Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Puşkin” mekdebiniň işgärlerine Russiýadan ugradylan aýlyklary berilmeýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Aşgabatda Russiýa Federasiýasy tarapyndan maliýeleşdirilýän Puşkin adyndaky orta mekdebiň 300-e golaý işgäriniň, şol sanda mugallymlarynyň öz bank hasaplaryna ugradylan pullary almakda kynçylyk çekýändigi habar berilýär.

Bu mekdebiň ondan gowrak mugallymynyň Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmelerine aýtmagyna görä, olar indi 20 günden gowrak wagt bäri öz aýlyklaryny almak üçin, Türkmenbaşy şaýoly bilen “10 ýyl abadançylyk” köçesiniň çatrygynyň günorta-günbatar tarapynda ýerleşýän, golaýda “Senagat” banka birikdirilen öňki “Garagum” bankynyň şahamçasyna gatnaýarlar, emma aýlyklaryny alyp bilmän, yzlaryna boş gaýdýarlar.

“Her gün irden garynja gatnawyny edýäris. Indi iýun aýynyň ahyryna ýetdik. Ýöne henize çenli maý aýynyň aýlygyny alyp bilemizok. Hatda maý aýynyň ahyrynda zähmet rugsadyna çykýan mugallymlaryň-da öňünden iki aýlyk zähmet haklary ugradyldy. Olaram aýlyklaryny alyp bilmändigi üçin, dynç alşa çykyp bilenoklar” diýip, Puşkin adyndaky mekdebiň bir mugallymy aýtdy.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň agzalmazlygyny soran bu mugallym Russiýadan Türkmenistandaky bank hasaplaryna ugradylan aýlyklarynyň berilmezliginiň sebäpleri barada, ýokary derejeli bank resmilerinden maglumat alyp bolmaýandygyny, emma müşderiler bilen iş salyşýan orta derejeli bank işgärleriniň bu ýagdaýy ýurduň Merkezi bankynda daşary ýurt walýutasynyň ýetmezçilik etmegi bilen düşündirýändigini gürrüň berdi.

“Bankyň işgärleri bize ‘Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky ylalaşyga laýyklykda, Russiýa Puşkin adyndaky mekdebiň işgärleri üçin, zähmet haklaryny rus rublynda ugradýar. Türkmenistan hökümeti hem şol ylalaşyga laýyklykda, ýurduň Merkezi bankynda kesgitlenen kursa görä, ony amerikan dollaryna öwrüp işgärlere bermeli. Russiýa Federasiýasy öz borçlaryny doly berjaý etse-de, häzirki wagt bize Merkezi bankdan ýeterlik dollar ugradylmaýar. ‘Bize dollar wagtynda gelse, bizem gijä goýman size berjek’ diýýärler-de, kassalaryň äpişgelerini ýapyp gidýärler. Äpişgeleri deprek ýaly kaksaňam, mundan artykmaç jogap alyp bolanok” diýip, mugallym zeýrenýär.

Aýdylmagyna görä, “Senagat” bankyň şahamçasyna Türkmenistanyň Merkezi bankyndan ugradylýan daşary ýurt walýutasy arkaly her gün diňe 10 çemesi adam bilen hasaplaşyk geçirmäge mümkinçilik döreýär.

Emma bu ýerde daşary ýurtlardan ugradylan aýlyklaryny alyp bilmän kösenýänleriň arasynda diňe Puşkin adyndaky rus mekdebiniň işgärleriniň däl, beýleki daşary ýurt guramalarynda ýa-da döwlet edaralarynda dollara işleýän onlarça adamyň hem bardygy aýdylýar.

Azatlyk Radiosy bu mesele dogrusynda Türkmenistanyň Merkezi banky we häzirki wagt “Senagat” banka birikdirilen öňki “Garagum” bankyň şahamçasy bilen telefon arkaly habarlaşanda, olar bu barada kommentariý bermekden saklandylar. Bu barada türkmen media serişdelerinde hem ilat köpçüligine haýsydyr bir maglumat berilmeýär.

Emma Puşkin adyndaky mekdebiň işgärleri bu ýagdaýyň indi iki aý bäri dowam edýändigini, aprel aýynyň aýlygyny almakçy bolanlarynda-da, hut şunuň ýaly ýagdaýy başdan geçirendiklerini we zähmet haklaryny berilmeli möhletinden tas bir aý soň alandyklaryny aýdýarlar.

Soňky aýlarda Türkmenistanda nagt pul dolanyşygynyň barha azalýandygy, döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärleriň aýlyklarynyň öz wagtynda berilmeýändigi ýa-da olaryň plastik kartlaryna ugradylan pullaryny nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýändigi habar berilýär.

Halkara ekspertleriniň we ýerli synçylaryň ençemesi dünýäde energiýa serişdeleriniň bahasynyň aşaklamagy netijesinde, häzirki wagt Türkmenistanyň öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigini aýdýarlar.

Şol bir wagtda, Türkmenistan bu ykdysady kynçylyklaryň fonunda, şu ýylyň sentýabr aýynda, Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlaryna gabatlap, ýörite olimpiýa şäherçesini we dünýäniň iň gymmatbaha aeroportlarynyň birini gurdy. Türkmenistan bu gurluşyklar üçin, 8 milliard amerikan dollaryna golaý maliýe serişdesini harçlady.

XS
SM
MD
LG