Şu günlerde Türkmenistanda bir tarapdan ýaşulular maslahatyna taýýarlyklar dowam etse, beýleki tarapdan şäher, etrap maslahatlarynyň saýlawlary üçin kandidatlar hödürlenip başlandy.
Emma ýurtdan gelip gowuýan maglumatlara görä, käbir ýerli ýaşaýjylar maslahatda özlerine kimiň wekilçilik edýändigini hem bilmeýändigini aýdýarlar.
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa bu mesele dogrusynda garaýyşlaryny bilmek üçin ýerli ýaşaýjylaryň käbirleri bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz.