Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kärdeşler arkalaşyklary «Awaza» pul geçirerler


Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýurduň kärdeşler arkalaşyklarynyň gurýan 400 orunlyk sagaldyş merkeziniň gurluşygynyň maliýe ýetmezçiligi sebäpli haýal barýanlygy üçin, Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň geňeşi karar çykardy.

Ol karara laýyklykda, 2010-njy ýylyň mart hem-de sentýabr aýlarynda ýurduň kärdeşler arkalaşyklarynyň ähli ilkinji guramalarynda ýygnaljak agzalyk tölegleriniň baryny Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň hasabyna geçirip, ony «Awazadaky» sagaldyş merkeziniň gurluşygyna gönükdirmek bellenildi.

Kärdeşler arkalaşygyna ýurduň edara-kärhanalarynda işleýän her bir adamdan onuň aýlygynyň 1 prosenti tutulyp geçirilýär. Eger Türkmenistanyň tutuş edara-kärhanalarynda işleýän zähmetkeşleriň ählisinden iki aýyň dowamynda ýygnanjak puly hasaplasaň, onda maliýe ýetmezçiligini çekýän gurluşyk üçin ep-esli puluň üýşjekdigi görnüp dur.

Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurýan 400 orunlyk sagaldyş merkezi ýurduň kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň, olaryň maşgalalarynyň saglygyny berkitmek üçin niýetlenendir.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG