Russiýanyň we Hytaýyň ýolbaşçylygyndaky iki sebitara howpsuzlyk guramasy şu hepde, “Talyban” häkimiýeti ele geçirenden bir aý soň, Owganystandaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmak üçin täjik paýtagtynda aýry-aýry duşuşyk geçirmäge taýýarlanýar.
"Talybanyň" Owganystanda dolandyryşa geçmegine şaýat bolan çylşyrymly awgust aýyndan soň, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy (ŞHG) 16-njy sentýabrda Täjigistanda nobatdaky sammiti geçirmäge taýýarlanýar. Bu sammitde sebitiň barha näbelli bolýan howpsuzlyk ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşylar.
Ýokary derejeli iki özbek kanun çykaryjysy Özbegistanda tas doly diýen ýaly syýasy häkimiýete eýe bolan prezident Mirziýoýewe “milletiň serdary” diýen hormatly adyň dakylmagyny teklip edýär.
Bolan wakalar barada açyk gürrüň edilse, Merkezi Aziýa näçe uçaryň geçendigi belli däl, berilýän habarlarda aýdylýan sanlaryň arasyndaky tapawut uly görünýär. Ýöne şu aralykda türkmen lideriniň Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň Duşanbede geçirjek duşuşygyna gatnaşjakdygy belli boldy.
Ýene-de ýükle