Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň syýasy we dini partiýalary maslahat geçirýärler


Pakistanyň ähli partiýalarynyň konferensiýasy, 14-nji fewral, 2013.
Pakistanyň ähli partiýalarynyň konferensiýasy, 14-nji fewral, 2013.
Pakistanyň syýasy we dini toparlarynyň wekilleri terrorçylyga garşy bütewi strategiýany maslahat etmek üçin Yslamabatda ýygnandylar.

Pakistanly talyplar bilen parahatçylykly gepleşikleri geçirmek meselesi bu maslahatyň baş temasy bolar diýlip garaşylýar.

Hepdäniň penşenbe güni Yslamabatda açylan ahli partiýalaryň konferensiýasyna sýyasy hem dini toparlaryň azyndan 26-sy gatnaşdy.

Konferensiýada çykyş eden “Awami milli partiýa” atly dünýewi partiýanyň lideri Asfandyýar Wali Han forumyň maksadynyň terroçylyga garşy göreşde ýurdy birleşdirmekden ybaratdygyny belledi.

Hyber Pahtunkhwa regionynyň informasiýa boýunça ministri Mian Ifihar Hussainiň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, konferensiýanyň gatnaşyjylarynyň Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardari we Goşun generaly Aşfag Perwez Kaýani üçin rekomendasiýalaryň taslamasyny işläp düzmeklerine garaşylýar.

Hussainiň sözlerine görä, “Talyban” bilen parahatçylykly gepleşikler meselesine ähli partiýalaryň teklipleriniň esasynda garalar.

Konferensiýa Pakistanyň “Awami milli partiýa” bilen bilelikde Pakistanyň “Nawaz” atly musulman ligasy, “Muttahida Qaumi” hereketi we “Jamiat Ulema-e Islam” ýaly toparlar gatnaşýarlar.

Şol bir wagtyň özünde-de amerika garşy çykyş edýän iki partiýa, ýagny talyplaryň tarapdary bolan “Jamaat-e Islami” we “Tehrik-e Insaaf” maslahata garnaşmakdan ýüz öwürdiler.

“Jamaat-e Islami” toparynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Sirajul Haq öz partiýasynyň konferensiýa gatnaşmaýandygynyň sebäbini düşündirip, Pakistanyň harby ýolbaşçylarynyň esasy roly öz üstüne almadyk ýagdaýynda şeýle duşuşyklaryň peýdasyz boljagyny aýtdy.

Sirajul Haq, “eger gatnaşyjylar konferensiýanyň gün tertibini biragyzdan makullasalar, gelnen karary kim durmuşa geçirer?” diýen sowaly orta atdy.

Şu aýyň başynda Pakistanda gadagan edilen “Terik-e Talyban” atly pakistanly topar hökümet bilen parahatçylyk ugrunda gepleşik geçirmegi teklip etdi.

Bu teklipden soň yslamçy gozgalaňçylara garşy çykyş edip gelýän “Awami milli partiýa” konferensiýany geçirmegi we onuň gün tertibinde gepleşikler meselesine garamagy teklip etdi.
XS
SM
MD
LG