Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranlylar öz pullaryny halas etmegiň aladasynda


Owganystanyň Gerat şäheriniň Horasan bazarynda walýuta söwdegärleri Eýranyň rialynyň bahasyny söwdalaşýarlar. Gerat, 4-nji oktýabr, 2012.
Owganystanyň Gerat şäheriniň Horasan bazarynda walýuta söwdegärleri Eýranyň rialynyň bahasyny söwdalaşýarlar. Gerat, 4-nji oktýabr, 2012.
Soňky wagtlar Eýrana garşy girizilen halkara walýuta we ykdysady sanksiýalary bu ýurduň pul birligi bolan rialyň hümmetiniň görnetin pese gaçmagyna getirdi.

Walýuta krizisi bilen ýüzbe-ýüz bolan eýranly biznesmenler we adaty raýatlar şu günler öz pullaryny goramak üçin gyssagly çykalga gözleýärler.

Eýranyň banklaryna girizilen halkara sanksiýalary sebäpli ýurduň daşyna pul ugradyp bilmeýän köp eýranlylar öz ýerli pul birligi bolan rialyň hümmetini goramak üçin çykalgany goňşy ýurtlardan gözlemeli bolýarlar.

Owganystandan haraý gözlenilýär

Bu ugurda olaryň haraý gözleýän iň esasy ýurtlaryndan birem Owganystan boldy. Soňky onýyllygyň dowamynda harby konfliktleri başdan geçirip gelýän Owganystan daşary ýurt walýutalarynyň uly bir akymyna-da öwrüldi.

Owganystandaky bu ýagdaý diňe bir Eýranyň raýatlaryna däl, eýsem Eýranyň döwletine-de öz pullarynyň hümmetini goramaklyk üçin mümkinçiliklere ýol açýar. Eýran şu günki gün ähli mümkin bolan ýollar arkaly öz içinde daşary ýurt walýuta ätiýaçlyklaryny artdyrmagy çalyşýar.

Yragyň Bagdat şäherinde walýuta söwdegärleri ýerli dinar bilen Eýranyň rialyny söwdalaşýarlar. Bagdat, 4-nji oktýabr, 2012.
Yragyň Bagdat şäherinde walýuta söwdegärleri ýerli dinar bilen Eýranyň rialyny söwdalaşýarlar. Bagdat, 4-nji oktýabr, 2012.
Ýöne owganystanly walýuta çalşyjylaryň indi Eýranyň rialyny satyn almakdan ätiýaç edip başlamaklary bilen, eýranlylar üçin bar bolan ozalky mümkinçilikleriň gapysy-da ýapylana meňzeýär.

Owganystanyň Gerat şäheriniň Horasan bazaryndaky kiçijik söwda nokatlarynyň köpüsinde söwdegärler pul çalyşmak bilen-de meşgullanýarlar. Bu ýerdäki pul çalşyjylar Eýranda işläp, yzlaryna dolanyp gelýän owganystanlylaryň getirýän riallaryny beýleki walýutalara çalşyp berýärdiler.

Ýöne soňky birnäçe aý bäri Owganystanyň bu bazarynyň söwdegärleri Gerat şäherine Eýranyň rialyny getirýän eýranlylaryň köpelendigini we olaryň bu ýerde yzygiderli maliýe işlerini ýola goýandyklaryny aýdýarlar.

Ýerli söwdegärleriň aýtmaklaryna görä, başga ýerlere pul ýollamak isleýän eýranlylar köplenç owganystanly araçyl dellallalaryň kömeginden peýdalanýarlar. Maglumata görä, bu dellallar öz hyzmatlary üçin olardan lomaý töleg alýarlar.

Eýranyň puluna isleg azalýar

Mundan birneme ozal Eýranyň rialynyň owganystanly söwdegärler tarapyndan söwda üçin amatly walýuta hökmünde ulanylyp gelnendigine garamazdan, rialyň hümmetiniň rekord derejede pese gaçmagy netijesinde ondan peýdalanylyşy indi görnetin pese gaçypdyr.

Horasan bazarynyň söwdegäri Abdul Sabur Nabirzada bu dörän ýagdaý barada şeýle diýýär: “Mundan üç-dört aý ozalam biz öz harytlarymyzy rial bilen satyn alýardyk we kompaniýalaram bize Eýranyň pulunda söwda etmäge mümkinçilik berýärdiler. Emma indi bu puluň hümmetiniň pese gaçmagy bilen, olar bize rial bilen töleg etmeklige rugsat berenoklar we bizden amerikan dollarynda töleg etmekligi talap edýärler”.

Şu 2012-nji ýylyň başyndan bäri rialyň hümmetiniň 80 prosente golaý pese gaçandygy habar berilýär. Diňe 1-nji oktýabrdan soň onuň hümmeti 20 prosente golaý peseldi.

Munuň özi Eýranyň milli pulunyň hümmetiniň taryhda iň ýokary derejede pese gaçmasy hökmünde alamatlandy. Söwdegärler rialyň hümmetiniň pese gaçmagynyň henizem dowam edýändigini aýdýarlar.

Eýranyň milli pulunyň hümmetiniň şeýle derejede peselmegi diňe bir Eýranyň öz içerki ýagdaýyna ýaramaz täsir etmän, eýsem goňşy Owganystanyň käbir regionlaryna, aýratynam, günbatar regionlaryna ýaramaz täsir etdi.

Bu regionda köp adamlar Eýranyň rialyny öz ýerli pullary ýaly gündelik durmuşda ulanyp gelýärler.
XS
SM
MD
LG