Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Terrorçylaryň täze ýaragy diňe "kalaşnikow" däl, eýsem poeziýadyr.
В социальных сетях получило распространение видео, герои которого, молодые люди, говорящие на таджикском языке, утверждают, что воюют в Ираке и ожидают «разрешения» на «джихад» в Таджикистане.
Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy (ÝHHG) şu aýyň aýagynda Ukrainadaky gözegçilik missiýasynyň agzalarynyň sanyny iki esse ulaltmagy planlaşdyrýar.
Owgan resmileri Helmand welaýatynda tutulan toýda azyndan 27 adamyň başyna ýeten minomýot zarbasyny esgerlerden gördüler. 31-nji dekabrda ölenleriň arasynda aýallar we çagalar hem bar.
Ukrainanyň telekanaly Täze ýyl gepleşiginde gündogar Ukrainadaky separatistleri köpçüligiň öňünde goldan käbir orsýetli aýdymçylary efirde görkezendigi sebäpli basyş astyna düşdi.
Dünýäniň çar künjegindäki adamlaryň 2015-nji ýylyň gelmegini halkara derejesinde şatlyk-şowhun bilen garşy alýan wagtynda Şanhaýda betbagtçylykly hadysa boldy.
Orsýetlileri prezident Wladimir Putin we onuň hökümeti iş başyndan aýrylýança protest etmäge çagyran Nawalnyý häkimiýetlere garşy geçiriljek ýygnanyşyga barýarka tussag edilip, Moskwadaky kwartirasyna eltildi.
Oppozision syýasatçy Alekseý Nawalnyý Russiýanyň halkyna ýüzlenip, adamlary köçelere çykmaga we prezident Wladimir Putiniň häkimiýetden çekilmegini talap etmäge çagyrdy.
Türkmenistan öz energiýa ulgamynyň gurluşynyň netijeliligi boýunça dünýä derejesinde iň gowşak ýurtlaryň arasynda agzaldy.
28-nji dekabrda Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugynyň Bakuwdaky býurosynyň 12 işgäri Azerbaýjanyň häkimiýetleri tarapyndan zor bilen tussag edilip, soraga çekildiler.
Prokurorlar AÝ/AR-nyň Bakuwdaky býurosyny döküp, onuň işini togtadandan iki gün soň, Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwdaky polisiýa Azatlyk radiosynyň ýerli işgärleriniň birnäçesini zorluk bilen soraga çekdi.
AÝ/AR-nyň Waşingtondan ýaýradan beýanatynda, Azerbaýjan gullugynyň Bakuwdaky býurosynyň möhürlenmegi bilen, ýurduň soňky garaşsyz media serişdeleriniň biriniň sem edilmekçi bolunýandygy aýdylýar.
Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugynyň Bakuwdaky býurosynyň edarasyna Prokuraturanyň işgärleri kürsäp girip, “edaranyň ýapylandygy barada” suduň kararynyň bardygyny öňe sürdüler.
Birleşen Ştatlaryň harbylary Iordaniýanyň 24-nji dekabrda Siriýada, demirgazyk-gündogar şäher Rakkanyň golaýynda ýykylan söweş uçarynyň YD jeňçileri tarapyndan urulmandygyny aýdýarlar.
Ýarag söwdasy boýunça täze kanun ýarag satmak ugrundaky ilkinji global düzgünnama bolar we onuň ýylda 85 milliard dollar möçberde maliýe serişdelerini dolandyrjakdygy çak edilýär.
Türkiýäniň prezidenti Erdogan ABŞ-da ýaşaýan dini wagyz-nesihatçy Fethullah Gülene we onuň tarapdary bolan metbugat guramalaryna garşy alnyp barylýan jenaýat-aňtaw işini hut öz garamagyna alandygyny aýtdy.
Žurnalistleri goramak boýunça komitet (CPJ) şu ýyl halkara habarçylaryň wakalary beýan edýän pursatlary “adaty bolmadyk ýygylykda” öldürilendigini hem belläp geçýär.
2014-nji ýylda "Google"-de iň köp gözlenen söz "Robin Williams" bolupdyr.
Willi Leman, kän wagt ýitirmän, SSSR-iň içalysy bolmaga razylyk bildirdi. Nämäniň, Gitleriň häkimiýetine garşy ýigrenjiniňmi ýa-da maddy bähbitleriň ony şeýle işe iterendigini takyk aýtmak gaty kyn.
Özbegistanda 21-nji dekabrda parlament saýlawlary geçirilýär. Parlamentiň aşaky öýündäki 150 orna dalaş edýän kandidatlara ses bermek üçin 20 million özbegistanly hasaba alyndy.
Ýene-de ýükle