Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Balkanly kärendeçiler hasyl puluny 'doly nagtlaşdyryp bilmeýär'


Illýustrasiýa

Türkmenistanyň Balkan welaýatyndaky kärendeçileriň döwlet harmanyna tabşyran galla hasyly üçin, öz plastik kartlaryna geçirilen puly nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýändigi habar berilýär.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri bilen habarlaşan 10-dan gowrak balkanly kärendeçiniň aýtmagyna görä, Serdar (Gyzylarbat) we Bereket (Gazanjyk) etraplaryndaky bankomatlardan kärendeçileriň her biri günde diňe 300 manady nagtlaşdyryp bilýärler. Bankomatlaryň käbirlerinde bolsa, asla nagt pul tapdyrmaýar.

“Döwlete tabşyran bugdaý hasylymyz üçin tölegler plastik kartlara geçirilse-de, bankomatlaryň öňünde bir-iki sagat nobata duranyňdan soň, olardan her gün 300 manatdan köp puly nagtlaşdyryp bolanok. Ortaça 4 gektar ýerimden alan hasylym üçin berlen 3000 manady almak üçin, indi bir hepde bäri bankomatlaryň bar ýerine gatnaýaryn. Iň kösençli ýerem, şu gün baryp 300 manat alyp gaýdan bankomadyňda, ertir barsaň hiç hili pul ýok. Sebäbi bankomatlardaky pul örän çäkli. Ondan her gün ortaça 15 adam pul alyp bilýär” diýip, Serdar etrabyndan özüni Aman diýip tanyşdyran 55 ýaşyndaky kärendeçi aýtdy.

Ol kärendeçileriň öz bir ýyllap çeken zähmetiniň puluny almak üçin azyndan on gün bankomatlaryň bar nokatlaryna, hatda beýleki etraplara ýa-da welaýat merkezi Balkanabat şäherine aýlanýandygyny gürrüň berdi.

Balkanly kärendeçiler özleriniň puly nagtlaşdyrmakda başdan geçirýän kynçylyklary barada Türkmenistanyň Daýhan bankynyň ýerli şahamçalary bilen habarlaşanda, olar munuň sebäplerini özlerine ugradylýan nagt puluň möçberiniň örän çäklidigi bilen düşündiripdirler.

“Daýhan bankyň işgärleri ‘bizden öýke-kine etmäň, biz her gün bankomatlara merkezden ugradylan möçberdäki puly ýerleşdirýäris. Ondan köp pul goýmaga bizde-de mümkinçilik ýok’ diýip jogap berdiler” diýip, balkanly kärendeçi Aman aýdýar.

Ýatladyp geçsek, Türkmenistanda 7-nji iýunda Balkan, Ahal, Mary, Lebap welaýatlarynda we 14-nji iýunda Daşoguz welaýatynda galla oragyna başlandy. Şonda türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow kärendeçi gallaçylar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda, bökdençsiz geçirmek hakynda görkezme berdi.

Häzirki wagt daýhanlaryň öz plastik kartlaryna geçirilen puly nagtlaşdyrmakda başdan geçirýän kynçylyklary we onuň sebäpleri barada ne türkmen häkimiýetleri, ne-de media serişdeleri ilat köpçüligine maglumat ýa-da düşündiriş berýärler. Bu barada Azatlyk Radiosyna Balkan welaýatynyň degişli etrap häkimliklerinden hem maglumat almak başartmady.

Emma balkanly kärendeçi daýhanlar özleriniň ýyl boýunça başga hiç hili girdejisiniň ýokdugyny aýdyp, puly nagtlaşdyrmakda başdan geçirýän bökdençlikleriniň özlerine ýaramaz täsir ýetirýändigini, üstesine-de, ýylboýy dogan-garyndaşlaryndan alan karzyny öz wagtynda tölemekde-de kynçylyk çekýändiklerini aýdýarlar.

Ýatladyp geçsek, Türkmenistanyň käbir welaýatlarynda daýhanlaryň döwlet harmanyna tabşyrýan hasyly üçin tölegleri plastik kartlaryna geçirmek düzgüni käbir regionlarda geçen ýyl, käbirinde bolsa mundan iki ýyl çemesi ozal ýola goýuldy.

2016-njy ýylyň güýzünde Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky çeşmeleri bu welaýatdaky daýhanlara döwlet banklaryndan plastik kartlaryny almak tabşyrylsa-da, soňra bu tabşyrygyň goýbolsun edilendigini habar beripdiler.

Bu aralykda, daýhanlaryň öz plastik kartlaryndaky puly nagtlaşdyrmakdaky kynçylyklary ýurtda döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärleriň, şol sanda mugallymlaryň we lukmanlaryň zähmet haklarynyň indi birnäçe aý bäri wagtynda berilmeýändigi baradaky maglumatlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Halkara ekspertleriniň we ýerli synçylaryň ençemesi dünýäde energiýa bahalarynyň aşaklamagy netijesinde, Türkmenistanyň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigini we munuň oba-hojalyk pudagyna hem öz täsirini ýetirýändigini aýdýarlar.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG