Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko Russiýany ýurduň gündogaryndaky separatistleri goldamagy bes etmäge we sebitdäki öz goşunlaryny yzyna çekmäge çagyrdy.
Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew orsýetlileri “dowula düşmezlige” we milli puluň pese gaçmagyna garamazdan, öz pullaryny rublda saklamaga çagyrdy.
Türkmenistanda raýatlaryň üç arkasyny barlamak düzgüni adam hukuklaryny iň gödek depeleýän ýagdaýlaryň biri bolmagyna galýar.
Ukrainada hökümet güýçleri we orsparaz separatistler Kiýew tarapyndan ýurduň gündogaryndaky söweşleri ýatyrmak maksady bilen yglan edilen “Dymyşlyk gününiň” talaplarynyň ýerine ýetirilişine syn edýärler.
Ýugoslawiýanyň baştutany Broz Tito ýurduna myhman gelen aristokratlara, tanymal sungat işgärlerine iň gymmat tagamlary hödürledenem bolsa, özüniň iň halaýan nahary - doňuz salasy, ýagny doňuz ýagy bolupdyr.
Fransiýanyň Ýeliseý köşgüniň fransuz prezidenti Fransua Ollandyň gazak milli lybasynda düşen suratlarynyň Internetde goýulmagyna gahary gelýär.
8-9-njy dekabr aralygynda edýän saparynda Mogherini we ÝB-niň beýleki ýokary derejeli resmileri Türkiýäniň serhetlerinden söweşijileriň geçmeginiň öňüni almak meselesinde maslahat ederler.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Eýranda “Washington Post” gazetiniň habarçysynyň dört aýlap tussag edilmegi baradaky habarlaryň özüni “örän gynandyrandygyny” aýtdy.
Bakuwyň sudy Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugynyň derňewçi žurnalisti Hadija Ismaýilowanyň iki aý möhlet bilen deslapky tussaghanada saklanylmalydygy barada höküm çykardy.
4-nji dekabrda öz websaýtynda çap eden beýannamasynda Poroşenko Ukrainanyň harbylarynyň “Dymyşlyk gününden”, ýagny 9-njy dekabrdan başlap, gündogar Ukrainada ok atyşygy bes etjegini yglan etdi.
Russiýanyň prezidenti Günbatary “haýasyzlykda we zoňtarlykda” aýyplady. Putin özüniň ýyllyk çykyşynda Orsýetiň hiç haçan daşary ýurtlaryň islegine boýun bolmajakdygyny nygtady.
Adatça, döwletlere aýratynlykda kömek berýänler ol ýurtlardaky korrupsiýanyň derejesine seredýärler. Onsoň özünde korrupsiýanyň derejesi ýokary ýurtlaryň berilmeli kömekleri almagy hem kynlaşýar.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerry (John Kerry) “Yslam döwleti” atly ýaragly topara garşy göreşýän ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň “birleşendigini we ähli frontlar boýunça öňe gidýändigini” aýtdy.
ABŞ-nyň ýokary derejeli diplomaty Owganystana halkara kömeginiň dowam etdirilmeginiň ýurtda korrupsiýa garşy we adam hukuklarynyň depelenmegine garşy göreşdäki öňegidişlige bagly boljagyny aýdýar.
Metronyň içinde bir ýaş gyz Britaniýanyň "Little Mix" estrada toparynyň aýdymynyň sazyna, hut serden geçip, tans edýär. Eger bu hadysa Eýranda bolmadyk bolsady, onda ol görenlerde edil bular ýaly uly seslenme döretmezdi.
30-njy noýabrda Moldowada geçirilen saýlawlara ýurduň Ýewropa tarapdar partiýalarynyň we Orsýet bilen ýakyn gatnaşyklary goldaýan güýçleriniň arasyndaky bäsdeşlik hökmünde garalýar.
30-njy noýabrda Aşgabadyň “Parahat-7” mikroraýonynyň ýaşaýjylary köpçülik bolup ýene köçä çykdylar. Ýerli häkimiýetleriň split sistemalary aýyrmak üçin işçileri we ýörite ulaglary getirmekleri muňa sebäp bolupdyr.
Fransis prezident Rejep Taýyp Erdogan we, ilatynyň köpçüligi musulmanlardan ybarat bolsa-da, konstitusiýasynda durumy dünýewi diýlip kesgitlenen ýurduň baş ymamy Mehmet Görmez bilen duşuşar.
27-nji noýabrda janyndan geçen hüjümçiniň Britaniýanyň Kabuldaky ilçihanasynyň ulagyna motorly baryp urmagynyň netijesinde bir britan raýaty we azyndan bäş owganystanly wepat boldy.
Ýene-de ýükle