Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wagt geçip dur, “Türkmenhowaýollarynyň” ýolagçylarynyň gözleri ýolda


Indiki goşmaça reýs sagat näçede gelmeli?
Indiki goşmaça reýs sagat näçede gelmeli?
Moskwanyň “Domodedowo” aeroportundan gowşan maglumata görä, “Türkmenhowaýollarynyň” hyzmatyndan peýdalanýan onlarça türkmenistanly ýolagçy Aşgabada uçup bilmän, bilet kassasynyň öňünde indi birnäçe gün bäri nobatda garaşýar.

Bu ýolagçylaryň ellerinde uçuş biletleri bar, emma biletlerde uçuş wagty goýulmadyk. Ýolagçylaryň esasan Orsýetde okaýan studentlerdigi habar berilýär.

Azatlyk Radiosynyň Moskwadaky habarçysy Gözel Hudaýberdiýewa “Domodedowo” aeroportuna baryp, bu ýagdaý bilen gyzyklandy.

Gözel Hudaýberdiýewa: Häzir men Moskwanyň “Domodedowo” aeroportunda “Türkmenhowaýollarynyň” kassasynyň öňünde. Türkmenistana uçup bilmän garaşýan adamlaryň sany azyndan 40 adam. Emma düýnden bäri ýazylan spisoklar bar, olaryň birinde 66 adamyň ady, ýene birinde 18 adamyň ady ýazylan.

Azatlyk Radiosy: Şuny anyklaly, bu nämäniň spisogy?

Gözel Hudaýberdiýewa: Türkmenistana uçmak isleýän, emma gidip bilemeýän adamlaryň sanawlary. “Türkmenhowaýollarynyň” kassasynyň işgäriniň aýtmagyna görä, günde adaty bir reýs Türkmenistana uçýar. Emma şol işgär bir hepde bäri şol gündeki adaty reýsiň daşyndan goşmaça reýsiň hem iberilýänligi habar berdi. Şeýle goşmaça reýsleriň iň soňkusy şu gün ir sagat 10:15 ugrapdyr. Emma düýn düzülen sanawdan diňe 6 adamyň şu günki goşmaça reýs bilen gidenligini kassanyň işgäri habar berdi. Muny studentler hem tassykladylar. Käbir studentler şu ýerde üç gün bäri oturandyklaryny gürrüň berdiler. Emma käbir studentleriň sözlerine görä, goşmaça reýsler diňe iki gezek geçirilipdir.

Azatlyk Radiosy: Gözel, şeýle ýagdaý näçe wagt bäri dowam edip gelýär? Şu barada näme aýdýarlar?

Gözel Hudaýberdiýewa: “Türkmenhowaýollarynyň” kassasynda işleýän işgäriň aýtmagyna görä, şeýle ýagdaý bir hepde bäri dowam edýär. Emma studentler bu ýagdaý ekzamenler gutaraly bäri başlandy diýip, gürrüň berýärler. Studentleriň köpüsi Moskwanyň özünde däl-de, Orsýetiň başga şäherlerinde, başga regionlarynda okaýan ýaşlar. Olaryň sözlerine görä, bärde oturmak, garaşmak gaty kyn, emma olar şeýle tejribeleriň bardygyny bilip, köpüsi öňünden taýýarlyk görmäge çalyşýarlar.

Azatlyk Radiosy: Şu ýagdaýy has anyklasak, studentleriň ellerinde biletleri barmy?

Gözel Hudaýberdiýewa: Studentleriň ellerinden biletleri bar. Bu biletler Türkmenistanda satyn alnan biletler. Iki tarap üçin niýetlenen açyk dataly biletler. Emma olarda yzyna uçmak üçin, ýagny Orsýetden Türkmenistana uçmak üçin wagt goýulmandyr. Bu ýerde esasy mesele olaryň bron alyp bilmeýänliginde. Emma bärdäki kassada nobatdaky uçarda ýer bolmasa Türkmenistana gitmek isleýänleriň biletlerine bron goýdurylanok. Şol ýaşlaryň köpüsi öňünden bron goýduryp bilmändiklerini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy: Näme üçin şeýle ýagdaý geçen ýylam boldy, indi şu ýyl hem gaýtalanýar? Onuň öňüni alyp bolmaýarmy? Bu barada nähili maglumatlar bar?

Gözel Hudaýberdiýewa: Gaty gowy sowal, şu sowaly bärde uýşen adamlar hem birek-birege berýärler, “Türkmenhowaýollarynyň” kassasynda işleýän işgäre-de berýärler. Emma muňa häzirlikçe jogap ýok. Käbirleri beýleki howa kompaniýalarynyň tejribelerine garap, “Türkmenhowaýollary” käbir hyzmatlary ornaşdyryp bilerdi diýýärler. Meselem, brony internet arkaly goýdurmak usulyny. Dünýäde ýörgünli bolan bu usul ähli ýolagçylara, olar nirede bolsa-da, uçjak gününi öňünden kesgitlemäge we tassyklamaga mümkinçilik döredýär. Emma “Türkmenhowaýollarynda” şeýle mümkinçilik ýok. Häzirki wagtda Moskwadan başga ýerlerde, başga şäherlerde okaýan ýa ýaşaýan türkmen ýolagçylary Türkmenistana gitmek üçin uçar biletlerine data goýdurjak bolsalar, ýa Moskwa gelmeli, ýa-da şeýle kassalar bar bolan şäherlere barmaly bolýarlar. Bu fiziki taýdan kyn, üstesine gaty gymmat düşýär.

Azatlyk Radiosy: Telefon arkaly bron edip bolanokmy? Bu barada studentler näme diýýärler?

Gözel Hudaýberdiýewa: Studentler näçe öňünde jaň etseňem “ýer ýok”, “bron ýok” diýýärler diýip, gürrüň berdiler. Hem adaty uçarlarda, hem goşmaça uçarlarda ýer ýok. Diýmek, Türkmenistana uçmaga ýa-da “Türkmenhowaýollarynyň” hyzmatlaryndan peýdalanmaga bildirilýän islegler “Türkmenhowaýollarynyň” teklip edýän hyzmatlaryndan ýa mümkinçiliklerinden has uly bolup çykýar.
XS
SM
MD
LG