda orsýetçi güýçlere aýlap garşylyk görkezen pozisiýalaryndan yza çekilendiklerini aýdýar.
Günbatar Ýewropa boýunça terrorçylykda güman edilýänler tussag edilip başlandy.
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 21-nji ýanwarda Birleşen Ştatlar dünýä agalyk etmek isleýär diýdi we «Günbataryň Orsýeti izolýasiýa etmek synanyşyklarynyň» başa barmajagyny duýdurdy.
Ýene-de ýükle