Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

B.Şyhmyradowyň ýakynlary onuň ölendigine şübhelenýär


Boris Şyhmyradow
Boris Şyhmyradow

Adam Hukuklary boýunça Türkmen Inisiatiwasy toparynyň we Türkmenistanyň Garaşsyz ýuristleriniň Assosasiýasynyň bilelikde geçiren derňewiniň netijesinde, Türkmenistanyň ozalky daşary işler ministri, 2002-nji ýylda öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy diýilýäninde aýyplanyp, tussag edilen Boris Şyhmyradowyň Nyýazow döwründe atylyp öldürilendigi öňe sürülýär.

Ýeri gelende ýatlatsak, “Sanjar wakalary” diýip bilinýän bu hadysanyň netijesinde, Boris Şyhmyradowyň we onuň egindeşi diýlen we şol wakada oňa kömek etdi diýlen aýyplama bilen uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilen onlarça adamyň ykbaly häzirki güne çenli nämälim bolmagyna galýar.

Emma geçen hepdäniň ahyrynda çap bolan, Türkmen Inisiatiwasy toparynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatulliniň we ady agzalmadyk başga-da iki çeşmäniň görkezmelerine salgylanýan derňew işinde B.Şyhmyradowyň, başga-da birnäçe türkmen resmisiniň 2003-2005-nji ýyllar aralygynda Türkmenbaşy şäherindäki “BL-T/5” türmesinde öldürilendigi bellenilýär.

Şol bir wagtda, bu maglumatlary beýleki garaşsyz çeşmelere tassyklatmak başartmady. Ýokarda-da belläp geçişimiz ýaly, Türkmenistanyň hökümeti agzalan adamlaryň ykbaly barada 15 ýyla golaý wagt bäri açyk maglumat bermän gelýär we ýurtda adamlaryň zor bilen ýitirim edilmegi ýaly wakalaryň asla ýokdugyny aýdýar.

Bu aralykda, Boris Şyhmyradowyň ogly Baýram Şyhmyradow derňewde öňe sürülýänleriň diňe bir wersiýa bolup durýandygyny aýdyp, özündäki bar maglumatlaryň muňa güwä geçmeýändigini hem belleýär.

“Men [derňewdäki öňe sürülýänler bilen] ylalaşyp biljek däl. Men, elbetde, kakama näme bolandygyny bilesim gelýär. Dogry, bu daşyndan meniň ynanasym gelýän zady hakykat edip görkezmek isleýändigim ýaly görünýän bolmagy hem mümkin. Emma häzir munuň isleg-hyýal bilen hiç hili dahyly bolman, eýse bu bizdäki bar bolan maglumatlaryň analizine esaslanýar” diýip, Baýram Şyhmyradow Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Baýram wakalaryň derňewde aýdylyşy ýaly özgeren bolmagynyň gaty ähtimaldygyny, emma muny ynam bilen aýtmak üçin ýeterlik delilleriň ýokdugyny nygtaýar. Ol bu işi yzarlaýan we özüniň söhbetdeş bolan amerikaly we russiýaly ýokary derejeli resmileriň-de anyk bir zady aýdyp bilmeýändiklerini belleýär.

Baýram eger-de “Sanjar wakalary” bilen ilteşikli tussag edilenleriň Nyýazow döwründe öldürilendigi çyn bolsa, onda häzirki ýurt baştutany G. Berdimuhamedowyň ‘bu agyr mirasy’ öňki režimiň üstüne atyp, öz başyndan sowmaga mümkinçiliginiň bolandygyny aýdýar.

“Onda [Gurbanguly Berdimuhamedowda] prezident bolandan soň, Nyýazowyň öňki janpenasy general Akmyrat Rejebowyň tussag edilmegi bilen, öňki režimiň ähli etmişlerini anyk-anyk adamlaryň üstüne atyp, taryhyň täze sahypasyny başlatmagy üçin gowy mümkinçiligi bardy. Emma bu edilmedi” diýip, Baýram Şyhmyradow belledi.

Galyberse-de, 2007-nji ýylyň awgust aýynda düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän Kolumbiýa Uniwersitetinde eden çykyşynda prezident Berdimuhamedow Şyhmyradowyň ykbaly barada berlen bir soraga özüniň ýaş prezidentdigini, emma şol tussaglaryň diridigine ynanýandygyny aýdypdy.

Sözümiziň ahyrynda jemlesek, adam hukuklaryny goraýjy halkara toparlary türkmen türmelerinde, şol sanda “Sanjar wakalary” bilen ilteşikli ýitirim edilenleriň ykballary bilen bagly ýörite kampaniýa alyp barýarlar.

XS
SM
MD
LG