Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Siriýadan we ençeme musulman ýurdundan bosgun almagy togtatdy


Donald Tramp Birleşen Ştatlara ýedi musulman ýurdundan sapar edilmegini togtadýan buýruga gol çekdi.
Donald Tramp Birleşen Ştatlara ýedi musulman ýurdundan sapar edilmegini togtadýan buýruga gol çekdi.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Birleşen Ştatlara Siriýadan bosgun gelmegine kesgin gadaganlyk girizýän we beýleki bir topar musulman ýurdundan sapar edilmegini togtadýan buýruga gol çekdi.

Ýurdy «daşary ýurt terrorçylaryndan» goramak wadasyny beren Tramp 27-nji ýanwarda esasan musulmanlardan durýan ýedi ýurtdan ähli immigrasiýany 90 günläp, berk täze barlag düzgünleri ýola goýulýança togtatmagy buýurdy.

Ak tam nyşana alnan ýurtlaryň Siriýa, Eýran, Yrak, Liwiýa, Somali, Sudan we Ýemen bolup durýandygyny aýtdy.

Şeýle-de Tramp Amerikanyň bosgun programmasyny Siriýadan başga Yrak, Owganystan we Pakistan bosgunlary babatynda hem dört aýlap togtatmagy buýurdy.

Mundanam başga, ol Birleşen Ştatlaryň şu ýyl dünýä boýunça kabul etjek bosgunlarynyň sanyny 50 müňe çenli ýarpy azaltdy. Bosgun gadaganlygynda uly kadadan çykma siriýaly hristianlara degişli, Tramp olaryň öz watanlarynda ýanalýandyklaryny aýtdy.

"Men radikal yslamçy terrorçylary Birleşen Ştatlardan daşarda saklamak üçin täze barlag çärelerini döredýärin» diýip, Tramp bu buýruklaryny Pentagonda aýan edende aýtdy.

"Biz öz ýurdumyza diňe biziň ýurdumyzy goldajak we biziň halkymyzy ýürekden söýjek adamlary kabul etmek isleýäris" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Graždan hukuklary guramalary bu çäreleri kemsidiji çäreler hökmünde ýazgardylar weaýratyn alnan bir diniň nyşana alynmagynyň konstitusiýa ters gelýändigini aýtdylar.

Olar Trampyň saýlaw kampaniýasy döwründe wada beren çäreleriniň bosgunlaryň howply ýerlerde gabalyp galmagyna getirjekdigini, musulman dünýäsinde Birleşen Ştatlara garşy ýigrenç duýgularyna meçew berjekdigini bellediler.

Şeýle-de olar bu çäreleriň Amerikanyň immigrantlara we dünýäniň «garyp hem-de dar ýere gabalan mähellelerine» gujak açýan ýurt hökmündäki abraýyna zeper ýetirjekdigini nygtadylar.

Däpleri saklamak çagyryşy

BMG-niň Bosgunlar edarasy we Halkara migrasiýa guramasy ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy öz ýurdunyň uruşdan we yzarlanmadan gaçýan adamlara gaçybatalga bermek boýunça «öňden gelýän» däplerine eýermäge çagyrdy.

Bu çagyryş Trampyň Siriýadan Birleşen Ştatlara bosgun gelmegini gadagan etmek, esasan musulmanlardan durýan ýedi ýurtdan Amerika edilýän saparlary wagtlaýyn togtatmak baradaky täze buýruklarynyň yz ýanyna gabat geldi.

"Dünýä ýüzündäki bosgunlaryň we migrantlaryň kömege mätäçligi hiç wagt şu günki ýaly uly bolmandy we ABŞ-nyň gaýtadan ýerleşdirmek programmasy dünýädäki iň bir wajyp programmalaryň biri bolup durýar" diýip, BMG-niň düýbi Ženewada ýerleşýän agentlikleri özleriniň 28-nji ýanwarda bilelikde ýaýradan beýannamalarynda aýdýarlar.

BMG-niň agentlikleri ABŞ-nyň bosgunlary kabul etmek syýasaty «dünýäniň iň bir goragsyz adamlarynyň janyny halas etdi we olar öz täze gelen ýerleriniň baýlaşmagyna we güýçlenmegine goşant goşdular» diýdi.

Agentlikler özleriniň ABŞ konfliktden we ýanalmalardan gaçýan adamlary goramak boýunça öňden gelýän däbini saklar we bu ugurdaky güýçli liderlik roluny dowam etdirer diýip umyt edýändiklerini bellediler.

BMG-niň Bosgunlar edarasynyň programmasy esasynda oktýabr bilen ýyl ahyry arasynda ABŞ-da iň bir goraga mätäç adamlaryň 25 müň çemesi gaýtadan ýerleşdirildi diýip, agentlik geçen hepde aýtdy.

XS
SM
MD
LG