Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen çäreleri ýeňleýär, ýöne azalmaýar


Türkmen talyplarynyň medeni çärä gatnaşýan mahaly.
Türkmen talyplarynyň medeni çärä gatnaşýan mahaly.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa prezidentiň 4-nji ýanwarda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda öz ýolbaşçylyk edýän pudagynyň işi barada gürrüň berip, hasabat döwründe 3275 çäräniň geçirilendigini aýtdy.

Wise-premýeriň tassyklamagyna görä, olaryň arasynda halkara ähmiýetli çäreler hem bar. Mysal üçin, ýurduň medeniýet we sungat işgärleriniň topary Minsk şäherine baryp, belarus döwleti bilen diplomatiki gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşypdyr.

Ýanwar aýynda bolsa, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň ýolbaşçylary Monaka patyşalygyna iş saparyny amala aşyrypdyr.

Türkmenistanda geçirilýän çäreler barada döwlet eýeçiligindäki metbugatda hem yzygiderli habar berilýär. Ol habarlardan belli bolşuna görä, bu aý geçirilýän çäreleriň köpüsi 19-njy fewralda belleniljek Baýdak güni bilen baglanyşykly.

"Uly rowaçlyklaryň alamaty"

Türkmen telewideniýesiniň tassyklamagyna görä, "merkezi meýdançalarda türkmen ýurdunyň abadançylygynyň baş nyşany bolan belent başly baýdaklar oturdylyp, olar halkymyzyň belent ruhuny, berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň uly rowaçlyklara beslenýändigini alamatlandyrýar".

Ýöne döwlet derejesinde şeýle ileri tutulýan çäreleriň halk köpçüligi, işçi-gullukçylar, studentler tarapyndan garşy alnyşynyň dürli-dürlidigi, käbir adamlaryň bu hiliç çärelerden halys ýadandygy aýdylýar.

Mysal üçin, düýbi Wenada ýerleşýän “Türkmen inisiatiwasy” topary türkmen studentleriniň ýanwar aýynyň aýagynda bir hoş habar alandyklaryny, ýagny olary ýaz aýyna çenli Saglyk ýodasyna çykmaga mejbur etmejekdiklerini ýazýar.

“Türkmenistanyň hronikiasy” saýtynyň ýazmagyna görä, bu ýoda ençeme kilometre uzap, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek üçin ulanylýar.

Ýene-de bir hoş habar

Mejbury köpçülik çäreleriniň biraz ýeňledilýändigini tassyklaýan ýene bir habar bolsa, Baýdak güni bilen bagly.

“Türkmenistan” we “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetlerinde fewral aýynda geçirilmeli çäreler barada berlen maglumatda Baýdak gününde stadionda geçirilmeli çäreler barada hiç zat aýdylmandyr.

Bu Baýdak gününde stadion dabarlarynyň bolmajagyny, ýagny müňläp adamyň, şol sanda studentleriň öňkülere garanda biraz dynç boljagyny aňladýar diýip, hukukçy žurnalist A. Baýryýew Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň Bitaraplyk baýramynda hem stadionda geçirilýän teatrlaşdyrylan dabarlar bolmandy. Ýogsa, bar bolan maglumatlara görä, şol baýramdan öň bu hili stadion çärelerine belli bir taýýarlyk işleri hem görlüpdir.

Azatlyk Radiosyna interwýu beren öňki student Ýazmyradyň aýtmagyna görä, şeýle çärelerolara gatnaşýanlar üçin o diýen gowy zat däl: “Türkmenistanda esasanam okuw wagtynda yzagalakly bolýar, şonuň üçinem, meniň pikir edişime görä, Türkmenistanda çäreler köplenç şol çärelere gatnaşýan adamlar ýa-da çagalar üçin oňat zat dälmikä diýip pikir edýän.”

Çäreleriň sany welin...

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy Myrat Gurbanowyň gürrüňdeş bolan studentleriniň käbiri dekabr, ýanwar aýlarynda köpçülikleýin çärä az gatnaşandyklaryny, käbir çäreleriň bolsa ýatyrylandygyny hem aýdypdyrlar.

Ýöne habarçymyz ýanwar aýynda geçirilen çäreleriň sany 24 bolan bolsa, fewral aýynda geçirilmeli çäreleriň sanynyň 64-digini habar berýär.
XS
SM
MD
LG