Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Médecins Sans Frontières Türkmenistany terk edýär


Medisina boýunça Halkara ynsanperwerlik guramasy bolan Serhetsiz lukmanlar topary (Médecins Sans Frontières) 10 ýyl işläninden soň Türkmenistandaky medisina çärelerini ýatyrýar.

“Türkmenistanda medisina zerurlyklary ýokary we bize bu ýerde iş alyp barmaga gowy esaslar bar. Muňa garamazdan, biziň teklip edýän proýektlerimiz yzly-yzyna ret edildi we programmamyzy ýapmakdan başga çärämiz galmady” diýip MSF-niň Baş Direktory guramanyň metbugat beýanatynda aýtdy. “Biz inçe keseliň ýaýramagy bilen ýüzbe-ýüz bolup duran hem-de täsirli bejergiler elýeterli bolmaýan Türkmenistanyň ilatyna ýardam bermegi umyt edýärdik”.

Serhetsiz lukmanlar toparynyň Türkmenistan boýunça dolandyryjysy Kristof Hiphen, inçe-kesel boýunça gyssagly bejeriş çärelerini amala aşyrmagyň zerurdygyna düşünmäge türkmen hökümetine çagyryş etdi we ýagdaýyň örän çynlakaýdygyny nygtady. “Milli strategiýa görä, ilkinji näsaga 2013-nji ýylda bejergi beriler emma adamlar bugün ölýärler!”- diýip Kristof Hiphen alada bildirýär.

MSF-niň ýapylmagy bilen Türkmenistan ýurtdaky iň soňky hökümete degişli bolmadyk Halkara guramany ýitirýär. Ýakynda Türkmenistanda hereket edýän “Counterpart Consortium” hem dürli päsgelçilikler sebäpli ýurdy terk etmeli bolupdy.
XS
SM
MD
LG