Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lideriň portreti we raýatyň şahsy durmuşy: altyn ortalyk nirede?


Türkmenistanyň prezidentiniň portretleri.
Türkmenistanyň prezidentiniň portretleri.
Ýanwar aýynda türkmen prezidentiniň jemgyýetçilik ýerlerinde goýulmaly portretleriniň ýene bir gezek täzelenendigi, şonuň bilen bir wagtda indi türkmen syýasy lideriniň portretiniň ýaş çatynjalaryň toý albomlarynda hem hökmany elemente öwrülip barýandygy barada habarlar çykdy.

Mälim bolşy ýaly, syýasy lideriň portreti, heýkeli bilen bagly däpler türkmen jemgyýetine sowet döwründen geçdi.
Wladimir Lenin Gorkide. 2-nji sentýabr, 1922 ý.
Wladimir Lenin Gorkide. 2-nji sentýabr, 1922 ý.

Aýdaly, şol ýyllar rewolýusiýanyň serdary diýilýän Leniniň we beýleki görnükli hasaplanan partiýa işgärleriniň, iş başyndaky syýasy ýolbaşçylaryň portretleri belli-belli ýerlerde asylyp goýlardy, parad geçirilende bolsa, şol suratlary göterip geçmek ýaly däpler ýörgünlidi.

SSSR-iň soňky ýyllarynda ýurduň syýasy liderleri çalt-çaltdan täzelenip, Brežnewiň, Andropowyň, Çernenkonyň, Gorbaçewiň portretleri ýerlerini çalşypdy.

SSSR ýykylandan soň, Türkmenistanda ýurduň ilkinji prezidentiniň portretleri, heýkelleri jemgyýetçilik durmuşynyň aýrylmaz bir bölegine aýlandy. Indi bolsa, öňki prezident Nyýazowyň portretleriniň ornunyň, belli bir derejede, prezident Berdimuhamedowyň portretleri bilen doldurylýandygy aýdylýar.
Öňki prezident S.Nyýazowyň okuw kitaplaryndaky suratlary.
Öňki prezident S.Nyýazowyň okuw kitaplaryndaky suratlary.

Galyberse, syýasy lideriň portretiniň adamlaryň şahsy durmuşyna hem barha çuň ornaşdyrylmaga çalşylýandygy barada aladalar bar.

Mysal üçin, Azatlyk radiosynyň bu barada geçiren ylmy däl pikir soralyşygyna seslenenleriň 13 prosente golaýy ýurduň syýasy lideriniň şekiliniň ýaşlaryň toý albomynda bolmagyna gowy garaýandygyny aýdypdyr, ses berenleriň 15 prosentden gowragy bu meselä biparh garaýar. Emma olaryň 72 prosentden gowragy syýasy lideriň suratynyň ýaş çatynjalaryň toý albomlarynda hem bolmagyna erbet garaýandygyny aýdypdyr.

Eýsem bu meselede altyn ortalyk nirede, syýasy lideriň portreti raýatyň şahsy durmuşyna näderejede ýakyn ýa daş bolmaly?

Bu baradaky “Tegelek stol” söhbetdeşligine Aşgabatdan ýerli synçylar Nurberdi Nurmämmedow, Amanmyrat Bugaýew, Orsýetden pedagog Serdar Ataýew gatnaşýar.

Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.
XS
SM
MD
LG