Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maýýalaryň “ahyrzamany” ýakynlaýar, kyýamat howsalasy möwjeýär


Maýýalaryň Kukulan ybadathanasy.
Maýýalaryň Kukulan ybadathanasy.
Ahyret golaýlady. 21-nji dekabrda dünýäniň durky üýtgäp, ýer ýüzüni köp sanly tebigy harasatlar, weýrançylyklar gurşap alyp, munuň netijesinde-de adamzadyň soňy geler.

Dünýäde köp adamlar, gadymy Maýýa halkynyň, ýagny maýýa siwilizasiýasynyň ýöreden ýyl hasabyna esaslanyp, agzalan gowgaly çaklamalary çynlakaý kabul edýärler.

Alymlaryň, resmileriň, dini ruhanylaryň ynandyrmalaryna garamazdan, adamlarda ahyrzaman gorkusy saklanýar. Käbirleri, utanç-haýanyň çäklerinden çykyp, bu baradaky gybatlaryň netijesinde, girdeji edinmekden hem gaýtmaýarlar.

“Ahyrzaman komplekti"

Belki-de, dünýäniň beýleki ýurtlary bilen deňeşdirilende, ahyrzaman baradaky howsala Orsýet bilen Ukrainany has köp gurşap alan bolmagy mümkin. Bu ýurtlarda adamlar 21-nji dekabra taýýarlyk görüp, zerur öý-hojalyk zatlary bilen öýlerini doldurdylar.

Orsýetde adamlaryň şemleri, kükürtleri, hatda kerosin çyralaryny hem artykmajy bilen alyp goýandyklary aýdylýar. Haýran galmaly ýene bir ýagdaý, senagat şäheri Nowokuznetskide duzuň gytçylygy döredi.

Tomsk şäherinde ilkibaşda degişme äheňinde hödür edilen “ahyrzaman komplekti”, soňra girdejili biznese öwrüldi. Bulary taýýarlaýan “Marina Mendelson” atly guramanyň işgäri Aleftina Popowa: “Soňky döwürde adamlar ahyrzaman barada barha köp gürrüň edýärler. Şunlukda biz degişeli diýip, ýörite “ahyrzaman komplektini” taýýarladyk. Biz bular ýaly gürrüňlere gülmelidigini görkezjek bolupdyk” diýip, gürrüň berýär.

Popowanyň aýtmagyna görä, internet arkaly Orsýetiň ähli künjeklerinden adamlar bu “ahyrzaman komplekitini” sargap başlapdyrlar.

Popowa sözüni jemläp: “Bu, gürrüňsiz, girdejili bir iş boldy” diýip, ýaňsa alýar.

Bahasy 890 rubla ($25) deň bolan bu komplekt ýygymyň düzümine: uzyn bir ýüp, bint, depder, arak, kilka konserwasy, sabyn... ýene-de ahyrzaman güni zerur bolup biläýjek beýleki zatlar girýär.

Resmiler

Emma Orsýetiň resmileri welin, dünýäniň soňlanjakdygy baradaky gep-gürrüňlere ynanmaýana meňzeýärler. Orsýetiň Döwlet Dumasynyň ençeme deputatlary ýurduň federal telekanallaryna ýüzlenip, “ylmy taýdan galp maglumatlara esaslanyp, ahyrzaman barada informasiýa” ýaýratmazlyga çagyrdylar.

Italiýada Watikanyň esasy astronomlarynyň biri 21-nji dekabrda boljak diýilýän kyýamat baradaky gep-gürrüňleri ýalana çykaryp, Maýýa siwilizasiýasynyň kalendary esasynda boljak zatlaryň “gürrüňini edeniňe-de degmeýändigini” aýtdy.

ABŞ-nyň NASA kosmos agentligi, aýgytly ädim ädip, “2012-den soň: Näme üçin ahyrzaman bolmaz” diýen faktlar gollanmasyny çap etdi.

Ýöne, her niçigem bolsa, ahyrzaman baradaky gep-gybatlaryň netijesinde käbirleri öz jübülerini gabartmagy dowam etdirýärler.

ABŞ-nyň Şewrolet ulag kompaniýasy ýörite mahabat wideosyny hem taýýarlady:


Serbiýanyň gündogaryndaky Rtanj daglaryndaky ähli myhmanhanalar eýýäm müşderilerden doly. 21-nji dekabrda dünýä tutuşlygyna ýok bolup gideninde, şol ýere hiç zadyň bolmajakdygyny aýdýanlar hem bar.

Şuňa meňzeş ýagdaýlara Fransiýanyň we Türkiýäniň daglyk ýerlerinde hem şaýat bolmak mümkin. Ol ýerlere-de kyýamat gopanda hiç zat bolmajakdygy aýdylýar. Onsoň bu sebitlere öň görlüp-eşidilmedik sanda turistler gelýär.

Ahyrzaman baradaky gürrüňleriň möwjemegi bilen, aslynda maýýalaryň özleriniň ozalbaşda bu barada aýdyp giden zatlary ünsden düşürilýär. Hakyna seretseň, olaryň belleýşi ýaly, 2012-nji ýylyň 21-nji dekabrynda dünýäniň soňy gelmän, täze kalendar başlanýar.
XS
SM
MD
LG