Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa ABŞ-a Magnitskiý kanun proýekti boýunça duýduryş berýär


Bir adam Orsýetiň IIM-siniň öňünde Magnitskiniň portretini göterip, polisiýanyň bikanunçylyklaryna protest bildirýär, 2012-nji ýylyň 24-nji marty.
Bir adam Orsýetiň IIM-siniň öňünde Magnitskiniň portretini göterip, polisiýanyň bikanunçylyklaryna protest bildirýär, 2012-nji ýylyň 24-nji marty.
Moskwa Birleşen Ştatlaryň Senatynda Magnitskiniň işi bilen bagly kanun proýektiniň 26-njy iýunda tassyklanmagyna jogap berjekdigini aýdýar.

Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow çarşenbe güni eden çykyşynda Magnitskiniň işi bilen bagly “gara sanawa” goşulan ors resmilerine Birleşen Ştatlara barmak gadagançylygyny we olaryň ABŞ-daky emlägini doňdurmaklygy öz içine alýan kanunyň taslamasynyň makullanmagyna özleriniň diňe gynanmak bilen çäklenmän, gaty geň galandygyklaryny belledi.

Rýabkow Magnitskiniň ölümi bilen bagly taýýarlanan bu kanun taslamasy kabul edilen halatynda, Orsýetiň hem ABŞ garşy has berk çäre görjekdigini nygtady: “Muňa jogap bolar. Bu jogap deňagramly bolar we biziň özara gatnaşyklarymyza goşmaça kynçylyk döretmez. Ýöne biziň jogabymyz gaty berk bolar”.

37 ýaşly Magnitskiý 2008-nji ýylda Orsýetiň ýokary derejedäki resmilerini 230 million dollarlyk galplykda aýyplansoň, salgyt tölemekden boýun gaçyrmakda güman edilip, tussag edilipdi. Ol tussaglykda 11 aý saklanansoň, 2009-njy ýylda pankreatit keselinden ýogaldy. Oňa türmede zerur medisina kömeginiň berilmänligi, onuň şol ýerde urlup-ýenjilenligi aýdylýar.

Magnitskiniň ölümi bilen bagly türmede pes derejedäki wezipäni eýeleýän diňe bir lukman jogapkärçilige çekildi. Onuň ölümine dahyly bolan ýokary derejeli resmiler bolsa Orsýetiň häkimiýetleriniň goldawyny tapdylar.

Magnitskiniň ölümi

Magnitskiniň ölümi bilen bagly waka Orsýetde adam hukuklarynyň bozulmagynyň simwolyna öwrüldi. Bu waka tussaglykda heläk bolan ýuristiň tarapdarlaryny adalatyň gözleginde daşary ýürtlara ýüzlenmäge mejbur etdi.

26-njy iýunda ABŞ-nyň Senatyndaky komitetleriň birinde orsýetli ýurist Sergeý Magniskiniň tussaglykda heläk bolmagy bilen bagly ors resmilerine garşy çäreleri berkidýän kanunyň taslamasy bir agyzdan makullandy. Hepdäniň sişenbe güni geçirilen bu ses berişligi Senatyň Daşary gatnaşyklar boýunça komissiýasynyň ýolbaşçysy Jon Kerri alyp bardy.

Birnäçe gezek gaýra goýlan bu ses berişlikde kanunyň taslamasynyň makullanmagynyň “Sergeý Magniskiniň işi bilen bagly kanunyň üstünligi baradaky aktyň” kanun hökmünde kabul edilmegine ýol açýandygy aýdylýar.

Magnitskiniň ölümine jogap hökmünde taýýarlanan kanunyň taslamasynda diňe Orsýetde däl, eýsem tutuş dünýä boýunça adam hukuklarynyň bozulmagyna ýol beren resmilere garşy wiza gadagançylygyny girizmek we şol resmileriň ABŞ-daky emlägini doňdurmak ýaly çäreleriň görülmegi göz öňünde tutulýar.

Şu aýyň başynda Birleşen Ştatlaryň Wekiller palatasynyň komitetinde hem bu kanunyň taslamasy makullanypdy, ýöne bu taslamanyň Wekiller palatanyň hemme komitetlerinde tassyklanmagy zerur bolup durýar.

Prezident Barak Obamanyň edarasy bu kanunyň Orsýet bilen gatnaşyklara ýaramaz täsir ýetirip biljekdigi barada alada bildirdi. Ýöne, muňa garamazdan, kanunyň taslamasy Senatda we Wekiller palatasynda kabul edilse, Obama oňa weto goýmakdan saklanar diýip, analitikler çaklaýarlar.

Jekson-Wanik

Bu kanun taslamasyna Kongresde garalmagy Sowuk uruş döwründäki Orsýet bilen özara söwda çäklendirmelerini öz içine alýan kanuny ýatyrmak barada edilýän tagallalar bilen baglanyşdyrylýar. Jekson-Wanik üýtgetmeleriniň ýatyrylmagy bolsa Orsýet bilen ABŞ-nyň söwda gatnaşyklarynyň kadalaşmagy üçin zerur bolup durýar.

Obamanyň edarasy Jekson-Wanigiň üýtgetmeleriniň ýatyrylmagy ugrunda hereket edýär. Sebäbi, analitikleriň pikirine görä, bu kanun ýatyrylmasa, onda Orsýet Bütindünýa Söwda Guramasyna agza bolan halatynda, ABŞ bähbitsiz ýagdaýa düşer.

ABŞ-nyň Kongresinde Magnitskiý bilen bagly kanunyň kabul edilmeginiň käbir tarapdarlary, bu kanun kabul edilmese, onda özleriniň Jekson-Wanigiň üýtgetmeleriniň ýatyrylmagyna garşy çykyş etjekdiklerini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG