Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Snowden ýörite merkeze ýollanyp bilner


Edward Snowden
Edward Snowden
Russiýanyň Migrasiýa gullugynyň resmisi öz çykyşynda, eger-de ABŞ-nyň aňtaw gullugynyň ozalky işgäri Edward Snowdeniň wagtlaýyn gaçyabatalga baradaky arzasy kabul edilse, onda onuň Moswanyň etegindäki bosgunlar merkezine geçirilip bilinjekdigini aýtdy.

Russiýanyň Federal Migrasiýa gullugynyň Moskwadaky edarasynyň başlygy Olga Kirillowa duşenbe güni çykyş edip, paýtagtda bosgunlara niýetlenen talabalaýyk merkeziň ýokdugyny belledi. Kirillowa “Snowdeniň howpsuzlygy üçin”, onuň Moskwanyň Şeremetýewo aeroportunyň tranzit bölüminde gorag astynda saklanylýandygyny hem tassyklady.

Şeýle-de duşenbe güni Russiýanyň Saglygy saklaýyş ministrligi Snowdeniň entek saglyk barlagyndan geçmek boýunça özlerine ýüz tutmandygyny aýtdy. Bu wagtlaýyn gaçybatalgany almak üçin zerur şertdir.

Ýekşenbe güni Russiýanyň Federal Migrasiýa gullugynyň başlygy Wladimir Wolokh çykyş edip, eger-de Snowdeniň arzasy kabul edilse, onda onuň Russiýada arkaýyn hereket etmeginiň howpsuz bolman hem biljekdigini nygtady.

Wolokh: “Meniň pikirimçe, howpsuzyk nukdaýnazaryndan, jenap Snowdeniň özi-de ýa [aeroportuň] tranzit bölüminde, ýa-da Migrasiýa gullugynyň tassyklan ýerinde galmak [mümkinçiligine] gyzyklanma bildirýän bolsa gerek” diýdi.

Wolokh wagtlaýyn gaçyabatalga almak prosedurasyny hem kesgitledi: “Arza tabşyrylandan soň, bäş günüň içinde oňa seredip-seretmezlik kararyna gelner. Jenap Snowdene onuň arzasyna seredilýändigi barada degişli resmi dokument hem berler. Bu wagtlaýyn pasport bolar. Bu arza seredilýän wagty daşary ýurduň raýatyna berilýän resminamadyr”.

Wolokh Migrasiýa gullugynyň Snowdeniň şahsyýetini anyklamak işlerini dowam etdirýändigini aýtdy. Rus resmisi Snowdeniň amerikan pasporty ýatyrylandan soň “Snowden hakynda biz diňe onuň öz berýän maglumatyna esaslanmaly bolýarys” diýdi.

Snowden, ABŞ-nyň bütin dünýäde alyp barýan giň gerimli gizlin aňtawçylyk işleri baradaky maglumatlary metbugata syzdyranlygy üçin, Waşington tarapyndan gözlenilýär.

Snowden 23-nji iýundan bäri Moskwanyň Şeremetýewo aeroportynda ýaşaýar.
XS
SM
MD
LG