Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Waşingtonda demonstrantlar Nepesgulyýewi ýatladylar


Protestçiler Türkmenistanyň ABŞ-däki ilçihanasynyň öňünde Azatlyk Radiosynyň tussaglykdaky habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewe goldawyny görkezýärler. 28-nji oktýabr, 2016 ý.

Türkmenistanyň ABŞ-däki ilçihanasynyň öňünde demonstrantlar ýygnanyp, Türkmenistandaky media azatlygynyň pajygaly ýagdaýyna üns çekdiler.

"Serhetsiz reportýorlar" guramasy tarapyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramyna gabatlanyp geçirilen bu çärede Azatlyk Radiosynyň tussaglykdaky habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewiň ykbalyna aýratyn üns çekildi.

Türkmenistanyň ilçihanasynyň öňünde ýygnanan demonstrantlar türkmen häkimiýetlerine ýüzlenip, 2015-nji ýylyň iýulyndan bäri azatlykdan mahrum edilen Nepesgulyýewiň “häzir anyk nirede saklanýandygyny aýan etmäge, şeýle-de ony, maşgalasyna gowşup bilmegi üçin, tizden-tiz azat etmäge” çagyrdylar.

Nepesgulyýew Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugy üçin 2015-nji ýylda işläp başlady. Ol esasan ýurduň günbataryndaky Balkan welaýatynda sandan çykan infrastruktura desgalary, maliýe kynçylyklary, ykdysady deňsizlik we mekdeplerdäki agyr şertler barada maglumatlary taýýarlady.

Saparmämmet Nepesgulyýew
Saparmämmet Nepesgulyýew

Ol 2015-nji ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň kenaryndaky Awaza şäherinde ýitirim boldy. 2015-nji ýylyň 31-nji awgustynda geçirilen sud diňlenişiginden öň, Nepesgulyýew doly izolirlenen görnüşde saklanyldy. Oňa "bikananun neşe serişdeleri" bilen baglylykda üç ýyl türme tussaglygy berildi. Adam hukuklaryny goraýjy toparlar bu aýyplamalaryň ondan ar almak maksady bilen türkmen häkimiýetleri tarapyndan ýörite gurnalandygyny aýdýarlar.

Şol bir wagtda, şu hepdäniň başynda Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň baýry habarçysy Soltan Açylowa soraga çekilip, oňa fiziki taýdan hem hüjüm edildi. Açylowa Aşgabadyň dükanlaryndaky nobatlary surata alyp duran pursady özüne hüjüm eden adamlaryň howpsuzlyk gullugyň işgärleriniň bolandygyny çaklaýar.

2006-njy ýylda Azatlyk Radiosynyň we “Amerikanyň sesi” media korporasiýasynyň habarçysy Ogulsapar Myradowa hem türkmen türmesinde nämälim ýagdaýlarda ölüpdi.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanda ne býurorsy ne-de akkreditasiýa edilen habarçylary bar. Onuň saýty hem ýurtda petikli bolmagyna alýar. Saýta girmekçi bolýanlar proksi ulgamlaryndan peýdalanmaly bolýarlar.

Azatlyk Radiosy bilen işleşýänler mydama-da yzarlanmalara sezewar bolýardylar. Emma, 2014-nji ýyldan başlap Azatlyk Radiosynyň web sahypasyna girýänleriň sanynyň göz-görtele artyp başlamagy bilen, türkmen resmileri hem Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna, olaryň maşgala agzalaryna edilýän basyşlary güýçlendirdiler.

2016-njy ýylyň awgustyna çenli, 12 aýyň dowamynda Azatlyk Radiosynyň web saýtyna her aý 630,000 ulanyjy girdi; milliona golaý gezek hem sahypalara tomaşa edildi. Azatlyk Radiosynyň Facebook sahypasyndaky yzarlaýjylaryň sany hem 162,000-den hem geçýär.

Türkmenistan media azatlygyna gözegçilik edýän, şol sanda “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň hasabatlarynda ýylyň-ýylyna iň erbet orunlarda ýerleşdirilýär.

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG