Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Türkmenhowaýollaryny" aksionerlere 'bermek' planlaşdyrylýar


Türkmen uçary
Türkmen uçary

Türkmenistan «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugyny aksioner jemgyýete öwürmegi planlaşdyrýar.

«Wremýa Wostoka» neşiriniň türkmen hökümetiniň metbugat gullugyna salgylanyp ýazmagyna görä, ýurduň Howa kodeksi graždan awiasiýasynyň işindäki täze konsepsiýa esaslanýar we bu özgerişlik howa transporty gullugynyň işini bazar gatnaşyklary esasynda ýaýbaňlandyrmak we howa gatnawynyňsiwilizlenen bazaryny döretmek tagallalary bilen bagly.

Gürrüňi edilýän Howa kodeksiniň çäginde ýurduň uçar meýdanlary, howa gämileri, tehniki serişdeler we emlägiň beýleki görnüşleri diňe döwlet eýeçiliginde bolman, eýsem hususy eýeçilige hem degişli bolup biler.

Mundan öň Türkmenistanda diňe «Türkmentelekom» ýaly iki-eke kompaniýanyň döwlet eýeçiliginden aksioner jemgyýete öwrülendigi, emma bu ady agzalan kompaniýanyň hakyky aksionerleriniň kimlerdiginiň belli däldigi aýdylýar.

"Diňe formallyk"

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň bankynyň ozalky başlygy Hudaýberdi Orazowyň pikirine görä, bu öňräk edilmeli we häzirem dogry edilýän iş. Emma ol Türkmenistanyň şertlerinde munuň uly bir üýtgeşiklik döretmejekdigini, formallykdan başga, şeýle režimlerde iş nähili dowam edýän bolsa, şeýle hem dowam etjekdigini aýdýar.

Emma Şwesiýada ýaşaýan öňki bankir bu ýerde bir detala üns bermelidigini, eger «Türkmenhowaýollary» döwlet eýeçiliginden aksioner jemgyýete öwrülse, onuň uçarynyň Türkiýede edilişi ýaly, suduň karary bilen, türkmen hökümetiniň bergisi üçin saklanyp bilinmejekdigini belleýär.

Şonuň bilen bir wagtda, Orazow aksioner jemgyýetiň özeden işi üçin jogap bermeli boljakdygyny, ýagny jerimesini ýa tölemeli töleglerini özüniň tölejekdigini aýdýar.

1992-nji ýylda döredilen «Türkmenhowýollary» häzirki pursatda uçar gatnawynyň gerimini giňeldip, Abu-Dabi, London, Moskwa, Sankt-Peterburg, Deli, Dubaý, Birmingem, Pekin, Stambul, Frankfurt ýaly ençeme şähere ýolagçy gatnadýar.

Geçen ýylyň aýagynda «Türkmenhowaýollary» Aşgabat-Kazan aralygynda hem uçar gatnawyny açdy, ýöne Aşgabat-Tbilisi aralygyna planlaşdyrylan uçar gatnawy açylman galdy.

Resmi maglumata görä, «Türkmenhowýollary» häzir «Boeing -777», «Boeing -737-800», «Boeing -737-300», «Boeing -717», «Challenger CL-605» kysymly uçarlar bilen ýylda 2 million çemesi ýolagçy gatnadýar. Ýöne bu kärhana ýolagçylara edilýän hyzmatyň hili boýunça pes bahalary alýar.

Mundanam başga, «Türkmenhowaýollarynyň» ýolagçy uçary dekabrda Parižde, 213 müň amerikan dollary möçberindäki jerimesini tölemändigi üçin saklandy we bu mesele gijikdirilen tölegler tölenenden soň çözüldi.

Mundan öň, 2016-njy ýylyň sentýabrynda «Türkmenhowýollary», howa transport hyzmatlary üçin tölemeli tölegini tölemän, Orsýetiň howa giňişligini ulanmasyz edildi we bu mesele hem berginiň üzülmegi bilen çözüldi.

Ýöne şondan kän wagt geçmän, «Türkmenhowýollarynyň» başlygynyň orunbasary Taňryguly Gurbanmuhammedow «saglyk ýagdaýy» sebäpli işden boşadyldy.

XS
SM
MD
LG