Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Öňki generala ömürlik tussaglyk berildi


Içeri işler ministrliginiň gözegçilik bölüminiň öňki başlygy Oliksiý Pukaç (ortada) suduň zalynda.
Içeri işler ministrliginiň gözegçilik bölüminiň öňki başlygy Oliksiý Pukaç (ortada) suduň zalynda.
Ukrainanyň sudy derňewçi žurnalist Georgiý Gongadzäni öldürmekde aýyplanyp, sud jogapkärçiligine çekilen polisiýa generalyny ömürlik türme tussaglygyna höküm etdi.

Kiýewiň Peçera etrap sudy 29-njy ýanwarda Içeri işler ministrliginiň gözegçilik bölüminiň öňki başlygy, general Oliksiý Pukaçy bogup öldürmekde günäli tapdy. Pukaçyň harby derejesi hem ýatyryldy.

Ýokary derejedäki korrupsiýany tankytlan Gongadze 2000-nji ýylyň sentýabr aýynda alnyp gaçyldy we birnäçe aýdan soň onuň kellesi kesilen jesedi Kiýewiň eteginden tapyldy.

Ozalky prezident Kuçma

Iş kabinetinde ýaşrynlykda ýazga geçirilen gürrüňlerine esaslanyp, şol wagtky prezident Leonid Kuçmanyň hem bu jenaýata gatnaşygynyň bardygy aýdylýar. Ýagny bu gürrüňler onuň žurnaliste garşy dildüwşüge gatnaşan bolmagynyň ahmaldygyny çaklamaga esas berýär.

Prokurorlar 2011-nji ýylda bu jenaýat bilen ilteşiklikde Kuçma aýyplama bildirdiler. Emma, muňa garamazdan, şol ýylyň ahyrynda, Kuçma garşy görkezilýän esasy subutnamanyň bikanun alnandygyny we şol sebäpden jenaýat baradaky aýyplama esas bolup bilmejegi tassyklanyp, ol aýyplamalar ýatyryldy.

Pukaç 2009-njy ýylda tussag astyna alyndy. Ol sud diňlenişiginde Kuçmanyň öz öňki ýolbaşçysy we häzir parlamentiň deputaty Wolodymyr Lytwyna we öňki içeri işler ministri Ýuriý Krawçenko Gongadzeni öldürilmegi buýrandygyny aýtdy.

Krawçenko 2005-nji ýylda Kiýewiň golaýyndaky kwartirasynda öli tapyldy. Resmiler Krawçenkonyň öz janyna kast edendigini aýtdylar, ýöne Ukrainanyň käbir media wekilleri onuň kellesinden iki ok atylyp öldürilendigini aýdýarlar.

2008-nji ýylda üç sany öňki polisiýa işgäri Gongadzeniň ölümine dahyllylykda aýyplanyp, üç ýyldan 12 ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Suduň çarşenbe güni çykaran kararyndan soň Pukaç suduň çykaran kararyny diňe öňki prezidentiň we öz ýolbaşçysynyň hem sud jogapkärçiligine çekilen ýagdaýynda kabul etjekdigini aýtdy: “Eger Kuçma bilen Lytwyn hem şu ýerde, meniň ýanymda bolan bolsalar, türme tussaglygy baradaky höküm meniň üçin has düşnükli bolardy”.

Pukaçyň aklawçysy Hrihoriý Demidenko sudda getirilen delilleriň ýeterlik bolmandygyny aýdyp, çykarylan hökümiň üstünden şikaýat etjekdigini habar berdi.

Gongadzeniň aýaly Myroslawa hem suduň kararyndan närazydygyny we şikaýat etjekdigini aýtdy: “Dogrusyny aýtsam, maňa häzir ukrain hökümetiniň Gongadze bilen bagly sud diňlenişigini [onuň ölümini buýranlary däl-de, eýse] diňe öldürenleri jezalandyrmak bilen gutarjakdygy anyk boldy".


Myraslawa sözüni dowam edip: "Ýogsa, şu günler prokuratura işgärleri jenaýaty buýranlar barada derňew alyp barýar. Gynansak-da, biz, jebir çekenler, alnyp barylýan derňewler barada hiç hili maglumat bilemizok. Indi biz diňe jenaýatyň äheňi bilen bagly mesele boýunça suduň kararynyň üstünden şikaýat ederis. Sebäbi bu jenaýat buýrulan jenaýat we biz Pukaç tarapyndan ady tutulan adamlary jogapkärçilige çekmeli” diýdi.

Andriy Fedur, Gongadzeniň ejesi Lesýa Gongadzä wekilçilik edýän aklawçy, özüniň suduň kararynyň üstünden şikaýat etmezliginiň ahmaldygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG