Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Lebap welaýatynda döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerine 25-nji dekabra çenli pagta ýygymyna gatnaşmak barada görkezme berlendigi habar berilýär. Eýsem, howanyň barha sowaýan häzirki günlerinde pagta meýdanlaryndaky şertler nähili?
Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Russiýanyň öz Ukrainadaky hereketleri bilen halkara kanunçylygyny bozýandygyny we Ýewropadaky parahatçylyga howp salýandygyny aýtdy.
Günbatar Gürjüstanyň öz-özüni garaşsyz diýip yglan eden Abhaziýa regiony bilen Russiýanyň arasyndaky baglaşylan “strategiki hyzmatdaşlyk” baradaky özara ylalaşygy tankytlady.
Bolsa-da, täze çykan e-book readerler, ýagny e-kitap okaýjy abzallar kagyz kitaplaryň ýoguna ýanyp ugrady! Bu pikir soňky ýyllarda gaty köp eşidilýär.
Eýran bilen dünýäniň iň kuwwatly alty sany ýurdunyň daşary işler ministrleri Wenada maslahat geçirip, Eýranyň ýadro programmasy boýunça ylalaşyga gelmek üçin görkezilen wagt möhletini 2015-nji ýylyň 1-nji iýulyna geçirdiler.
Tähranyň we dünýäniň iň kuwwatly alty ýurdunyň wekilleri Eýranyň ýadro meselesi boýunça gepleşikleri doňup duran ýerinden gozgamak boýunça 23-nji noýabr duşuşygynda uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.
ABŞ-nyň wise-prezidenti Joe Biden Ýewropa energiýa üpjünçiligini diwersifikasiýalaşdyrmagyny dowam etdirip, Russiýa bolan garaşlylygyny kemeltmelidigini aýtdy.
Häzirki wagt 800-e golaý türk ýük ulagynyň Türkmenistana geçmek üçin türkmen-eýran araçäginde garaşýandygy habar berilýär.
ABŞ-nyň wise-prezidenti Joe Baýden (Joe Biden) Ukrainada parahatçylykly protestleriň başlanmagynyň senesiniň bellenýän güni, 21-nji noýabrda, Kiýewde Ukrainanyň liderleri bilen duşuşdy.
Iki çagaly, 30 ýaşyndaky kürt aýal söweşmäge gidipdir. Kürtleriň "Peşmerge" atly söweşijileriniň arasynda aýallar näme üçin beýle köpkä?
BMG gündogar Ukrainada ok atyşygy bes etmek barada 5-nji sentýabrda ylalaşyga gelnenden soňky döwürde söweşler zerarly günde ortaça 13 çemesi adamyň wepat bolýandygyny aýdýar.
Orsýet Ukrainadaky wakalar bilen baglylykda BMG-niň we Ýewropa Bileleşiginiň üstüne hüjüme geçdi we Ukrainadaky konfliktiň Günbataryň 25 ýyllyk ekspansionizm syýasatynyň netijesidigini aýtdy.
NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenbergiň 18-nji noýabrda aýtmagyna görä, konfliktli gündogar Ukrainada we serhediň Orsýet tarapynda “harby güýjüň artdyrylýandygy” göze ilýär.
ABŞ kömekçi işgär Peter Kassigiň ölümini tassyklady. Mundan owal, “YD” ýaragly topary gürrüňi gidýän amerikalynyň kellesini kesendigini öňe sürüp, bu hakdaky wideoýazgyny ýaýradypdy.
Ozalky owgan prezidenti Hamid Karzaý ABŞ-nyň Owganystan babatynda “goşa syýasat” alyp barandygyny aýdyp, munuň netijesinde sebitde ekstremizmiň artandygyny öňe sürdi.
16-njy noýabrda, hamala YD topary tarapyndan ýaýradylan wideo sünni ekstremist toparynyň amerikaly kömek işgäri Piter Kassigiň we siriýa esgeri diýip häsiýetlendirilýän birnäçe erkegiň kellesini kesendigini öňe sürýär.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 16-njy noýabrda, dünýä liderlerinden Moskwanyň ukrain krizisindäki roly babatda berk tankyt eşideninden soň, G20 sammiti soňlanmazyndan öň, Awstraliýany terk etdi.
Awstraliýanyň Brisben şäherinde, 20-ler toparynyň dünýä liderleriniň gatnaşmagynda geçirilýän iki günlük sammitinde Orsýetiň ukrain krizisindäki roly esasy orun alýar.
Orsýetiň prezidenti ABŞ-nyň, ÝB-iň we beýleki günbatar döwletleriniň Ukrainadaky krizis bilen baglylykda girizen halkara sanksiýalarynyň “Uly 20-lik” guramasynyň prinsiplerine ters gelýändigini aýtdy.
Ýene-de ýükle