Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze telekanallar – köne heňler


Aşgabatly Gulmyrat: "“Türkmen dilinde daşary ýurtlarda bolup geçýän sport ýaryşlarynyň translýaiýasyny görerin öýdüp umyt edipdim welin, entäk bu umydymyz hasyl boljaga meňzänok".
Aşgabatly Gulmyrat: "“Türkmen dilinde daşary ýurtlarda bolup geçýän sport ýaryşlarynyň translýaiýasyny görerin öýdüp umyt edipdim welin, entäk bu umydymyz hasyl boljaga meňzänok".

Täze ýylyň birinji güni Türkmenistanda “Aşgabat” we “Türkmenistan - sport” atly täze telekanallar efire çykyp başlady. Bu täze telekanallar ýurduň beýleki telekanallaryndan düýpli tapawutlanar diýen umytlar bardy.


Täze açylan telekanallaryň gepleşikleriniň anyk programmalary heniz mälim däl. Bu ýagdaý diňe bir täze telekanallara degişli däl, beýleki türkmen telekanallarynyň hem gepleşikleriniň tertibi şu ýyl çap edilenok. Telewizion gepleşikleriň tertibini şenbe güni çykýan sanynda çap edýän “Watan” gazeti şu ýylky çykan sanlarynda çap edenok.

Ýöne, “Aşgabat” telekanalynda Türkmenistanyň paýtagtyndaky jemgyýetçilik, medeni, ykdysady we sosial täzelikler bilen baglanyşykly taýýarlanan materiallary efire beriljekdigi, “Türkmenistan - sport” telekanalynda bolsa, sagdyn durmuş obrazyny wagyz edýän bedenterbiýe we sport bilen baglanyşykly gepleşikleriň görkeziljekdigi resmi habar beriş serişdelerinde habar berilipdi.

Raýatlaryň ynamyny ödemedi

Täze açylan bu telekanallaryň efirinde resmi metbugatda aýdylýan temalar boýunça materiallar berilip başlandy. Emma, şol gepleşikleriň mazmuny tomaşaçylaryň göwnünden turmak barada alada edilmeýäne meňzeýär. Aşgabatly Merdan Ýakubow “Aşgabat” telekanalynyň berýän gepleşikleriniň mazmunynyň ýurduň beýleki telekanallarynyňka meňzeşdigini aýdýar.

Türkmenistanyň telekanallarynda ýygy-ýygydan duş gelýän görnüşlerden biri
Türkmenistanyň telekanallarynda ýygy-ýygydan duş gelýän görnüşlerden biri
“Bu telekanalyň açyljakdygy barada habar berilende, men, iň bolmanda, gazaklaryň ‘Astana’ telekanaly ýaly bolar öýtdim. ‘Astanada’ golliwud kinofilimleri, çagalar üçin multifilmler, gyzykly programmalar görkezilýär. Emma, ‘Aşgabat’ telekanaly türkmen telewideniýesiniň beýleki telekanallaryndaky ýaly mahabatlandyryjy, öwgi mazmunly gepleşikleri berip başlady. Bu telekanal türkmen telewideniýesiniň beýleki 3 sany merkezi telekanallaryndan diňe ‘Watan’ programmasyny görkezmeýänligi bilen tapawutlanýar” diýip, Merdan Ýakubow belledi.

Käbir raýatlar Türkmenistanda efire çykýan döwlet telekanallarynda diňe häkimiýetleriň syýasatyny mahabatlandyrýan gepleşikleriň berlip gelinýändigini aýdyp, bu ýagdaýdan özleriniň irendiklerini aýdýarlar. Aşgabatly käbir teletomaşaçylar “Aşgabat” telekanalynda paýtagtlylary gyzyklandyrýan ýa-da alada goýýan problemalaryň gozgalmaýandygyndan zeýrendiler.

Aşgabatly Merdan Ýakubow bu barada şeýler diýdi: “Paýtagtda onuň ýaşaýjylaryny alada goýýan meseleler köp. Emma, bu telekanalda olar barada gürrüň edilmejekdigi häzirem belli. Iň bolmanda, şäheriň trolleýbus gatnawynyň ýatyrylýandygy ýaly wakalar barada-da habar berilse, bu telekanal tomaşaçylar üçin peýdaly bolardy”.

Daşarky sport hem ýapyk

“Türkmenistan - sport” telekanalyna bolan garaýyşlar biri-birine gapma-garşylygy bilen tapawutlanýar. Käbirleri bu telekanalyň açylmagy bilen türkmen sportuna tomaşa etmäge mümkinçiligiň dörändigini aýdýarlar. Olaryň biri 36 ýaşly Kakamyrat. Ol sport treneri bolup işleýär.

“Bu telekanalyň açylmagy bilen türkmen sportsmenleri tomaşaçylaryň ünsüni gazanyp bilerler. Elbetde, indi sportsmenler has netijeli çykyş etmeli bolarlar. Beýleki bir tarapdan bolsa, ýurt ýolbaşçylary türkmen sportunyň halyndan habarly bolarlar” diýip, aşgabatly Kakamyrat öz garaýşyny mälim etdi.

Emma Aşgabadyň başga bir ýaşaýjysy, 35 ýaşly Gulmyrat “Türkmenistan - sport” telekanalynda görkezilýän gepleşiklerden göwnüniň geçendigini aýdýar.

“Türkmen dilinde daşary ýurtlarda bolup geçýän sport ýaryşlarynyň translýaiýasyny görerin öýdüp umyt edipdim welin, entäk bu umydymyz hasyl boljaga meňzänok. Iň bolmanda, bu ýaryşlar barada habar berilip durulsa-da, gowy bolardy. Häzirki bu telekanalda görkezilýän türkmen sportsmenleriniň çykyşam, olaryň çykyşlarynyň translýasiýasam bu telekanalyň tomaşaçalarynyň sanyny köpeltmese gerek. Şoňa görä, biz ýene daşary ýurt sport telekanallaryna tomaşa etmegi dowam etdirmeli bolýarys” diýip, Gulmyrat belledi.

Umuman, “Aşgabat” we “Türkmenistan - sport” täze telekanallaryň açylanyna ýarym aý geçdi. Emma, bu telekanallaryň işinden ilat kanagatlanyp baranok. 17-nji ýanwarda wideo aragatnaşygy arkaly geçiren hökümet maslahatynda prezident G.Berdimuhamedowyň bu täze telekanallar barada degişli ýolbaşçylara eden belliklerine üns berseň, onuň özüniň hem bu telekanallaryň işinden doly kanagatlanmaýandygyna düşünse bolýar.
XS
SM
MD
LG