Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Çilimiň söwdasyna ýörite gulluklar gözegçilik edýär


Aşgabadyň döwlete degişli dükanlarynyň käbirinde her bir adama günde diňe bir guty çilim satylyp başlandy. Illýustrasiýa suraty
Aşgabadyň döwlete degişli dükanlarynyň käbirinde her bir adama günde diňe bir guty çilim satylyp başlandy. Illýustrasiýa suraty

Iki aýa golaý arakesmeden soň, Aşgabadyň döwlet eýeçiligindäki dükanlarynyň käbirinde çilimiň çäkli möçberde gaýtadan satylyp başlanandygy we oňa ýörite gulluklaryň işgärleri tarapyndan gözegçilik edilýändigi habar berilýär.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky çeşmeleri 21-nji iýundan başlap, Aşgabadyň döwlet dükanlarynda 25 manatdan satuwa çykarylan bir guty çilimi almak üçin, her gün irden 150-200 adamdan ybarat nobatlaryň emele gelýändigini, emma olaryň diňe ýarysynyň diýen ýaly çilimli öýlerine dolanýandygyny aýdýarlar.

“‘Türkmenbakaleýa’ söwda edarasynyň 3-nji dükanynda şu gün irden orta hasap bilen sagat 7-den işländen, eýýäm sagat 8-e çenli 200 adam nobata durdy. Ýöne şol nobata duranlardan 90-100 adam 1 guty çilim almaga ýetişdi. Sebäbi çilim göni 55 minut satylandan soňra, onuň söwdasynyň bes edilýändigini söwda dükanynyň satyjylary ýa-da müdiri däl-de, eýse, şoňa gözegçilik edip duran polisiýa işgärleri aýtdylar. Olar adamlara ‘ertir geliň. Bu gün dükanda çilim satmak gadagan edilýär’ diýdiler” diýip, ýerli synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýtdy.

Ol çilim satyn alyp bilmedik raýatlar öz ýanyndan nägile bolsalar-da, olaryň öz arz-şikaýatlaryny aç-açan aýdyp bilmeýändigini belläp, nägilelik bildirýan adamlaryň "jemgyýetçilik düzgünini bozdy" diýlip, degişli polisiýa departamentlerine alnyp gidilýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Galyberse-de, synçy Bugaýew Köşi sebitindäki 20-nji dükanyň, şäheriň “Gülşat” we “Şeker” magazinleriniň, “Türkmenbakaleýa” söwda edarasyna degişli 3-nji we 79-njy dükanlaryň her birinde çilimiň söwdasyna polisiýa işgärlerinden, harby institutyň kursantlaryndan, ýagny studentlerinden, şeýle-de, ýörite gulluklaryň we häkimlikleriň wekillerinden ybarat azyndan 10-12 adamyň gözegçilik edýändigini aýtdy.

Ýene-de bellemeli ýeri, dükanlaryň diňe arka tarapyndaky gapysyndan satylýan çilimiň söwdasyna ýörite oturdylan wideo kameralar arkaly hem gözegçilik edilýär. Synçy Bugaýewiň käbir polisiýa işgärlerine salgylanyp aýtmagyna görä, bu kameralar çilim söwdasynda dawa-jenjel turuzýanlaryň ýa-da ikinji gezek çilim aljak bolýanlaryň kimdigini anyklamak üçin ýerleşdirilipdir.

Mundan öň, Aşgabadyň döwlete degişli dükanlarynda iň soňky gezek çilim şu ýylyň aprel aýynyň 29-na satylypdy. Şondan soň, çilimiň hususy dükanlarda hem barha gytalmagy netijesinde, iň arzan çilimiň bir gutusynyň bahasy 70 manada ýetipdi.

Ýatladyp geçsek, Türkmenistanda geçen ýylyň martynda ýurda temmäki önümlerini getirmegiň we satmagyň ähli ygtyýarlygy diňe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine berleni bäri, döwlete degişli dükanlarda çilim käte satuwa çykarylsa, käte ýitirim bolýar.

Hususy eýeçilikdäki dükanlarda çilimiň söwdasy tas doly diýen ýaly gadagan edilendigine garamazdan, dürli temmäki önümleri, şol sanda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi arkaly ýurda getirilýän çilimler aç-açan diýen ýaly satylýar. Bu dükanlaryň nähili görnüşde çilim bilen üpjün edilýändigini anyklamak başartmasa-da, bu ýerdäki çilimler döwlet dükanyndaky nyrhdan iki esse gymmada, ýagny 50 manatdan satylýar.

Edil häzirki wagtda döwlet dükanlarynda çilimiň gaýtadan satuwa çykarylmagy we onuň sebäpleri, şeýle-de döwlet dükanlarynyň öňünde emele gelen nobatlar dogrusynda ne türkmen häkimiýetleri, ne-de media serişdeleri ilat köpçüligine maglumat berýärler.

Türkmenistan 2011-nji ýylyň maýynda Bütindünýä Saglyk guramasynyň “Temmäkä garşy göreşmek” boýunça çarçuwaly konwensiýasyna goşulany bäri, ýurtda temmäkä garşy göreş güýçlendirdi.

Şu ýylyň 14-nji martynda bolsa, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreş boýunça çarçuwaly konwensiýasyny durmuşa geçirmegiň 2017-2021-nji ýyllar üçin, Milli maksatnamasyny taýýarlamak hakyndaky” karara gol çekdi.

XS
SM
MD
LG