Özbegistanyň Senaty musulman aýallaryň başatgyçlaryny, hem-de erkekleriň ösgün sakgallaryny yslam ekstremizmi bilen ilteşdirip gödek tankytlan özbek häkimine 3 aý synag möhletini yglan etdi.
Surhanderýa welaýatynyň Altynsaý raýonynyň kanun goraýjy guramalary ýerli orta mekdebiň 62 ýaşly himiýa mugallymynyň garşysyna Özbegistanyň Jenaýat kodeksiniň 128-nji maddasy boýunça jenaýat işini gozgady.
Surhanderýaly 37 telekeçi şu ýylyň başynda Türkmenistandanyň "türkmensement" kärhanasyndan sement almak üçin 1,1 million dollar töledi, emma olara ne sement, ne-de pullaryny yzyna almak başardy.
23-nji sentýabrda Horezm welaýatynyň kanun goraýjy organynyň işgärleri žurnalist Mahmud Rajaby hem onuň ýakyn hossarlary bilen pyýadalap Daşkende barýan topary saklady.
Özbegistanyň parlamentiniň iki öýüniň bilelikdäki mejlisinde, nika hem maşgala toýlaryny, ýubileý dabaralaryny, şeýle-de merhumlaryň hatyrasyna berilýän sadakalary, maşgalada bellenýän beýleki çäreleri geçirmegiň düzgüni tassyklandy.
Gazak polisiýasy birnäçe şäherde, şol sanda paýtagt Nur-Soltanda, Almatyda onlarça adamy tussag edip, oppozisiýa ýygnanyşyklarynyň öňüni aldy.
Aktöbeden 90 kilometrlikde ýerleşýän Kandyagaş şäheriniň ýaşaýjysy şu ýylyň maý aýynda «Žusan» ýörite operasiýasynyň çäginde, Siriýadan çykarylyp getirildi.
Daşkentde ýurduň öňki merhum prezidentiniň uly gyzy Gülnara Kerimowanyň üstünden, ýene bir gizlin sud işi başlandy. Bu barada 16-njy sentýabrda onuň şweýsariýaly aklawçysy Greguar Manža (Grégoire Mangeat) öz Twitter'ine mälim etdi.
Gyrgyz-täjik araçäginiň golaýyndaky Leýlek etrabynda bolan atyşykda gyrgyz serhetçisi wepat boldy, 13 adam, şol sanda çaga hem ýaralandy. Täjigistanyň raýatlaryndan 12 adam ejir çekdi diýip, resmi guramalar habar berdi.
Özbegistanyň paýtagty Daşkentiň Içeri işler departamenti şäheriň Ýunusabat etrabynda 25 ýaşly geý Şokir Şawkatowyň ölümi bilen bagly detallary ýaýratdy.
Samarkant şäheriniň administrasiýasy gytaklaýyn hem bolsa, Registan taryhy toplumynyň içki jaýynda gurnalan dabaraly mejlisden düşürilen wideoýazga düşündiriş berdi.
Ýene-de ýükle