Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde parlament saýlawlary geçirilýär


4-nji dekabrda Orsýetde parlament saýlawlary geçirilýär. Bu saýlawlarda 450 orunlyk Döwlet Dumasyndaky deputatlyk ýerlerini eýelemek üçin 7 partiýadan öňe sürlen kandidatlar özara dalaş edýärler.

Orsýetde saýlamak hukugy bolan 110 million adam ýaşaýar.



Orsýetiň Merkezi saýlaw kommissiýasy saýlawlarda ýüze çykan kanun bozulmalary bilen bagly özüne saýlawçylardan hem syýasy partiýalardan 70-e golaý şikaýatyň gelip gowşandygyny aýdýar.

Saýlawçylaryň hak-hukuklaryny goraýan “Golos” atly assosiasiýa saýlawlaryň dowamynda kanun bozulmalaryň has köp bolandygyny habar berýär. Bu gurama bir ýarym müňe golaý adam şikaýat bilen ýüz tutupdyr.

Gyzyl meýdançany raýatlardan goradylar
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:10 0:00
Wideo: Saýlaw güni Moskwanyň ençeme ýerlerine polisiýa işgärleri ýerleşdirildi. Gyzyl meýdança baryp bolanok. Nägile raýatlaryň käbiriniň tussag edilendigi habar berilýär.

4-nji dekabrda, näbelli sebäplere görä, Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň habarçysynyň Orsýetiň Merkezi saýlaw kommissiýasynyň maglumatlar merkezinde öňünden alan akkreditasiýasy ýatyryldy.

Orsýetde “Eho Moskwy”, “Kommersant” ýaly internet saýtlaryna haker hüjümleri amala aşyrylyp, olar petiklendi. Şeýle hem 4-nji dekabrda ors oppozisiýasynyň liderleriniň biri Sergeý Udaltsowyň tussag edilendigi aýdylýar. Resmi taýdan hasaba alynmadyk “Çepçi Front” partiýasynyň lideri saýlawlara garşy protest çäresine barýarka tussag edilipdir.

Orsýetliler saýlawlara gatnaşýarlar
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:48 0:00


ÝHHG-e Orsýetdäki saýlawlara öz 300-e golaý synçysynyň gatnaşýandygyny habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň Moskwadaky habarçysy Gözel Hudaýberdiýewa özi bilen söhbetdeş bolan saýlawçylaryň köpüsiniň ýurdy dolandyrýan “Ýedinaýa Rossiýa”, ýagny “Bütewi Orsýet” partiýasyna ses bermejekdiklerini aýdandyklaryny habar berdi.
XS
SM
MD
LG