Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Gök-bakja ekmäge isleg bar, mümükinçilik ýok"


Ekin meýdany.
Ekin meýdany.

Şu ýyl Türkmenistanda 15 müň gektara golaý ýere gök we bakja ekinini ekmeklik bellenildi. Döwlet azyk senagaty birleşmesiniň daýhan hojalyklary we birleşikleri kärendeçiler bilen şertnamalary baglaşdylar diýlip, resmi metbugatda habar berildi.

Şol bir wagtyň özünde, lebaply kärendeçi daýhanlaryň gök-bakja ekinleri ekmäge isleglidigini, emma oňa ýerinde mümkinçiligiň ýokdugyny aýdýar. Şeýle-de, ol welaýatda suwarymly ýerleriň azdygyny we pagta bilen bugdaýdan başga ekini ekmäge rugsat berilmeýändigini belleýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Osman Hallyýew bu mesele barada Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabyndan özüni Ereşguly Durdybaýew diýip tanyşdyran daýhan bilen söhbetdeş boldy.

please wait

No media source currently available

0:00 0:03:19 0:00

XS
SM
MD
LG