Türkmenistanda şu ýyl Gurban baýramy 5-7-nji oktýabrda bellenýär. 26-njy sentýabrda gol çekilen resmi karara görä, 7-nji oktýabr dynç güni diýilip, yglan edilýär. Musulmanlaryň esasy baýramçylygy bolan Gurban baýramyna türkmenistanlylar şu günler nähili taýýarlyk görýärler? Gurbanlyk etmek üçin nähili mümkinçlikler bar? Azatlyk Radiosy türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.