Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tagtabazar: kerpiç zawodynyň işgärleri kösenýändiklerini aýdýarlar


Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyndaky “9-njy Gurluşyk Gurnama Müdirligine” degişli kerpiç zawodynda işleýänleriň sözlerinden çen tutulsa, olaryň iş şertleri birnäçe ýyl bäri agyr bolmagynda galýar: işgärleriň belli bir iş wagtlary ýok, alýan aýlyklary bolsa, öz sözlerine görä, edýän işlerine laýyk däl.

Ol ýerde işleýänleriň sany takmynan 50-60 adam, olaryň aglabasy bolsa aýal maşgalalar.

“Biz irden sagat 7-00-de işe başlaýas, iş wagtymyz hem agşam sagat 19-00-da gutarýar. Tomus aýlarynda bolsa: ‘Entek gün batmady, işläberiň!’ diýýärler, sagat 20-21-e çenli işleýäs. Işlemeseňem aýlyk ýok, başga iş bolmanlygy sebäpli mejbur işlemeli bolýarys” diýip, bu ýerde 20 ýyldan gowrak wagt bäri işläp gelýän Ogultuwak daýza aýdýar.

Kerpiç zawodynda her wagonetka üçin işgärlere 65 teňňe tölenýär. Ýüklenýän çig kerpijiň her biriniň agramy 7 kilograma golaý, her wagonetka bolsa 280 kerpiç bilen dolýar. Işgärler durman işlänlerinde her gün 25 wagonetka doldurýandyklaryny aýdýarlar.

Göräýmäne işgärleriň aýlyk haklary 487 DTM-e golaý çykjaýjak ýaly, ýöne işgärleriň ellerine alýan aýlyklary bolsa beýle däl. Kerpiç zawodynyň işgärleriniň aýtmaklaryna görä bolsa, günlük 25 wagonetkanydiňe tomus aýlarynda gurluşyk köp edilende alyp bolýar.

“Aýlygymyz tomus aýlarynda häzirkiden köpräk çykýar, 280-300 DTM çenli, sebäbi her kim gurluşyk edýär, kerpiç köp satylýar. Galan wagt bolsa işimiz konweýeriň işleýişine bagly, ol bolsa köp döwülýär. Şol sebäpden biziň aýlyklarymyz 50-60 DTM töweregi bolýar” diýip, adynyň agzalmazlygyny soran işgärleriň biri aýdýar.

Aýlyk haklarynyň galdyrylmagyny haýyş edip, işgärler ençeme gezek “9-njy Gurluşyk Gurnama Müdirliginiň” başlygyna ýüzlenipdirler, ýöne ondan alýan jogaplary: “Häzir galdyryp bilemizok, halamasaňyz gidip bilersiňiz!” diýmekden başga zat bolmandyr.

Çagalar işledilýär

Kerpiç zawodynda işleýänler, aýlyk haklaryna ýetirinip bilmeýändikleri sebäpli, öz ýanlaryna çagalaryny hem kömege alýarlar. Kömege gelýän çagalar näresmi ýagdaýda işleýärler, olara hiç-hili dokument tutulmaýar. Şol sebäpden hem olar iş gününiň soňunda eden işlerine görä nagt pullaryny alýarlar.

Bu ýerde işleýän ene-atalaryň köpüsi, mejbur bolmasalar, çagalaryny işletmegi makul görmeýärler. Olaryň biri okuwa edilýän çykdaýjylaryň köplügi we edýän gazanjynyň azlygy sebäpli, çagasyny işletmeli bolýandygyny aýtdy.

“Çagalar okuwa gitseler günortanlyk olara iň bolmanda 1 manat bermeli bolýar, ondan daşary olaryň eşigi bar, depder-galamlary bar, şol sebäpden gelip birazajyk kömek etmeseler näme edeli?!” diýip, ol aýdýar.

Bu ýerde işleýän çagalar 13-14 ýaşlarynda, uluraklarynyň ýaşy bolsa 16-17 töweregi.

Çaga güýjiniň ulanylmagyndan başlyklar hem bihabar däl. Özara gürrüňdeşlikde agzalan zawodyň direktory hem çaga güýjüniň ulanylmagynyň ýalňyşdygyny tassyklady. “Ýöne işe adam gelmese nädeli?! Arasynda özüm aýlanyp habar alyp durýan” diýip, ol aýtdy.

Tehniki howpsuzlyk

Çaga güýjüniň ulanylmagy bu zawodyň “Iş goramak we tehniki howpsuzlyk” düzgünlerine hem garşy gelýär. Emma işgärleriň käbirleri tehniki howpsuzlygyň nämediginden hem bihabar, sebäbi, olaryň aýtmaklaryna görä, tehniki howpsuzlyk inženerleri olar bilen söhbetdeşlik geçirmeýär.

“Aýda bir gezek gelip hemmämizden gol ýygnap gider, şeýdip hem indiki aýa çenli tehniki howpsuzlyk inženerini görmersiňem...” diýip, bu ýerde işleýän Ogultuwak daýza aýdýar.

Zawodyň işgärleri öň ýörite eşikler, iş köwüşleri, äýnekler, kaska we ellik ýaly zatlar bilen üpjün edilýän eken, emma häzir her kim tapan zadyny geýýär. Işgärler öz hasaplaryna diňe ellik satyn alyp bilýändiklerini, başga zada aýlyk haklarynyň ýetmeýändigini aýdýarlar.

Käbir işçileriň aýtmagyna görä, käte zawoda komissiýa hem gelýär. Ýöne, işgärleriň birnäçesiniň aýtmagyna görä, gelen komissiýa zawodyň içini surata düşürip gitmekden başga zat edenok.

“7-8 aý mundan ozal kommisiýa geldi, şonda biz derdimizi aýtdyk, ýöne hiç hili çäre görülmedi. 2-3 aýlykda ýene bir gezek Marydan kommisiýa geldi, olam zawodyň içini surata alyşdyrdy, ýöne biziň iş şertlerimiz bilen gyzyklanmady” diýip, Ogultuwak daýza gürrüň berýär.

Häzir zawodyň işgärleri alýan aýlyk haklary öz çekýän zähmetlerine görä bolup, iş şertleri gowulanar diýen umyt bilen işleýärler.
XS
SM
MD
LG