Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Harytlar soňky iki aýda ortaça 50% gymmatlady


Aşgabatdaky söwda nokatlarynyň biri
Aşgabatdaky söwda nokatlarynyň biri

Aşgabadyň bazarlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk we senagat harytlarynyň bahasy soňky iki aýda ortaça 50% gymmatlady.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň aýtmagyna görä, bu gymmatlama ýerli we daşary ýurt önümlerine degişli bolup, olaryň arasynda süýt-gatyk, bag-bakça, süýji-köke önümleri we gap-gaç ýuwujy serişdeler bar.

Meselem, Russiýada we Gazagystanda öndürilen “bio” diýlip atlandyrylýan smetana, ýagny gaýmak önümleri öň 10 manatdan satylan bolsa, indi 13-15 manada barabar. Öň 10 manatdan satylan tworog önümleri indi 13-16 manatdan satylýar.

Türkmenistanda döwlet ýa-da hususy eýeçilikdäki firmalar tarapyndan öndürilýän süýt-gatyk önümleri hem gymmatlady. Şu ýylyň başynda 200 gram gaýmagy 3 manada satyn alyp bolan bolsa, indi ol 5 manada durýar. Ýerli peýnir önümleriniň 200 gramy ortaça 4 manatdan satylan bolsa, ol indi 7-8 manada barabar boldy. Öň 1 kilogram towuk eti 8-10 manat aralygynda satylypdy, häzir 18-20 manat aralygynda satylýar.

Çäklendirmeleriň netijesi

Mundanam başga, durmuş hajatlary üçin ulanylýan Türkiýede ýa-da Russiýada öndürilen salfetka önümleriniň bahasy hem şu ýylyň başynda 3 manada barabar bolsa, häzir olaryň bahasy 9-12 manat aralygynda durýar. Öň 4-7 manat aralygynda satylýan diş ýuwulýan pastalaryň bahasy häzir hiline görä 12-17 manatdan satylýar.

Şol bir wagtda, diňe Aşgabatda däl, Türkmenistanyň ähli welaýatdyr şäherlerinde iň gyt harytlaryň birine öwrülen şekeriň hem gant görnüşiniň 1 kilogramy mundan iki aý çemesi öň 4-5 manada satylan bolsa, indi 8-10 manada alyp bolýar. Ýatladyp geçsek, şeker geçen ýylyň dekabr aýynyň ahyryndan bäri ne döwlet eýeçiligindäki, ne-de hususy eýeçilikdäki dükanlarda satylýar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we metbugat serişdeleri ýurtda harytlaryň gymmatlamagy we onuň sebäpleri barada ilat köpçüligine düşündiriş ýa-da maglumat bermeýärler.

Emma “Mir bazarynda” söwda-satyk bilen meşgullanýan söwdagärleriň käbirleri munuň sebäplerini ýurtda dollaryň satuwynyň ýatyrylmagy we telekeçilere girizilen çäklendirmeler bilen düşündirýärler.

“Häzir ýurtda ýanyň bilen alyp gidip bolýan pula, daşary ýurtlarda ulanylyp bolýan plastik kartlaryň sanyna, ondan bir gije-gündiziň dowamynda alyp bolýan puluň möçberine çäklendirmeler girizildi. Firmaňdaky puly konwertasiýa etmäge-de käbir çäklendirmeler girizildi. Bularyň hemmesi orta söwdagärleriň biznesini çäklendirdi” diýip, “Mir bazarynda” azyk we senagat harytlaryny satýan söwda dükanynyň eýesi gürrüň berdi.

Lomaý harydy ‘elden satyn almaly bolýarys’

Onuň sözüne görä, häzirki wagt daşary ýurtlardan harytlary Senagatçylar we telekeçiler birleşigine agza diňe sanlyja firma getirip bilýär. Paýtagtyň bazarlaryndaky söwdagärler hem şol firmalar tarapyndan lomaý görnüşde satylýan harytlary elden satyn almaga mejbur bolýarlar.

“Biz lomaý satyn alan harytlarymyzyň üstüne, özüme girdeji bolar ýaly, ujypsyzja goşup satmaly bolýarys. Bazar administrasiýasy nyrhlary saklamaga synanyşsa-da, biz özümize gazanç bolmasa, söwda edenimiziň peýdasy ýok” diýip, “Mir bazarynda” işleýän söwdagär aýtdy.

Türkmenistanda azyk harytlarynyň bahasy soňky bir ýylyň dowamynda yzly-yzyna gymmatlap gelýär. Şu ýylyň ýanwar aýynyň başyndan ýurtda býujet işgärleriniň aýlyklary, studentleriň stipendiýalary, pensiýalar we beýleki sosial tölegler 10% artdyryldy. Şol bir wagtda, azyk we senagat önümleriniň bahasy bolsa, ortaça 100% ýokarlandy.

XS
SM
MD
LG