Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama ençeme ýyllyk uruşdan we ykdysady gaýtgynlykdan soň, «krizis kölegesiniň sowulandygyny we ýurtda işleriň ýagdaýynyň gowudygyny» aýtdy.
Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe “Yslam döwleti” diýilýän topar tarapyndan iki ýapon raýatyny öldürmek haýbatyny “bagyşlap bolmajakdygyny” aýtdy.
Owganystanda deputatlaryň ynamyny we goldawyny gazanmak üçin parlamente hödürlenen Ministrler Kabinetine işe başlamazdan ozal dargamak howpy abanýar.
Russiýanyň berk gözegçilikde saklanýan Çeçenistan respublikasynda onlarça müň adam Muhammet Pygamberiň karikaturasynyň çekilmegine garşy döwlet tarapyndan maliýeleşdirilen protest ýörişine çykdylar.
Golaýda Saud Arabystanynda ýaşaýan ruhany Şeýh Saleh Al-Munajidiniň gardan adam ýasamaklygy gadagan edýän dini beýanat bermekligi geňirgenme döretdi. Eýsem bu onuň dini temada beren ilkinji geň dini beýanaty däl.
Fransiýanyň polisiýasy Parižiň eteginde ýaragly adamyň bir poçta edarasyny we iki adamy zamun alandygyny habar berýär. Bu waka ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Pariže edýän saparyna gabat geldi.
Britaniýanyň jemgyýetçilik radio-telewizion guramasy BBC Muhammet pygamberiň daşky görnüşini suratlandyrýan materiallary efire bermegi gadagan edýän öz içki redaksion düzgünlerine täzeden garaýar.
"Al-Kaýdanyň" Ýemendäki bölüminiň baş komandiri Nasr al-Ansi internetde goýlan wideoda ol hüjümçilere Muhammet sebäpli «öç almak» üçin žurnala hüjüm etmegiň tabşyrylandygyny aýdýar.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerry şu hepde Pariže sapar edip, yslamçy söweşijileriň hüjümi bilen baglylykda terrorçylyga garşy göreş boýunça Fransiýanyň resmileri bilen gepleşik geçirjekdigini aýtdy.
Parižde, 7-9-njy ýanwar aralygynda guralan terrorçylyk hüjümleriniň pidalaryna hormat-sylaglaryny görkezmek üçin bir milliondan gowrak adamyň, şol sanda onlarça dünýä lideriniň ýörişe gatnaşmagyna garaşylýar.
Fransiýanyň içeri işler ministri, garaşylyşyna görä, 11-nji ýanwarda ekstremistlere garşy birleşigi görkezjek uly demonstrasiýanyň taýýarlanmagy üçin «ähli çäreleriň» görüljekdigini aýtdy.
Musulman dünýäsiniň metbugat serişdeleri Parižde “Charlie Hebdo” satiriki žurnalynyň binasyna edilen ýowuz hüjüme giň göwrümli dürli-dürli görnüşdäki reaksiýalary çap etdiler.
Fransiýanyň polisiýasy Parižiň eteginde zenan ofiseriň atylyp öldürilendigini aýdýar. Bu waka “Charlie Hebdo ” satiriki žurnalynyň baş binasyna edilen hüjümden bir gün soň boldy.
Meşhur aýdymçy Madonnanyň Instigram sosial ulgamyndaky sahypasynda goýan suratlary galmagal turuzdy.
Fransuz polisiýasy Pariždäki «Charlie Hebdo» satiriki žurnalynyň binasynda bolan atyşykda azyndan 12 adamyň öldürilendigini aýdýar. Öldürilenleriň arasynda iki sany polisiýa ofiseri, bir žurnalist hem bar.
Apple firmasy ABŞ-nyň hökümetinden täze bir guraly öndürmek üçin patent aldy. Patent alnan gural - galam.
6-njy ýanwarda Owganystanyň prezidenti Aşraf Ganiniň döwlet başyndaky ilkinji 100 günlük prezidentlik möhleti dolan hem bolsa, täze hökümet henizem düzülmän galýar.
Facebook sosial ulgamynyň gurujysy Mark Zukerberg ýene bir täzelik çykardy.
Kabulda janyndan geçen hüjümçiniň awtoulagy Ýewropa Bileleşiginiň polisiýasynyň ulagyna baryp uruldy we geçip barýan bir owganystanlyny öldürdi.
Ýene-de ýükle