Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama amerikan harytlarynyň, tehnologiýasynyň ýa hyzmatlarynyň Ukrainanyň Krym regionyna eksport edilmegini gadagan etmek baradaky görkezmä gol çekdi.
Orsýetiň prokurorlary oppozision lider Nawalnyny 10 ýyllyk tussaglyga höküm etmegi soradylar. Nawalnyý özüne ýöňkelýän aýyplamalary Kremliň başga pikirlilige garşy kampaniýasynyň bölegi diýip atlandyrýar.
Pentagon Birleşen Ştatlaryň we onuň ýaranlarynyň uran howa zarbalarynyň «Yslam döwleti» jeňçi toparynyň uly we orta derejedäki liderleriniň «bir toparyny» öldürendigini aýdýar.
Prezident W.Putin Günbatary täze “wirtual” Berlin diwaryny döretmekde aýyplady we Orsýetiň ykdysadyýetiniň dikeljegini aýdyp, rublyň hümmetiniň pese gaçmagyna bildirilýän aladalanmalary köşeşdirmäge çalyşdy.
Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif ýurtda ölüm jezasyna girizilen maratorini, ýagny ölüm jezasyny ulanmazlyk düzgünini terrorçylyk bilen bagly jenaýatlar babatynda ýatyrdy
Gara geýimli ýaragly adamlar 16-njy dekabrda Peşawarda harbylara degişli mekdebe hüjüm edip, esasan çagalardan ybarat 100-den gowrak adamy öldürdiler we onlarça adamy ýaraladylar.
Ýaragly adam Sidniniň merkezindäki bir kafede bir topar adamy zamun aldy. Telewideniýede berlen wideoýazgylar üç adamyň ellerini äpişgä tarap galdyrap durandygyny, arap elipbiýinde hat ýazylan gara baýdagy görkezdi.
13-nji dekabrda Şwesiýanyň goranmak resmileri ýurduň gündogarynda Orsýetiň harby uçarynyň Daniýanyň paýtagty Kopengagenden uçan ýolagçy uçar bilen tas çaknyşandygyny habar berdiler.
Owgan polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, “Talyban” söweşijileri ýurduň Helmand welaýatynda minalary aýyrmak işleri bilen meşgullanýan 12 işçini atyp öldüripdirler.
Ukrainanyň prezidenti Petro Proroşenko Ukrainanyň gündogar sebitlerinde häzir “hakyky” diýip häsiýetlendiren ýaraşyk ylalaşygynyň hereket edip başlandygyny aýtdy.
Ýaşlar syýasy ýagdaýlary yzarlamak bilen hiç wagt gyzyklanmaýarlar. Häzirlikçe olara gyzyksyz görünýän käbir zatlaryň aslynda geljekde nähili netijeler döretjekdigine düşünmeýärler.
Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko Russiýany ýurduň gündogaryndaky separatistleri goldamagy bes etmäge we sebitdäki öz goşunlaryny yzyna çekmäge çagyrdy.
Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew orsýetlileri “dowula düşmezlige” we milli puluň pese gaçmagyna garamazdan, öz pullaryny rublda saklamaga çagyrdy.
Türkmenistanda raýatlaryň üç arkasyny barlamak düzgüni adam hukuklaryny iň gödek depeleýän ýagdaýlaryň biri bolmagyna galýar.
Ukrainada hökümet güýçleri we orsparaz separatistler Kiýew tarapyndan ýurduň gündogaryndaky söweşleri ýatyrmak maksady bilen yglan edilen “Dymyşlyk gününiň” talaplarynyň ýerine ýetirilişine syn edýärler.
Ýugoslawiýanyň baştutany Broz Tito ýurduna myhman gelen aristokratlara, tanymal sungat işgärlerine iň gymmat tagamlary hödürledenem bolsa, özüniň iň halaýan nahary - doňuz salasy, ýagny doňuz ýagy bolupdyr.
Fransiýanyň Ýeliseý köşgüniň fransuz prezidenti Fransua Ollandyň gazak milli lybasynda düşen suratlarynyň Internetde goýulmagyna gahary gelýär.
8-9-njy dekabr aralygynda edýän saparynda Mogherini we ÝB-niň beýleki ýokary derejeli resmileri Türkiýäniň serhetlerinden söweşijileriň geçmeginiň öňüni almak meselesinde maslahat ederler.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Eýranda “Washington Post” gazetiniň habarçysynyň dört aýlap tussag edilmegi baradaky habarlaryň özüni “örän gynandyrandygyny” aýtdy.
Ýene-de ýükle