Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranly hammal: ‘Türkmenistan ýoly ýapdy’


Türkmenistan garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllarynda goňşusy Eýran bilen bilelikde dürli proýektleri amala aşyrdy. Şol proýektlerden biri hem Eýranda “Inçeburun” diýlip atlandyrylýan gümrük geçelgesindäki bazar bolup, şol bazarda türkmenler öz harytlaryny eýranlylara, eýranlylar bolsa türkmen müşderilerine hödürleýärler.

Bazaryň açylmagy we iki ýurduň serhetýaka etraplarynyň ýaşaýjylarynyň arasynda açylan bu söwda gapysy diňe täjirlere däl, töwerekde ýaşaýan ilatyň durmuşyna hem onyň täsirini ýetirip başlady.

Emma soňky birki ýyllykda bazardaky we serhet geçelgesindäki ýagdaýyň barha agyrlaşýanlygy aýdylýar. Bu ýagdaý Eýranyň Türkmenistan bilen serhetýaka etraplarynda ýaşaýan Akmyrada hem öz täsirini ýetirýär.

Eýranly Akmyrat Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahire bu ýagdaý barada şeýle gürrüň berdi:

– Eýranyň we Türkmenistanyň erkin gümrük geçelgesi bardy. Ol ýerden geçip, täjirler söwda ederdiler. Biz çaga-ownuklarymyz bilen olaryň ýüküni geçirerdik. Indi iş kyn bolup dur. Geçirmeýärler. Türkmenistan ýoly ýapdy. Onuň sebäbi name? Näme üçin şeýle bolýar? Biziň garyplarymyz üçin gazanmaga gowy bolýardy. Bu hem Türkmenistana, hem Eýrana bähbitlidi.

Azatlyk Radiosy: Siz sorap gören bolsaňyz, gümrükdäki adamlar muňa jogap bermedilermi?

– Oňa jogap berýän ýok. Ýöne, meselem, [ep-esli wagtdan bäri] şol geljek ýyl açyljakmyş ýa bäş aýdan açyljakmyş diýýänler bar. Ýöne hiç bir açylýan zady ýok. Şoňa baş galdyrýan hiç bir resmi ýok.

Azatlyk Radiosy: Hammallyk bilen meşgullanýanlygyňyzy aýtdyňyz, kynçylyk döremezden öň şol gümrükden halk nähili peýdalanýardy?

– Hemmesine peýdasy bardy, hem Türkmenistana, hem Eýrana. Şonuň gaty gowy peýdasy kändi.

Azatlyk Radiosy: Şol bazar we hammallykdan gazanç edýän adamlar barada az-kem maglumat berip biljekmi? Nähili söwda-satyk bolardy? Ondan takmynan näçe adam peýdalanardy?

– Şondan gümrük…meselem, Türkmenistana serhedinden günde ýüz adam geçerdi, Eýrana-da azyndan ýüz adam gelerdi. Her günde bazar bolup durardy.

Azatlyk Radiosy: Eýran bilen Türkmenistanyň serhedindäki “Inçeburunda” açylan bazar barada aýdýaňyz dälmi?

– Hawa. Şonda Eýranyň pulundan 12 müň tümeni döwletimize tölärdik. Şol töleg bilen gidip, Gyzyletrekde birki gün ýatyp ýa-da ýatman, täjirleriň ýüküni aňyrdan bärik geçirerdik. Oňa-da 40-50 müň tümen pul alardyk. Indi şol zatlar düýpden ýok boldy.

Serhetden maşynlar geçýär. Meselem, Eýrandan ýük geçirýärler. Olaryň pasporty barmy, bilmedim. Olar Nebitdaga geçýärler. Ýöne sada täjirleriň söwdalary ýatdy. Olary wiza bilen geçirýärler. Ýöne wiza garyp adamlara gaty gymmat bolýar. Ol wiza bilen ýük geçirseň, ondan peýda görüp bolmaýar.

Biz gap-çanak, mata diýen ýaly zatlary bärik geçirerdik, täjirleriň zatlaryny geçirerdik. Indi olaram bärik wiza bilen geçmeli. Ol bize gaty gymmat bolýar. Ony biz başaramzok.

Gaty baý täjir adamlar zadyny maşyn bilen geçirip bilýärler. Meselem, Aşgabat ýa Nebitdag ýaly şäherlere geçirip bilýärler. Ýöne ýönekeý adamlar Gyzyletrekden söwda ederdiler. Biz indi şoňa geçip bilmeýäs.

Biz öň Eýranyň puly bilen 12 müň tümen tölärdik, şonuň bilen-de giderdik. Öz bazaryna görä täjirlerden 30-50 müň tümen aralygynda pul alardyk. Indi bizden wiza talap edýärler. Şol bolmasa Türkmenistan tarapy geçirmeýär diýýärler. Munuň düýp sebäbini bilemzok. Ýöne Türkmenistan şony geçirmän, berkidip goýdy.

Azatlyk Radiosy: Öň şu iş bilen meşgullanýan adam köpmüdi?

– Şondan işläp meşgullanýan köpdi, şol bazarda işleýän örän köpdi. Akgala, Marawa, Kümmetkowusyň töweregindäki obalardan gelerdiler.
XS
SM
MD
LG