Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran islendik hüjüme gaýtargy berjekdigini aýdýar


Eýranyň rewolýusion gwardiýasynyň başlygynyň orunbasary Hoseýn Salamy
Eýranyň rewolýusion gwardiýasynyň başlygynyň orunbasary Hoseýn Salamy
Haýsy ýurduň territoriýasyndan “yslam döwletiniň duşmanlary” Eýrana harby zarba ursa, şol ýurda hüjüm ediler diýip, Eýranyň rewolýusion gwardiýasynyň başlygynyň orunbasary Hoseýn Salamy ýekşenbe güni Ormuz bogazyna golaý ýerde harby okuw geçirilýän wagty aýtdy.

Iki günlük guryýer maşklaryna Eýran Ormuz bogazyndaky harby-deňiz güýçleriniň türgenleşikleri bilen bir wagtda şenbe güni başlady.

Birleşen Ştatlar we Ysraýyl, eger konflikti diplomatik ýollar arkaly kadalaşdyrmak başartmasa, Eýrana harby taýdan zarba urmak mümkinçiligini aradan aýyrmaýarlar.

Tähran Ysraýyla we Pars aýlagyndaky amerikan harby bazalaryna zarby urjakdygy hem arap nebitiniň üçünji ýurtlara daşalýan esasy ýoluny – Ormuz bogazyny ýapjakdygy bilen haýbat atýar.

Eýran ýadro programmasynyň töweregindäki dartgynlylygyň artýan şertlerinde öz harby kuwwatyny görkezmäge çalyşýar.

Ýekşenbe güni agşam NBC telekanalyna beren interwýusynda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama öňküleri ýaly ozaly bilen ýaglaýy kadalaşdyrmagyň diplomatik usullarynyň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG