Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen kenarynda Azeri nebitçisiniň jesedi tapyldy


Hazar deňzindäki "Güneşli" ýatagynda bolan ýangyn, Azerbaýjan, 5-nji dekabr, 2015
Hazar deňzindäki "Güneşli" ýatagynda bolan ýangyn, Azerbaýjan, 5-nji dekabr, 2015

Türkmenistanyň kenarlarynyň golaýynda azerbaýjanyň “Güneşli” nebit ýatagynda bolan ýangynda wepat bolan nebitçileriň biriniň jesedi tapyldy, diýip habar agentlikleriniň maglumatlarynda aýdyldy.

“Trend” agentliginiň Azerbaýjanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligine salgylanyp, habar bermegine görä, gözleg-halas ediş işleriniň netijesinde Türkmenistanyň kenaryndan 60 kilometr uzaklykda “Berkarar” gämisi erkek adamyň jesedini tapypdyr.

Türkmenistanyň “Baýan” gämisine habar berilip, erkek adamyň jesedi Türkmenbaşy portuna eltildi, ýanyndaky pasportyň esasynda onuň Azerbaýjanyň SOCAR kompaniýasynyň işgäri Iman Gasymowdygy anyklandy.

“Interfaks” agentligine görä, jesedi Azerbaýjana äkitmek maksatly Içeri işler ministrliginiň “BE-200 ÇS” kysymly uçarynda derňew topary Türkmenistana uçupdyr.

Azerbaýjanyň Hazar deňzindäki “Güneşli” ýatagynyň 10-njy platformasynda gazgeçiriji turbanyň sandan çykmagynyň netijesinde 4-nji dekabrda ýangynyň dörändigi habar berilipdi.

Howa şertleriniň ýaramazlygy halas ediş işleri agyrlaşdyrdy. 33 adam halas edilendigi, ýedi adamyň jesediniň tapylandygy we olaryň şahsyýetiniň anyklanandygy, ýene 23 adamyň gözlenýändigi habar berilipdi.

5-nji dekabrda Azerbaýjanyň premýer-ministri Artur Rasi-zadeniň ýolbaşçylygynda döwlet komissiýasy döredildi, onuň öňünde halas ediş işlerini we dereksiz ýitenleri gözlemek işleri tizleşdirmek, hadysanyň sebäplerini anyklamak we onuň netijelerini aradan aýyrmak boýunça işleri geçirmek maksady goýuldy.

XS
SM
MD
LG