Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Paýtagtda "abadanlaşdyrmak işleri" gidýär


Aşgabatda goşmaça binalar ýykylýar. 23-nji sentýabr, 2013 ý.
Aşgabatda goşmaça binalar ýykylýar. 23-nji sentýabr, 2013 ý.
Soňky 1-2 aýdan bäri paýtagtyň köpgatly ýaşaýyş jaýly mikroraýonlarynda häkimiýetleriň atlandyryşlary ýaly abadanlaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Bu işleriň çäginde esasan hem hususy garažlar, goşmaça binalaryň käbirleri ýumrulýar.

Ýumrulýan obýektler bilen bir wagtda şol mikroraýonlaryň içinde ekilen baglar, maklýuralar kesilip ýa-da buldozerler bilen düýbünden sogrulyp aýrylýar. Ýaşaýyş jaýlaryň birinji gatlarynda ýaşaýan ilatyň mellekleri, olardaky ösüp oturan baglardyr-ösümlikler hem tep-tekiz edilýär.



Düşündiriş ýok

Şäheri abadanlaşdyrmak üçin amala aşyrylýandygy aýdylýan bu çäre barada ýerli häkimiýet wekilleri ilata takyk maglumat bermekden saklanýarlar. Emma halk arasynda edilýän gürrüňlerden çen tutulsa, onda bu çäräniň bir maksady ýollary giňeltmek, beýlekisi-de mikroraýonlary gözelleşdirmek. Ösümlikler mikroraýonlary hapa görkezýär diýip, baglary şol sebäpden kesişdirýärler diýip, bu mikroraýonlaryň ýaşaýjylary gürrüň berýärler.

Emma maksat näme hem bolsa, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir ýaşaýjylar bu çäräniň jaý eýelerinden birugsat edilýändiginden we köp halatlarda ýykylan bag-bakjalary we garažlary üçin kompensasiýa tölenmeýänliginden şikaýat edýärler.

Parahat 1 mikroraýonynyň özüni Agageldi diýip tanadan ýaşaýjysy Azatlyk Radiosy üçin geçiren söhbetdeşligimizde baglarynyň kesilmegi bilen jaýynyň ozalky ujypsyzja kölegeden hem mahrum bolandygyny aýdýar: “Ýigrimi ýyl bäri ösüp oturan baglary kesdiler. Öňem betonyň içinde ýaşamyzsoň, bu ýaşyl zolajyklar günden goranmaga ýa-da agşamara olaryň ýanynda oturmaga örän gowy bolýardy”.

Baglar

Paýtagtyň içindäki ösüp oturan baglaryň kesilýändigini we düýbi bilen sogrulýandygyny onuň dürli künjeklerinde görse bolýar. Bu iş bilen meşgullanýan ýerli häkimiýet wekilleri baglaryň kesilmeginiň sebäbi, kanuny esaslary barada o diýen bir maglumat bermeýärler.

Mikroraýonyň öňündäki agaçlary goparýarlar
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:09 0:00

Emma şol bir wagtyň özünde-de mikroraýonlaryň içinden geçýän kiçijek köçeleriň hem käbirleri giňeldilýär. Ylaýata-da, Parahat-1-2 mikroraýonynyň içinden geçýän köçeleriň köpüsi giňeldildi, bu çäre hem onlarça adamyň jaýynyň öňündäki bag-bakjalaryň aýrylmagyna sebäp boldy.

Bu hem käbir özboluşly goşmaça problemalary döretdi.

“Indi men jaýymdan çykanymda, göni uly köçä çykýan ýaly bolýaryn. Maşynlaram bu köçelerden gaty sürýärler. Bu ýagdaý çagalar üçin has howply” diýip, Parahat-2 mikroraýonynyň 55-nji orta mekdebiniň ýanyndaky ýaşaýyş jaýynda ýaşaýan 38 ýaşly Geldi gürrüň berýär.

Köçeleriň giňeldilip, uly awto ýollara öwrülmegi, çagalaryny Parahat-2 mikroraýonyndaky biri-birine golaý ýerleşýän 55-nji, 52-nji, 48-nji mekdeplere iberýän ýa-da şol mekdeplerde çagalary okadýan mugallymlary hem alada goýýar.

Sebäbi maşynlaryň hereketine kontrollyk edilmeýär, bu ýagdaý hem çagalaryň heläkçilige uçramak howpuny artdyrýar diýip, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir ildeşlerimiz aýdýarlar.

Garaz, häzirki döwürde Aşgabatda abandanlaşdyryş ady bilen geçirilýän bu çäreleri oňlaýan ýaşaýja duş gelmek kyn. Şol bir wagtyň özünde-de käbir ýerli ýaşaýjylar, ýerli häkimiýetleriň bir tarapdan bag-bakja ekip “Gök guşak” proýektini amala aşyrýan döwründe, adaty ýaşaýjylaryň bag-bakjalarynyň ýumrulmagyna özleriniň düşünmeýändiklerini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG