Sepleriň elýeterliligi

Täze etrapçadaky awtoulagly ýaşaýjylara rahatlyk ýok


Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri.

Şu ýylyň 26-njy Iýulynda, gije sagat 22-den soňra Aşgabadyň döwlet ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri tarapyndan Parahat-7, Parahat-8 etrapçalarynyň ýaşaýjylarynyň awtoulaglaryny zorluk bilen etrapçadan 3 kilometre golaý uzaklykdaky awtoduralga ugradyp başladylar.

“Ulagy bolan ýaşaýjylara şol günden bäri rahatlyk ýok. Nämemiş, ulagyňy ýaşaýyş jaýlarynyň arasynda goýmaly dälmiş” diýip, bu etrapçanyň 65 ýaşly ýaşaýjysy Ata aga aýdýar. Onuň sözüne görä, her gün agşam sagat 22-00-töweregi şol bir çasly ses bilen ýol gözegçilik gullugy etrapçanyň içine aýlanýarlar.

“Eýýäm öwrenişäýmeli ýaly bolsa-da, çasly ses çykanda endam-janyň jümşüldäp gidýär. Ýarawsyz ýatan adamlara, ukuda ýatan ýaş çagalara bu çasly ses juda ýakymsyz bolup eşidilýär. Sallançakdaky çagalar tisginip oýanyp, gözüni depesine dikip ýatyrlar” diýip, Ata aga sözüne goşýar.

“Ýaşaýjylar uzak aralyga awtoulaglaryny äkitmäge höwesek däl, ýöne awtoinspeksiýanyň işgärleriniň geljekdigine, ilata rahatlyk bermejekdigine gözleri ýetse-de, her kim aýak ulagyny öýüniň golaýragynda saklajak bolýar.

Bu çäräni ýerine ýetirmekde diňe bir ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri däl, polisiýanyň uçastok inspektorlaryndan düzülen brigada hem ýaşaýyş jaýlarynyň daş-töwereginde aýlanşyp, awtoinspeksiýanyň işgärlerine kömek edilýändigini ýaşaýjylar aýdýarlar.

Awtoinspeksiýanyň işgärleri awtoulaglary aýyrdyp gidýärlerem welin, bir sellemden ýaşaýjylar awtoulaglaryny yzyna alyp gelýärler.

“Muny gören polisiýa işgärleri dessine awtoinspeksiýanyň işgärlerine telefon bilen habar berýärler. Olar wagty-biwagt diýmän, awtoulaglarynyň çasly sesi bilen gaýtadan gelýärler.

Kiçi etrapçanyň içi bolýar bir başagaýlyk, ýaşaýjylar ne wagtynda ýatyp bilýärler, ne-de bir oturyp dem-dynç alýarlar” diýip, Ata aga janygýar.

Şol bir wagtda-da awtoulagyny jaýlaryň arasyndan aýyrmak çäresiniň hemme ýaşaýjylar üçin deň däldigi hem aýdýarlar. Beýleki ýaşaýjylar başagaý edilip duran halatynda organda işleýän ýaşaýjylaryň awtoulaglaryna degilmeýändigine, olaryň öz awtoulaglaryny göz-görtele jaýlaryň öňünde goýup, arkaýyn bolýandyklaryna ýaşaýjylar ünsi çekýär.

Awtoduralgada goýulmadyk awtoulagyň belgisini goparyp alanlaryndan soňra bir ýaşaýjy bilen awtoinspektorlaryň arasynda uruş-sögüş bolandygy barada hem maglumat bar.

Awtoulag belgisini goparyp alanlarynda, ony yzyna almak üçin garşylyk görkezen ýaşaýjyny polisiýa işgärleriniň kömegi bilen polisiýa bölümine alynyp gidilendigini ýaşaýjylar aýdýarlar.

Şeýle çaknyşyklardan soňra Parahat-7 etrapçasynyň golaýyndaky Etalon merkezine ýanaşyk ýerden awtoduralga üçin ýaşaýjylara ýer bellenipdir.

Emma ol ýer ne kadaly tekizlenipdir, ne-de yşyklandyrlypdyr, oňa entek gözegçi-de bellenipdir. Şeýle-de bolsa, giden bir boş meýdanda awtoulagyňy taşlap gaýtmaga mejbur edýärler. Şeýle ýagdaýda goýulan awtoulaglaryň gapylarynyň çyzylýan, tigirleriniň goparylyp alynýan faktlarynyň bardygyny ýaşaýjylardan eşitmek bolýar.

Ol ýerde awtoulagny goýasy gelmeýän ýaşaýjylaryň köpüsi jaýlaryň aralarynda goýan öz awtoulaglarynyň belgisini özleri goparyp, öýlerinde goýýarlar. “Onda-da awtoulagyňdan rahatlanyp bolanok, häli-şindi baryp aýlanyp gaýtmaly bolýar. Bize görkezilen meýdançada awtoulagyňy goýsaňam dynmak ýok. Gije ýatman awtoulagymyzyň daşyndan aýlanyp ýörüs. Indi 10 gün bäri biziň etrapçamyzdaky ulagly adamlara rahatlyk ýok” ýaşaýjylar nygtaýarlar.

Azatlyk Radiosyna paýtagtyň Parahat-7 we Parahat-8 etrapçalarynyň ýerli häkimliginden ýa-da Içeri işler bölüminden bu ýagdaý barada kommentraiý almak başartmady.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG