Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada türkmen hudožnigi Berdiguly Amansähedowyň sergisi geçýär


B.Amansähedowyň sergisi, Bahruşin adyndaky Merkezi teatr muzeýi, Moskwa, 9-njy aprel, 2013.
B.Amansähedowyň sergisi, Bahruşin adyndaky Merkezi teatr muzeýi, Moskwa, 9-njy aprel, 2013.
Moskwada türkmen hudožnigi Berdiguly Amansähedowyň personal sergisi geçýär. Bahruşin adyndaky Merkezi teatr muzeýinde geçirilýän bu ýubileý sergisiniň Amansähedowyň döredijiliginiň 25 ýyllyk ýubileýine bagyşlanýandygy we awtoryň 50-den gowrak eserini öz içine alýandygy habar berilýär.

Hudožnigiň Moskwadaky sergisine baran we Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan tomaşaçylaryň birnäçesi Berdiguly Amansähedowyň eseleri “milli häsiýeti bilen tapawutlanýar” diýen pikirde.

Milli sungat

Orsýetiň Astrahan şäheriniň Döwlet kartina galereýasynyň işgäri Diana Koşkarowa sergide görkezilen eserlerde “milli häsiýetleriň göze ilýändigini” belledi. Diananyň pikirine görä, eserler “mazmun taýdan baýlygy we türkmençiligi” bilen tapawutlanýar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan muzeý işgäri Nadežda Swerlina biz bilen öz şahsy pikirini paýlaşyp, şeýle diýdi: “Men özümiň şahsy pikirimi aýtsam, Amansähedowyň eserlerini men örän halaýaryn. Suratlardan, çekilen kostýumlardan gözüňi aýyrmak mümkin däl. Suratlaryň aşagyndaky ýazgysyny okaman, olara diňe garamagyň özi-de örän ýakymly”.

Diana Merkezi teatr muzeýinde Berdiguly Amansähedowyň sergisiniň geçýän zalyna özüniň tötänden barandygy gürrüň berdi. Ol Amansähedowyň eserleriniň mazmun taýdan şu günki gün örän aktualdygyny we türkmen sungaty bilen ýakyndan tanyş bolmadyk adamlar üçin hem gyzyklydygyny belledi.

Astrahan şäheriniň ýaşaýjysy Diana Moskwada türkmen hudožniginiň geçirilýän sergisiniň özüniň türkmen sungaty bilen ikinji duşuşygydygyny gürrüň berdi: “Geçen ýylda Astrahanda Türkmenistanyň günleri geçirildi. Meniň üçin türkmen medeniýeti bilen tanyşlyk örän gyzykly boldy. Şonda Türkmenistandan gelen delegasiýanyň düzüminde örän owadan we ajaýyp milli geýimleri geýnen ýaş gyzlar we oglanlar gelipdi. Olaryň sahnada eden çykyşlary, çalan milli sazlary hem mende uly täsir galdyrdy”.

Gyzyklanma

Muzeýiň igäri Nadežda Swerlina Amansähedowyň açyk reňkli eserleriniň özboluşlylygynyň köp tomaşaçylaryň göwnünden turýandygyny gürrüň berdi.

Şol bir wagtda-da, muzeýiň käbir işgärleriniň Azatlyk Radiosyna aýtmaklaryna görä, türkmen hodožniginiň eserleriniň sergisiniň geçýän zalyna barýanlaryň sany muzeýdäki geçýän beýleki sergilere garanda az. Olar munuň sebäbi bu sergi barada kopçülige ýeterlik habar berlen däldir, adamlaryň az gelýänligi şondandyr diýip çaklaýarlar.

Moskwanyň merkezi teatr muzeýinde türkmen hudožnigi Berdiguly Amansähedowyň geçirilýän personal sergisinde şu hepdäniň başynda awtoryň özi bilen duşuşyp bolmady. Serginiň guramaçylary onuň Türkmenistana gaýdandygyny Azatlyk Radiosyna aýtdylar.

Berdiguly Amansähedowyň 4-nji aprelde Moskwada açylan bu sergisi 21-nji aprele çenli dowam eder.
XS
SM
MD
LG