Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Türkiýeden “Yslam döwleti” ýaragly toparyna 1000 adam goşulypdyr. Olaryň arasynda döwlet işgärleri, studentler, telekeçiler bar. Pakistanda medresede jyhat öwredýärler.
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Ukrainadaky krizis boýunça 26-njy gezek adatdan daşary maslahatyny geçirdi. Gündogar Ukrainada netijeli hereket edilmese, “uly möçberli” söweşleriň başlanmagynyň ähtimaldygy duýduryldy
Amerikan generaly Flip Bridlow 12-nji noýabrda Sofiýada çykyş edip, bu kolonnanyň rus tanklaryndan, toplaryndan, howa gorag sistemalaryndan, söweş goşunlaryndan ybaratdygyny aýtdy.
Bin Ladeni kimiň öldürendigi barada deňiz pyýadalarynyň arasynda jedelleşik döräpdir. Iki adam iki görnüşde özüçe gürrüň berýär. Obama Hameneýä gizlin hat iberipdir. ABŞ-nyň hyzmatdaşlarynyň reaksiýasy?
Germaniýanyň daşary işler ministri gündogar Ukrainada ýagdaýlaryň barha ýaramazlaşýandygyny belledi. Ol ähli taraplaryň Minskde gelnen parahatçylyk ylalaşygyna boýun bolmalydyklaryny aýtdy.
Azerbaýjanda müňlerçe oppozisiýa tarapdary hökümetiň syýasy tussaglary azat etmegini we prezident Ylham Alyýewiň 11 ýyllyk prezidentliginiň soňlanmagyny talap edip, Bakuwda proteste çykdy.
Ozalky sowet lideri Mihail Gorbaçew Orsýet bilen Günbataryň arasynda ukrain krizisi zerarly dörän dartgynlyklar dünýäni «täze Sowuk urşuň erňegine getirdi» diýdi.
"Men kitap çap edilmezden owal ony hiç kime okamaga bermeýärin. Sebäbi her kimiň özüçe halaýan zatlary bar. Her adam özüçe bir kitap halaýar we öz halaýan kitabynyň beýleki kitaplardan has gowudygyny pikir edýär".
"The Wall Street Journal" ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň oktýabrda Eýranyň ýokary lideri Aýatolla Ali Hamaneýä Yrakdaky we Siriýadaky YD jeňçilerine garşy söweş hakynda gizlin hat ýazandygyny aýdýar.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama ABŞ-nyň häzirki Kongresi bilen Yrakdaky we Siriýadaky «Yslam döwleti» toparynyň jeňçilerine garşy söweşmek üçin täze güýçler babatda işleşjekdigini aýdýar.
Her bir eýranlynyň öýünde 14-nji asryň şahyry Hafyzyň kitaby bar. Aradan çykandan 600 ýyl soň hem ol eýranlylaryň milli buýsanjy bolmagyny dowam edýär.
Актер, выступавший против политики властей, найден мертвым в Москве
Rus milletçileri 4-nji noýabrda Moskwada we beýleki şäherlerde “Rus marşy” atly adaty ýyllyk ýörişi geçirdiler. Prezident Putin tarapyndan esaslandyrylan “Milli bütewülik güni” Kreml tarapyndan hem bellendi.
Asly eýranly we Britaniýada ýaşaýan zenan Gonçe Gawami bir ýyl azatlykdan mahrum edildi. Bu barada onuň hukuklaryna wekilçilik edýän adam habar berdi.
Gündogar Ukrainada gözgalaňçylaryň gözegçiligindäki regionlarda öz-özlerini ykrar eden häkimiýetler ozaldan ady bilinýän orsýetçi separatistleriň saýlawlarda ýeňiş gazanandygyny habar berdiler.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri dünýäniň ençeme böleklerinde, “hatda Ýewropada-da” azatlyklaryň henizem “howp astyndadygyny” aýtdy. Kerri 22-nji oktýabrda Berlinde metbugat konferensiýasyny geçirdi.
Adam hukuklaryna gözegçilik edýän Human Rigths Watch guramasy ukrain harbylarynyň ýurduň gündogarynda separatistleriň gözegçiligindäki sebitlerde kasseta ok-därilerini ulanandygyny aýdýar.
Türkiýäniň hökümeti Siriýanyň gabawdaky Kobani şäheriniň “Yslam döwletiniň” jyhadçylaryna garşy göreşine ýardam bermek üçin bu ýere Yragyň kürt söweşijilerini geçirmäge goldaw berýär.
Ýohan Jorj Elser garyp maşgalada dünýä inipdir. Onuň kakasy hemişe öýüne içgili ýagdaýda gelip, ejesini yzygiderli urýar ekeni. Elser özbaşdak ýaşamaklyk üçin agaç ussalygyny öwrenmäge başlapdyr.
Italiýanyň premýer-ministri rus prezidenti bilen Ukrainanyň prezidentiniň arasynda bolan duşuşyga gatnaşanyndan soň, özüniň Ukrainadaky konfliktiň çözülmek mümkinçiliklerine "oňyn" garaýandygyny aýtdy.
Ýene-de ýükle