Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň kömekçisi Aşgabatda


 ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça maslahatçysy Nişa Desai Biswal
ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça maslahatçysy Nişa Desai Biswal
Duşenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň prezidenti bilen ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça maslahatçysynyň arasynda duşuşyk geçdi.

Her ýylda geçirilýän ABŞ-Türkmenistan ikitaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmak üçin gelen amerikan delegasiýasyna ýolbaşçylyk edýän Nişa Desai Biswal türkmen liderine prezident Barak Obamanyň we döwlet sekretary Jon Kerriniň täze ýyl arzuwlaryny hem gowşurdy.

Türkmen metbugaty gepleşikleriň dowamynda ABŞ-nyň hökümetiniň iki döwletiň hem bähbitlerini nazara alýan hökümetara dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge çuňňur gyzyklanma bildirýändigi bellenilip geçildi diýip habar berýär.

Resmi habar serişdeleri duşuşykda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary boýunça pikir alşylandygyny belleseler-de, anyk haýsy meseleler dogrusynda gürrüň edilendigi barada takyk maglumat bermediler.

Amerikan resmisiniň Türkmenistana sapar etmeginiň öňüsyrasy ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ýaýradan beýanatyna görä, ikitaraplaýyn konsultasiýalarda beýleki meseleler bilen birlikde Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlaryny üpjün etmek tagallalary, ykdysady we söwda gatnaşyklar, gumanitar pudakdaky hyzmatdaşlyk we adam hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmek ýaly meseleler dogrusynda pikir alşylar.

ABŞ bilen Türkmenistanyň arasynda her ýylda geçirilýän döwletara konsultasiýalar bu gezek 13-15-nji ýanwar aralygynda dowam edýär. Bu konsultasiýalar 2010-njy ýylda esaslandyrylypdy.
XS
SM
MD
LG