Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Netanýahu Putine Eýranyň Siriýadaky güýjeýän gatnaşygynyň dünýä howp salýandygyny aýdýar


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu (Benjamin Netanyahu)
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu (Benjamin Netanyahu)

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine Eýranyň Siriýadaky barha güýjeýän gatnaşygynyň “Ysraýyla, Ýakyn Gündogara we tutuş dünýä wehim salýandygyny” aýtdy.

“Jenap prezident, biz Yslam döwletini ýeňmek üçin bilelikde tagalla edýäris. Bu örän wajyp. Ýöne erbet tarapy, ýeňlen Yslam döwleti toparynyň sumat bolan ýerlerine Eýran sokulýar” diýip, Netanýahu 23-nji awgustda Gara deňziň kurort şäheri Soçide Putin bilen geçiren duşuşygynda aýtdy.

“Eýranyň her gün Ysraýyla ‘ýumrup ýok etmek’ haýbatyny atýandygyny biz ýekeje minut hem ýatdan çykaryp bilmeris” diýip, premýer-ministr sözüniň üstüni ýetirdi: “ [Eýran] terror guramalaryny ýaraglandyrýar, ol terrora hemaýat edip, oňa badalga berýär”.

Netanýahu: “Eýranyň Yragy, Ýemeni dolandyrmak ugrunda alyp barýan işleri “ugruna” barýar, şeýle-de ol belli bir derejede Liwany iş ýüzünde bireýýäm dolandyrýar” diýip, sözüni dowam etdi.

Ysraýylly resmiler Moskwa bilen Waşingtonyň arasyndaky dartgynlyga garamazdan, Siriýada Tähranyň güýçlenmejekdigine güwä geçjek geleşiklere gelmekde, Orsýet bilen Birleşen Ştatlaryň hyzmatdaşlyk etmelidigini Netanýahu Putine aýdyp biler diýýärler.

Orsýet bilen Eýran Siriýadaky alty ýyla çeken raýat urşunda ýaragly gozgalaňçylara garşy ýurduň prezidenti Başar al-Assady goldaýar.

Ýewreý döwletiniň araçäklerinde Eýranyň harby taýdan güýçlenjek bolýandygy barada Netanýahunyň eden yzygiderli çykyşlaryna Ysraýylyň hemmeler tarapyndan ykrar edilen duşmany Eýran jogap bermän gelýär.

Ýakynda Ysraýylyň mediasy Eýranyň Siriýada we Liwanda gurmaga ýardam berýändigi aýdylýan ýarag zawodlarynyň kosmosdan düşürilen suratlaryny ýaýratdy.

Putin bilen geçirilen duşuşygyň öňüsyrasynda Netanýahu 2015-nji ýylda Tähran bilen dünýäniň güýçli döwletleriniň arasynda geçirilen ýadro gepleşiklerinden soňra “Eýranyň agressiýasynyň gowşamandygyny” aýtdy. Gürrüňi edilýän gepleşikler Eýran yslam respublikasyna garşy girizilen sanksiýalaryň gowşadylmagynda özüniň ýadro programmasyny togtadypdy.

Soçidäki duşuşyk iki ýurduň liderleriniň arasynda 2015-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri geçirilen altynjy duşuşykdyr. Ysraýylyň Mossad aňtaw agentliginiň başlygy Ýossi Kohen bilen Netanýahunyň täze bellän milli howpsuzlyk ýolbaşçysy Meýr Ben-Şabbatyň hem Soçide Putin bilen geçirilýän duşuşyga gatnaşmaklaryna garaşylýardy.

Ysraýylly resmiler Orsýet bilen Birleşen Ştatlaryň golaýda günorta-günbatar Siriýada ok atyşygy bes etmegi yglan etmeklerine Netanýahunyň garşy çykýandygyny, sebäbi premýer-ministriň bu çäräniň Eýranyň we onuň ýarany “Hizbulla” jeňçileriniň Siriýada işjeň ornaşmaklaryna mümkinçilik döretjekdigine ynanýandygyny aýdýarlar.

Orsýet bilen Birleşen Ştatlary ok atyşygy bes etdirmek bilen özleriniň Ysraýylyň bähbitlerini gorandyklaryny aýdýarlar.

Ysraýylyň öz aralaryndan başga meselelere gümra Moskwa bilen Waşingtonyň ok atyşygy bes etmek boýunça kiçi göwrümli ylalaşyk bilen çäklenip, orslar hem-de amerikanlar Siriýada raýat urşunyň soňlandyrylmagy bilen onuň uruşdan soň nähili şekillendiriljekdigi dogrusynda, giň gerimli çäreleri kesgitlemezler diýip aladalanýandygyny, ysraýylly resmiler aýdýarlar.

Giň gerimli ylalaşyklaryň ýoklugynda, Eýranyň “Yslam Rewolýusiýasynyň goragçylary” korpusynyň Siriýa getiren “Hizbulla” we şaýy jeňçilerine, umuman Eýrana Siriýadaky öz güýç gatnaşyklaryny ornaşdyrmak aňsatlaşar diýip, resmiler aýdýarlar.

Graždan urşunyň tamamlanmagy bilen Siriýada siriýalylardan başgalaryň ýurdy terk etmelidigine, muňa bolsa Orsýet bilen Birleşen Ştatlaryň güwä geçmelidigine ynanýandygyny resmiler aýdýarlar.

Putin bilen Netanýahunyň arasynda geçirilen ozalky duşuşyklarda bolşy ýaly, Orsýet bilen Eýranyň Siriýa berýän ýaraglarynyň “Hizbullaha” gidýändiginden, Ysraýylyň aladalanýandygyny premýer-ministriň beýan etmegine garaşylýardy.

Birnäçe ýyllap Ysraýyl şuňa meňzeş pikirleri öňe sürüp gelýär, ýöne Orsýet olary yzygiderli ret edýär.

Eýran baradaky aladalardan başga, Netanýahu Putin bilen Siriýada harby çäreler boýunça hyzmatdaşlygy hem ara alyp maslahatlaşmalydy.

Orsýet bilen Ysraýyl Siriýada garaşylmadyk ýagdaýdaky çaknyşyklaryň öňüni almak üçin “gyzgyn liniýa” döredipdi.

Ysraýyl özüniň Siriýadaky konflikte çekilmeginiň öňüni aljak bolup gelýär, ýöne şol bir wagtyň özünde-de ol “Hizbullaha” güýçli ýaraglaryň üpjünçiligini togtatmak üçin, howa zarbalaryny geçirendigini hem boýun alýar.

XS
SM
MD
LG