Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ispaniýanyň häkimiýetleri 13 adamy öldüren hüjümçini gözleýärler


Barselonanyň Las Ramblas köçesinde, 17-nji awgust, 2017
Barselonanyň Las Ramblas köçesinde, 17-nji awgust, 2017

Ispaniýanyň häkimiýetleri Barselonada märekäniň üstüne awtoulag sürüp, 13 adamy öldüren we gaçyp gutulan yslamçy söweşiji bolmakda güman edilýän adamy tapmak üçin terrora garşy uly göwrümli operasiýa geçirýärler.

Polisiýanyň aýtmagyna görä, hüjümi amala aşyrmakda güman edilýän üçünji adam 18-nji awgustda tussag edilipdir. Emma onuň ulagyň sürüjisi bolup-bolmandygy nämälim galýar.

Polisiýanyň bu hüjümiň jogapkärlerini gözleýän wagtynda Barselonadan günorta tarapda ýerleşýän Kambrils şäherinde partlaýjyly guşaklaryny partlatmaga synanyşan ýene bäş sany hüjümçi atylyp öldürildi.

Kambrilisdäki hüjümde alty sany raýat we bir polisiýa ofiseri ýaralandy. Polisiýa bu wakanyň Barselonadaky hüjüm bilen ilteşiklidigini aýtdy.

“Yslam döwleti” topary Barselonanyň iň meşhur köçeleriniň biri bolan Las Ramblasdaky hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Hüjüm zerarly wepat bolan we ýaralanan adamlaryň arasynda 24 ýurduň raýatlary bar diýip, häkimiýetler 18-nji awgustda aýtdylar.

XS
SM
MD
LG