Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Baky ot" söndürildi


Sönen "Baky ot"
Sönen "Baky ot"
1941-1945-nji ýyllar aralygyndaky uruşda wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hatyrasyna Aşgabadyň merkezinde gurlan obelisk-ýadygärlik sökülýär. Mundan 44 ýyl ozal, ýagny Beýik Watançylyk urşunyň 25 ýyllygyna gabatlanyp, 1970-nji ýylda açylan bu monumentiň töweregine häzir ýörite germew aýlanyp, onda gyzgalaňly ýagdaýda gurluşykçylar işleýärler.

Daşyndan açylyp duran çigildemi şekillendirýän ýüzi hem gyzyl granit bilen örtülen dört sany 27 metrlik stella, ýagny daş sütünlerinden düzülen we ortasynda “baky ot” ýanyp duran bu ýadygärligiň häzir daş-töweregindäki ýere ýazylan plitalary sökülýär.

Monumentiň daşyna haýat aýlanypdyr
Monumentiň daşyna haýat aýlanypdyr
Her ýylyň 9-njy maýynda Ýeňiş güni mynasybetli gül desselerinden dolýan bu monumetiň golaýyndaky ogullaryny söweşe ugradyp, gujak gerip duran Enäniň hem-de onuň öňünde dyzyny epip oturan iki esgeriň skulpturalary bolsa eýýäm öz ýerlerinden göçürilipdir. Şol Enäniň sklupturasynyň arkasyndaky “Watan ugrundaky söweşlerde wepat bolan esgerlere ebedilik şöhrat!” diýen ýazgy hem ýok.

Şol bir wagtda 2-nji Jahan urşy döwründe wepat bolan türkmenistanlylara bagyşlanan bu ýadygärligiň näme sebäpden sökülýändigi we bu çärä harçlanan pul serişdeleri barada resmi metbugatda hiç hili maglumat ýa-da düşündiriş berilmeýär.
Emma ýadygärligiň töwereginde alnyp barylýan gurluşyklardan çen tutulsa, munuň S.Türkmenbaşy şaýolundan tä Alyşir Nowaýy köçesine çenli uzap gitjek täze seýilgähiň gurluşygy bilen baglydygyny aýtsa bolar.

Monument sökülýär
Monument sökülýär
Ýatlap geçsek, bu seýilgäh bilen baglylykda, paýtagtyň “taryhy merkezi” diýip atlandyrylýan sebitindäki birnäçe ýadygärlikler we binalar ýumrulupdy ýa-da göçürilipdi.

Bu raýondaky il içinde “Üç aýak” adyny alan “Bitaraplyk binasy”, 1948-nji ýyldaky ýeryranma bagyşlanyp goýlan öküziň ýadygärligi göçürildi; “Garagumstroý” binasy ýumruldy. Bu raýonda Türkmenistanyň hökümediniň binasynyň gurulmagy bilen paýtagtyň häkimliginiň, “Türkmenistan” myhmanhanasynyň hem-de “Türkmenhowaýollarynyň” edara jaýynyň binalary hem ýumruldy.

Bekrewede täzeden bina edilýän monumentler
Bekrewede täzeden bina edilýän monumentler
Merkezde oturan, “Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan türkmenistanly esgerlere ýadygärlik” ady berlen Ene we iki esgeriň skulpturalary bolan monumentiň geljegi barada aýdylanda, onuň Bekrewede gurulýan ýadygärlikler toplumyna göçüriljekdigi aýdylýar.

Çigildem görnüşindäki ortasynda “baky ot” ýanyp duran dört sany stella bolsa ýumrular. Bekrewede gurulýan ýadygärlikler toplumynda eýýäm oňa meňzeş başga bir bäş sany stellaly obelisk dikilipdir. ‘Mirasdüşeriň’ ‘baky ody’ hem ozalky ýaly bäş burçly däl-de, sekiz burçly ýyldyzyň merkezinde ýakylar.

Paýtagtyň taryhy merkezindäki häzirki ýumrulýan we göçürilýän “Baky ot” memorialynyň arhitektorlary A.Gurbanlyýew we F.Bagirowdyr. Ýadygärligi döreden heýkeltaraş bolsa J. Jumadurdydyr.
XS
SM
MD
LG