Türkmenistan öz energiýa resurslaryny Kaspiniň üsti bilen Ýewropa; şeýle-de Owganystanyň üsti bilen gündogara akdyrmak ugrundaky ilkinji ylalaşyklara 1990-njy ýyllaryň başynda baglaşypdy. Aradan esli wagtyň geçmegine garamazdan, bu proýektleriň hiç biri-de häzire çenli durmuşa geçmedi.
Şol bir wagtda, belli döwürde Russiýa Türkmenistandan alýan gazyny togtadypdy. Emma Aşgabat munuň deregine, öz energiýa resurslaryna başga hyrydarlary – Eýrany we Hytaýy tapdy.
Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir Türkmenistanyň soňky 20 ýylyň içinde öz energiýa resurslaryny diwersifikasiýa etmek ugrundaky tagallalary, şeýle-de olaryň nä derejede üstünlikli bolandygy barada ýörite söhbet geçirdi.
Teswirleri gör (5)
Has köp teswir ýükle