Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen Mejlisi kanun taslamalaryna seretdi


Türkmeistanyň Parlament binasy. Aşgabat, 2012.
Türkmeistanyň Parlament binasy. Aşgabat, 2012.
9-njy noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň parlamentiniň dördünji çagyrlyşynyň 22-nji mejlisi geçirildi.

«Türkmenistanyň 2014-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakyndaky kanuny», «Türkmenistanyň 2012-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamasy» kanunçykaryjylaryň maslahatynda esasy seredilen meseleler boldy diýip, resmi metbugatyň maglumatynda aýdylýar.

Şeýle-de Mejlisiň gün tertibine «Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we iş kepillikleri hakynda», «Ylmy edaralar hakynda», «Daýhan hojalygy hakynda» Türkmenistanyň kanunlarynyň taslamalary we hereket edýän kanunlara üýtgetmeler hem goşmaçalar girizmek hakyndaky kanunçylyk taslamalary girizildi.

«Türkmenistanyň 2014-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakyndaky kanun taslamasy Türkmen döwletiniň durmuş strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm resminama bolup durýar we ol ýurduň parlamenti tarapyndan biragyzdan kabul edildi» diýip, Türkmen telewideniýesi habar berdi.

Resmi maglumata görä, 2014-nji ýylda jemgyýetçilik we durmuş hyzmatlarynyň maliýeleşdirilmegine bölünip berilýän umumy serişdäniň 37 göterimi bilim ulgamyna, 4.5 göterimi medeniýete, 10.4 göterimi saglygy goraýyşa, 37.6 göterimi durmuş üpjünçiligi ulgamyna, 10.4 göterimi ýaşaýyş-jemagat hojalygynyň maliýeleşdirilmegine gönükdiriler.

«Sportuň ösdürilmegine, köpçülikleýin sport çäreleriniň geçirilmegine 37.2 million manat gönükdriler. Munuň özi 2013-nji ýyl bilen deňeşdirilende 62 göterim ýokarydyr» diýip, habarda aýdylýar.

Bölünen serişdeleriň saldamly bölegi 2014-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyklary, pensiýalary, döwlet posobiýalaryny, studentleriň we diňleýjileriň stipendiýalaryny 10 göterim ýokarlandyrmaklyga harçlanylar.

Mejlisiň dowamynda «Tükmenistanyň adminstratiw hukuk bozulmalar hakyndaky kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň kanunynyň» taslamasyna, «Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň kanununyň» taslamasyna, «Ylmy işgärleriň hukuk ýagdaýy hakynda Türkmenistanyň kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň kanunynyň» taslamasyna we beýleki bir topar kanun taslamasyna seredildi.

Türkmen Döwlet habarlar gullugy ara alnyp maslahatlaşylan kanun taslamalarynyň hemmesiniň biragyzdan kabul edilendigini habar berýär.
XS
SM
MD
LG